06.09.2018 | Türkmen-awstriýa işewürler forumy - işewür Ýewropa bilen gepleşikler üçin oňaýly meýdançadyr

Şu gün Awstriýanyň paýtagtynda, “Savoýen Vienna” myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi.Oňa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň, beýleki Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Jemi türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 130-a golaýy özara bähbitleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.Wekiliýetimiziň agzalarynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara, şol sanda işewürler düzümleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berip, türkmen telekeçiligini ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär.

Awstriýa tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň wise-premýeri R.Şens hem-de şu düzümiň baş sekretary K.Kopf gutlag sözi bilen çykyş etdiler.Soňra Awstriýa Respublikasynyň Federal Ykdysady Palatasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary boýunça sebit direktory M.Angerer hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewrobrending institutynyň direktory G.Hrebiçek, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory N.Makkeýn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri bilen tanyşdyrdylar.

Işewürler maslahatynda şeýle hem Awstriýanyň Daşary işler ministrliginden, Ykdysadyýet ministrliginden, Işewürler Guramasyndan, Senagatçylar birleşmesinden jogapkär adamlar gatnaşdylar.GFR-iň Merkezi Aziýadaky işewürlik boýunça geňeşi, Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň ösüşini goldamak” taslamasy hem-de Ýewropa Bileleşiginiň “EU Project SARD III” we “Türkmenistanda oba hojalygyny we durnukly obany ösdürmäge ýardam bermek” taslamasy türkmen-awstriýa forumyna öz wekillerini ýolladylar.

Görkezilen wideofilm häzirki Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada aýdyňlyk bilen gürrüň berdi.Onda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeler öz beýanyny tapdy. Şu duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlarynyň dürli ulgamlarynda, ýokary tehnologiýalar babatda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri öwrenildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar, mundan beýläk gatnaşyklaryň geljegini seljerdiler we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki işiň anyk meýilnamalaryny bellediler.Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygyny belläp, goşulyşmagyň täze usullaryny gözlemegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler, forumyň gün tertibine girizilen teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçilikleri bellenildi.Bu wekilhana ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda baglanyşdyryjy merkez bolar, eksport-import amallarynyň hem-de özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem iki döwletiň hojalyk düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda senagat we hyzmat ediş kärhanalaryny döretmek, türkmen önümlerini Awstriýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlarynda ilerletmek üçin awstriýa kompaniýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmek boýunça türkmen telekeçileriniň öňünde goýan wezipelerini çözmek barada gürrüň edildi.

Bu işde wekiliýetleri alyşmaga, iş saparlaryny, okuwlary hem-de tanyşlyk saparlaryny guramaga, dürli ugurlar boýunça iri halkara forumlara hem-de pudaklaýyn sergilere gatnaşmaga aýratyn ähmiýet berilýär.Netijeli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady palatasy, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerinden ýakyndan ýardam berýän Awstriýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda wekilhanasy we onuň maslahatçysy möhüm orun eýeleýär.

Bularyň ählisi uzak möhletli hyzmatdaşlyga, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmaga, hususan-da, Türkmenistanda önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, azyk we beýleki önümleri öndürmek üçin iň täze enjamlary ibermäge we beýlekilere uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Forumda “Hazar balyk”, “Guş toplumy” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “Hoş zaman” we “Bereketli” hojalyk jemgyýetleri, “Beýik ýüpek ýoly” hususy kärhanasy, “Derýaplastik” ýaly iri kärhanalaryň we beýlekileriň, şol sanda syýahatçylyk firmalarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň ýolbaşçylary türkmen işewürligi bilen tanyşdyrdylar.

Biziň wekiliýetimiziň düzümine şeýle hem Türkmenistanyň ştrih kodlar boýunça milli guramasynyň, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Awtoban” we “Türkmen kaliý” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Mazari-Şarif şäherindäki (Owganystan) Söwda öýüniň wekilleri girdiler.

Awstriýanyň we Ýewropanyň kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň neşirýat ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşy “Heidelberg”, şeýle hem “Deloitte Austria”, “Engeneering Dobersek GmbH”, “Nouriwit”, “Gebr Weiss”, “Rail Cargo Austria”, “Global GAP” we beýlekiler bar.

Işewürler maslahatynda ulag we logistika, gurluşyk hem-de düzümler, senagat we oba hojalyk tehnologiýalary azyk senagaty we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň telekeçilerine ynanan taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda dag-magdan işinde we awtomobil ýollaryny gurmakda Ýewropanyň tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşykda garalan beýleki meseleleriň hatarynda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik hem-de eksporty höweslendirmek boýunça döwlet maksatnamalary bar, olara laýyklykda ýurdumyzda onlarça innowasiýa häsiýetli kärhanalaryň, şol sanda gurluşyk, himiýa, durmuş maksatly we beýleki önümleriň giň görnüşlerini ýerli çig malyň esasynda öndürýän desgalaryň onlarçasynyň; balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek we öndürmek boýunça kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda himiýa senagatynda, ýeňil senagatda, maşyngurluşygynda we beýlekilerde häzirki wagtda amala aşyrylan köpsanly taslamalar tebigy hem-de mineral çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn özleşdirilmegine gönükdirilendir.Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň esasy bölegini döwletimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynandy.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary türkmen awstriýa hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belläp, şu gezekki işewürler maslahatynyň barşynda gazanylan hem-de degişli teswirnamalarda (jemi 10-dan gowrak ikitaraplaýyn resminama) berkidilen täze ylalaşyklaryň, özara meýilleriň doly möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, himiýa senagatynda, ýük gatnawlaryny guramakda, innowasiýa häsiýetli enjamlary ibermekde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa ekologiýa taýdan arassa türkmen miwe, bakja, ozaly bilen bolsa gawun önümlerini ibermek meselesi uly gyzyklanma döretdi.

Häzirkizaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň öňdebaryjy kärhanalaryna, şol sanda maldarçylyk hem-de et-süýt önümleriniň önümçiligi, gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemek ulgamynda ýöriteleşen kärhanalara tanyşlyk saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewürler maslahatlaryny geçirmek boýunça görkezmeleri bermek bilen, şeýle çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine, dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň maýa goýum we eksport mümkinçilikleriniň görkezilmegine, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň ilerledilmegine, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hünär derejesinde hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalary üçin binýadyň goýulýandygyny aýdyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçiligine türkmen harytlaryny daşary bazarlarda, şol sanda ýewropa ugry boýunça ýerlemek we ösüş milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly ornuň degişlidigini belleýär.

Wenada geçirilen Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty bu ugurda ýene bir möhüm ädim boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-awstriýa işewürler forumy - işewür Ýewropa bilen gepleşikler üçin oňaýly meýdançadyr
01.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: söwda toplumy we telekeçilik
Owganystanda türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi