06.07.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. ... Üç sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy.

Uçaryň ýanyndaky haly ýodajygyň ugrunda hormat garawuly düzüldi.Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize duz-çörek we milli çak-çak tagamy hödürleýärler we gül gowşurýarlar.Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady.

Tatarystanyň Baştutanynyň çakylygy boýunça bu sapar amala aşyrylýar.Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazanyň merkezi böleginde esasy akademiki we okuw jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän “Ideýa” tehnoparkyna ugrady.

Tehnoparkyň düzümine işewürlik — inkubator, innowasiýa-tehnologiýa merkezi we nanotehnologiýa merkezi, şeýle hem işewürlik-seýilgähi girýär.Bu merkeziň wezipesi ylma esaslanýan başlangyçlary täjirleşdirmek ulgamyny işläp düzmekdir.Munuň üçin tehnopark degişli kompaniýalara taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähli tapgyrlarynda zerur bolan goldawy berýär hem-de taslama, tejribe — konstruktorçylyk we ylmy-gözleg işleriniň geçirilmegine ýardam berýär, işläp taýýarlaýjylaryň, senagat pudagynyň we maýadarlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna goldaw berýär.

Tehnopark 2004-nji ýylda öz işine başlap, 2007-nji ýylda özüniň amaly işi üçin býujetden pul serişdelerini sarp etmegi bes etdi, şondan üç ýyl geçenden soň bolsa ol goýlan maýa serişdeleriniň möçberi boýunça Tatarystan Respublikasy üçin özüni doly ödedi. ...

Merkezi girelgäniň ýanynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Rustam Minnihanowy Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Albert Karimow we tehnoparkyň innowasiýalar boýunça direktory Oleg Ibragimow garşyladylar we Tatarystanyň senagat mümkinçiliklerine bagyşlanan sergini synlamaga çagyrdylar.

Bu ýerde Respublikanyň esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda Türkmenistan bilen öňden bäri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýän, hususan-da, “Tatneft”, “KAMAZ” we beýleki kompaniýalar öz gazananlaryny görkezdiler. “Tatneft” kompaniýasy Türkmenistanda 2010-njy ýyldan bäri Goturdepe ýatagynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama boýunça işledi, guýulary düýpli abatlamak hem-de ýataklaryň nebit gatlaklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamanyň üstünde iş alyp bardy.

Guýularyň 38-sinde abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.Geçirilen işleriň hem-de täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde goşmaça nebit alyndy.Häzirki döwürde taraplar bu şertnamany giňeltmegiň üstünde işleýärler.

Bilelikdäki meýilnamalarda 88 guýy bar, olarda gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar.Kompaniýanyň şu sergä gatnaşmagy bolsa türkmen bazarynda öz hyzmatlaryny ilerletmek üçin oňat mümkinçilikdir. “Tatneftiň” kärhanalarynyň bitewi sergisi ekspozisiýasynyň çäklerinde Russiýanyň bazarlaryna, GDA we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän, aýna süýüminden öndürilýän önümler hem görkezildi.

Kazan şäheri Russiýanyň iri uçar gurluşyk merkezleriniň biridir.Bu ýerde uçarlaryň we dikuçarlaryň köpsanlysy taýýarlanylýar, olar raýat awiasiýasynda esasy orny eýeleýär.Sergide Kazanyň awiasiýa senagatynyň önümleri, şol sanda uçarlar, dikuçarlar hem-de uçarmansyz uçujy enjamlar görkezildi.

Kazanyň dikuçarlary çykarýan zawody Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de dikuçar parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça tekliplerini taýýarlady.Hödürlenilýän tehnikalaryň hatarynda barmasy kyn sebitlerde gaýragoýulmasyz kömegi bermek üçin ulanylýan “Ansat” lukmançylyk dikuçary hem bar.

Maşyngurluşyk we metaly gaýtadan işlemek, himiýa hem-de nebithimiýa, nebit gazyp almak, elektrik energetikasy Tatarystan Respublikasynyň möhüm senagat pudaklarydyr. Şonuň üçin hem sergide oba hojalyk tehnikasy, dürli enjamlar, awtoulaglaryň hereketlendirijileriniň ýaglarynyň, benzinleriň, tekerleriň, poslama durnukly turbalaryň we beýlekileriň nusgalary möhüm orun eýeleýär.

Kazanyň motorgurluşyk önümçilik birleşigi öz diwarlyklarynda gazturbina hereketlendirijilerini we energetiki enjamlary, gaz çykarýan serişdeler toplumyny, awtomatiki gaz paýlaýjy beketleri hem-de ýangyç energetik toplumy üçin dürli tehnologiki ulgamlary görkezdi. Şeýle hem bu ýerde “Ford Sollers” ýeňil awtomobilini görmek bolýar, onuň dürli nusgalary Tatarystanyň awtomobil zawodlarynda çykarylýar.

Durmuşa geçirilen hem-de beýleki geljekki uly taslamalaryň birnäçesiniň tanyşdyrylyşy “Ideýa” tehnoparkynyň innowasion işiniň tejribesi barada gürrüň berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy lukmançylyk robotyny — simulýatoryny işläp taýýarlaýan we öndürýän merkeze hem baryp gördüler.

Onuň önümçiligini “Eýdos” merkezi ýola goýdy, bu barada merkezi esaslandyryjy we baş direktory Lenar Waleýew gürrüň berdi. “Eýdos” kompaniýasy öz işini 2010-njy ýylda “Ideýa” tehnoparkynda awtotrenažorlary çykarmakdan başlady.

Häzirki wagtda kompaniýa diňe bir awto we awiatrenažorlary, halas ediş gulluklary üçin trenažorlary, ýörite tehnikalary öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýene-de bir ugry—lukmançylyk simulýatorlaryny işläp taýýarlamak we öndürmek ugruny özleşdirdi.

Başarjaň telekeçiler lukmançylyk simulýatorlarynyň 20 görnüşinden gowragynyň önümçiligini ýola goýdular.Olar Ýewropanyň, Aziýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Amerikanyň we GDA ýurtlarynyň bazarlaryna iberilýär.Olaryň biri täsin trenažor gaýragoýulmasyz ýagdaýda lukmançylyk kömegini bermek tälimlerini we başarnygyny işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Simulýator hakyky adamyň keşbindedir.Ol adamyň skelet gurluşyny gaýtalaýar, adam bedeniniň anatomiki gurluşyna örän ýakyndyr.Stasionar robot — simulýatory görkezme esbaby hökmünde talyp lukmanlaryň hünär tälimlerini kämilleşdirmek üçin ulanylýar.

Ol anesteziologiýadan we reanimasiýadan başlap, harby lukmançylyga çenli dürli ulgamlarda kliniki ýagdaýlary modelirlemek üçin niýetlenendir. Şeýle trenažorlaryň ulanylmagy lukmançylyk biliminiň hilini ençeme esse ýokarlandyrýar.Trenažoryň simulýasiýa okuwynyň toplumlaýyn ulgamyna ornaşdyrylmagy klinikadan daşky imitasiýany anyk kliniki ýagdaýa has ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Okuw simulýatorlarynyň geljekki hirurgy taýýarlamagyň köpugurly ulgamyna ornaşdyrylmagynyň bu işi has netijeli, esasysy bolsa näsaglar üçin howpsuz ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berer.Lukmançylyk simulýatory meýilnama hirurgiýasynda “operasiýalaryň türgenleşigini” üpjün edýär.

Hirurga näsag baradaky maglumatlary özünde jemleýän fleşkany ýörite enjama birikdirmek ýeterlikdir.Bu enjam maglumatlary Lukmançylyk ylymlary merkeziniň ýörite bölümine geçirýär. Şol ýerde “Eýdos” kompaniýasynyň hünärmenleri maglumatlaryň üstünde işleýärler.

Eýýäm şol günüň ertesi klinika maslahat goldawy hem-de “wirtual operasiýany geçirmek mümkinçiligi bilen anyk müşderiniň anatomiýasynyň şekilini alýar.Lukmançylyk ylymlary merkezi şeýle usulda “wirtual operasiýalaryň” ýüzlerçe müňüsini işläp geçmegi meýilleşdirýär.

Milli Liderimize kärhananyň enjamlarynyň öndürilişi we ýygnalyşy, şeýle hem kompaniýanyň robot tehnikasy bölüminiň işi görkezildi.Häzirki wagtda “Eýdos” Russiýanyň wirtual ýagdaýy ulgamynda programma üpjünçiligini we enjamlaryny işläp taýýarlaýan esasy kompaniýalarynyň biridir.

Bu kompaniýa dünýäniň lukmançylyk simulýatorlaryny öndürýän iň gowy kompaniýalaryň bäşliginiň hataryna girýär.Kompaniýanyň önümleri diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara, hususan-da, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna hem-de ABŞ-a iberilýär. Ýaponiýanyň iň meşhur lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Juntendo uniwersiteti hem Kazanda işlenip taýýarlanylan simulýasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. 2016-njy ýylyň oktýabrynda kompaniýa uniwersitetiň simulýasiýa merkezi döredilen mahalynda Kazanda taýýarlanylan enjamlaryň ulanylmagy netijesinde, uniwersitet tarapyndan Joint Commission International (lukmançylyk edaralary üçin hil we howpsuzlyk ulgamynda halkara “altyn” standarty) akkreditasiýasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen baglylykda, Juntendo uniwersitetiniň hoşallygyna mynasyp boldy. “SIEMENS” kompaniýasy bilen bilelikdäki önümçiligi döretmek barada hem gepleşikler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ideýa” tehnoparkyndan Kazan Kremline tarap ugrady.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow syn ediş meýdançasyna çykdylar, ol ýerde Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmana bu gadymy şäheriň esaslandyrylan gününden biziň günlerimize çenli meşhurlyga eýe bolan bu arheologiki, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň täsin toplumy barada gürrüň berdi. 2000-nji ýylda Kazan Kremli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 150 müň inedördül meýdanda ýerleşen bu muzeý-goraghana dürli desgalarda öz beýanyny tapan tatar hem-de rus medeni ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýar.

Olar sekiz sany gorag diňleri, şol sanda Kazanyň nyşanlarynyň biri bolan gyşaryp barýan Sýuýumbike diňidir, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasy bolan Gubernator köşgi, Blagoweşenskiý sabor, Spaso-Preobraženskiý monastyr, Ýunker mekdebi, Kul-Şarif Metjidi we beýlekilerdir. Şeýle hem Kazan Kremliniň çäginde muzeýler, şol sanda Yslam muzeýi, Tatarystanyň Tebigy taryhynyň muzeýi, Peterburgyň Ermitažynyň şahamçasy — “Kazan — Ermitaž” merkezi we beýlekiler bar.

Kazan Kremli toplumy şäheriň merkezinde, Kazanka derýasynyň çep kenarynda ýerleşýär, bu ýerden Tatarystanyň paýtagtynyň ajaýyp görnüşi açylýar.Onuň binagärlik keşbinde ýewropa, russiýa hem-de gündogar binagärliginiň däpleri sazlaşykly utgaşypdyr.

Kazanyň häzirki zaman binagärligi hem özüneçekijidir.Ol özüne öňdebaryjy inženerçilik pikirlerini, ýokary tehnologiýalaryny we iň täze gurluşyk usullaryny, innowasion serişdeleri birleşdirmäge çalyşýar.Türkmenistanyň şäher gurluşygyna hem şeýle ýörelge mahsusdyr.

Munuň özi ajaýyp ak mermerli Aşgabadyň keşbinde hem-de onuň durmuş ulgamynyň kaşaňlygynda öz beýanyny tapýar.Türkmen we tatar Liderleri şäheriň keşbi açylýan ýerde surata düşdüler, soňra Prezident köşgüne baryp, Dabaralar zalyna girdiler, bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremliniň hormatly myhmanlary üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Ojak otagynda resmi surata düşmek dabarasy boldy.Soňra Mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.

Prezident Rustam Minnihanow belent mertebeli myhmana türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystana möhüm orun degişlidir, munuň özi aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär.Siziň saparyňyza aýratyn ynamyň nyşany hökmünde baha berýäris diýip, ol aýtdy.Ilki bilen, milli Liderimiz Kazan topragynda mähirli myhmansöýerlik hem-de özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamak babatda iň gowy şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu gün Tatarystanyň senagat kärhanalarynyň tanyşdyrylyşy hem muňa ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyna ýurdumyzyň Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.Söhbetdeşligiň barşynda taraplar däp bolan dostlukly türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa, taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara daýanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar.Duşuşygyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan talyplaryň köp sanlysy bilim alýar.Sport ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi, Türkmenistanda we Tatarystanda bu ulgamyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şeýle hem Prezident Rustam Minnihanow Aşgabatda geçirilen Aziada —2017-niň uly üstünligini we ähmiýetini belledi hem-de türkmen paýtagtyndaky täsin Olimpiýa şäherçesine haýran galýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu uly sport baýramçylygyny geçirmekde Tatarystanyň tejribesiniň hem ýardam edendigini belledi.Bu ugurda toplanan tejribe geljekde, şol sanda milli ýygyndymyzy Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakda hem gerek bolar. Şu ýyl ýurdumyzda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem geçiriler.

Söhbetdeşler 2009-njy ýylda geçirilen ilkinji “Ýüpek ýoly” rallisini hem ýatladylar.Bu ýaryş Kazanda badalga alyp, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Aşgabatda pellehana geldi.Munuň özi Ýewraziýada iň uzyn hem-de iň çylşyrymly ýol boldy. Ýeri gelende aýtsak, Rustam Minnihanow “KAMAZ — Master” toparynyň hormatly agzasy we sürüjisi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem awtoulag sürmekde ussatlygyny görkezýär.Biz muňa milli Liderimiziň Amul — Hazar rallisiniň geçjek ýolunyň Garagumdaky iň kyn bölekleriniň birini synap görende hem göz ýetirdik.

Bu ýaryşlaryň geçjek ýoly, dakar tapgyryndaky ýaly, gaty uzyn däldir, ýöne ol çylşyrymlydyr we sähranyň ýeňil bolmadyk şertlerinde hakyky göreşi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanda öňde boljak iri halkara sport bäsleşikleriniň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi, türkmen Lideriniň ýurdumyzda sport hereketiniň ösdürilmegini höweslendirmäge berýän ünsi şol üstünligiň girewidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk nukdaý nazaryndanTatarystan bilen däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigini belledi.Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň däp bolan dostlukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna bagt, abadançylyk we ösüş arzuw etdiler.

Bu ýerden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary bilelikde “Kazan-Arena” stadionyna ugradylar, bu ýerde 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň dörtden bir final duşuşygy geçirildi.Belent mertebeli myhmanlar VIP-münberdäki özlerine niýetlenen ýere geçýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýanynda agtygy Kerimguly hem bar.Ol diňe bir sport janköýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, öz ussatlygyny görkezdi, şondan soňra bolsa bedewleri sport ýaryşlaryna taýýarlamak bilen meşgullanyp başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň hakyky tarapdary hem-de ony wagyz ediji bolmak bilen, sporta söýgini ogluna we agtyklaryna geçirip, halypaçylygyň hem-de dowamatlylygyň şöhratly däplerini dowam etdirýär.Milli Liderimiziň şu iş saparynyň Belgiýanyň we Braziliýanyň ýygyndylarynyň arasynda Kazanda geçirilýän futbol oýnuna gabat gelýändigi sebäpli döwlet Baştutanymyz bu ýere agtygy Kerimguly bilen geldi.

Atasy bilen geçirilen pursatlar onuň üçin hemişe hakyky parasatlylyk mekdebidir we durmuş sapaklarydyr. Şeýlelikde, “Kazan — Arena” stadionynyň münberleri janköýerlerden doly.Bu ýerde hakyky sport baýramçylygynyň ýagdaýy emele geldi.

Meýdança Braziliýanyň we Belgiýanyň toparlary çykýar, oýun başlanýar...Milli Liderimiziň şunuň ýaly uly sport baýramyna gatnaşmagy ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine hem-de wagyz edilmegine, bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, türkmen sportunyň dünýä derejesinde işjeň ilerledilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibine, daşary ýurtlara saparlarynyň maksatnamasyna hemişe sport meselesiniň girizilýändigini bellemek gerek, şolaryň barşynda döwlet Baştutanymyz wagtynyň azdygyna garamazdan, dürli ýurtlarda häzirkizaman sport düzümleriniň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik tapmaga çalyşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň futbol boýunça Russiýada geçirilýän dünýä çempionatynyň dörtden bir final oýnuna hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy ýurdumyzyň sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda hem aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen sportunyň ösüş taryhynda täze sahypany açdy, onuň açylyş dabarasyna Aşgabatda Tararystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy.

Türkmenistan eýýäm özüni iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge ukyply ýurt hökmünde görkezdi we sebitde hem-de bütin dünýäde sport durmuşyna baý bolan merkezleriň birine öwrülmäge tarap okgunly hereket edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz sentýabr aýynda “Amul — Hazar 2018” Halkara rallisini we noýabr aýynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlanýar.Bu iri möçberli bäsleşikleriň üstünlikli guralmagy Türkmenistanyň dünýä abraýyny, şol sanda sport ulgamynda ornuny pugtalandyrar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar, jemgyýetde onuň möhümligine we ähmiýetine düşünýänleriň sany köpelýär.Bu babatda Türkmenistan sagdyn-durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň uzakmöhletli geljekde hem, ýakyn geljekde hem ösdürilmegine gönükdirilen üstünlikli amala aşyrýan çäreleri bilen beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär.

Bu syýasatyň aýdyň netijeleri we üstünlikleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň milli Liderimiziň we halkymyzyň, döwletiň we jemgyýetiň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär.Halkara sport hereketini ösdürmekdäki uly hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde Türkmenistanyň Baştutanyna Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagynyň Hormat ordeniniň gowşurylandygyny ýatladýarys.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň howa menzilinden Watanymyza ugrady.Birnäçe wagtdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy.Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Ýene degişli makalalar

Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuwlary türkmenistanly dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady
Belarus ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärleri üçin gapylaryny açýar
Guramaçylaryň planyna görä, Aşgabat-2017 oýunlary prezidentiň täze rekordy bilen tamamlanar
Türkmenistanyň prezidenti agtygy bilen Tatarystana bardy
06.02.2019 | Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty