06.06.2018 | Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi.Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.

Asylly däbe görä, ýerlerde hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk dileg edip, galla oragyna ak pata berdiler.Aksakgallar “Çäjiňe bereket” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini orup, özboluşly nyşany aňladýan bugdaý desselerini kombaýnçylara berdiler. Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý ekilen 760 müň gektardan 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnamak wezipesi durýar.

Ekerançylyk ýerleriniň esasy bölegine “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzyl şaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly bugdaýyň bol hasylly görnüşleri ekildi. Ýurdumyzda, tutuşlygyna alanyňda, 2018-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сase”, “New Holland”, “John Deere”, “СLAAS” kysymly däne orujy kombaýnlaryň 1 müň 700-si işlediler.

Täze tehnika ekerançylarymyza bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berer.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň John Deere International GmbH” (Şweýsariýa) hem-de “Umaх Trade GmbH” (Germaniýa) kompaniýalary bilen 2017 — 2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şerti bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň, läbik sorujylaryň, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp edilýän serişdeleriň uly tapgyryny satyn almak barada şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek.

Türkmen ekerançylary geçen ýylda John Deere W 540” däne orujy kombaýnlaryň 150-sini, “TUGANO 430” kombaýnlarynyň 300-sini aldylar.Bu ýyl “TUGANO 430” kombaýnlarynyň ýene-de 300-siniň getirilmegine garaşylýar.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýjy-tehniki toparlaryň 519-sy gallaçylara hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar — ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler.Möwsüme gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde zerur durmuş şertleri döredildi, şol ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary guralar, göçme söwda dükanlary hereket eder.

Awtomobil ulaglary ministrligine, beýleki ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli ýük awtoulaglarynyň 10 müňüsi kabul ediş bölümleriniň 162-sine, şeýle hem ammarlara we elewatorlara bugdaýyň daşalmagyny üpjün eder.Bugdaý oragynyň başlanmagyna çenli taýýar edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan bugdaýyň hilini kesgitlärler.

Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyk işini geçirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda amala aşyrylar.Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň, “Galkynyş”, “Nesil”, “Watan” hem-de “Bereketli toprak” gazetleriniň geçirýän däbe öwrülen bäsleşiginiň jemleri öňdebaryjy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary we awtoulag sürüjilerini belli eder.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, gallaçy kärendeçileriň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik okuw maslahatlary geçirildi.

Maslahatlaryň barşynda güýzlük bugdaýyň oragyny guramaçylykly geçirmegiň, däne orýan tehnikanyň işini takyk we sazlaşykly ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan oba zähmetkeşleri hakynda edýän hemişelik aladasy, ekerançylaryň mynasyp durmuşy, öndürijilikli zähmet çekmegi babatda döredilen şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny hil taýdan täze sepgitlere çykardy. Ýurdumyzda tarp ýerler özleşdirilýär, hasyllylygy ýokarlandyrmak we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tohumçylygyň ösdürilmegine uly üns berilýär.Obasenagat toplumynyň düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, hyzmat ediji pudaklaryň, şol sanda elewatorlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurulmagyna düýpli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Dünýäniň esasy öndürijileriniň häzirki zaman ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.Döwlet tarapyndan berilýän kömekler we salgyt ýeňillikleri oba hojalyk önümlerini öndürijileri zähmete höweslendirmegiň möhüm şerti boldy.

Hususan-da, ekerançylar üçin ýeňillikli tölegler bellenildi, olar salgytdan doly boşadyldy.Kärendeçileri we daýhan birleşiklerini tohum, mineral dökünler, suwaryş suwy, ösümlikleri goramakda biologiki we himiki serişdeler hem-de hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek işi ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ýerlerde ilatyň durmuşy ýyl-ýyldan gowulanýar.

Oba durmuş derejesi we hili boýunça şähere barha ýakynlaşýar.Tutuşlygyna alanyňda, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berip, oba hojalygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine giň ýollary açýar.

Bu ulgamda asyrlarboýy toplanan tejribe oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Şu günki şanly waka mynasybetli — galla meýdanlarynyň golaýynda orak möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde sergiler guralyp, olarda dürli oba hojalyk önümleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.

Bu ýerlerde welaýatlaryň aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda galla oragy badalga aldy
28.06.2018 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi