Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümindäki alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny we desgalaryny hususylaşdyrmak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen kesgitlenen tertibe laýyklykda, bu düzümiň işini bes etmek baradaky teklibi hödürledi. Şeýle hem paýtagtymyz we welaýatlar boýunça alyjylar jemgyýetleriniň kärhanalaryny hem-de desgalaryny tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Olaryň sanawyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde seredildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginlerini çaltlandyrmak boýunça çäreleri görmegiň hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny özgertmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alyjylar jemgyýetleriniň düzümini üýtgetmegiň maksadalaýyklygy baradaky teklibiň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini aýdyp, wise-premýere bu meseläni pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen utgaşyklykda içgin seljermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bolan duşuşykda kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň we ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatyndaky kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna ýeňillikli şertlerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine karz serişdeleri berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli resminamalary taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyryp, bu taslamalaryň türkmen ykdysadyýeti üçin ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply senagat toplumyny döretmekde telekeçiligiň ornuny belläp, täze önümçilikleri döretmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew iri gazhimiýa we nebithimiýa taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzda daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga hem-de ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer.Hususan-da, täze desgalaryň gurluşygynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça döwrebap desgalary gurmagyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan örän baý tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň ýakyn we uzak geljek üçin milli ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmaga, nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen täze iň döwrebap toplumlary gurmak barada wise-premýere degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmagyň, bu ulgamda dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalaryň ykdysady we tehniki taraplaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli jemi 119 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekişi geçirilip, bu işiň depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek hem-de önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça guramaçylyk çäreleri geçirilýär. Şeýle hem bugdaý ekinlerine ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, galla oragyna kabul ediş bölümlerini, däne orýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki tehnikalary taýýarlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli we öz möhletinde geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň obasenagat toplumynyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek we degişlilikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin örän jogapkärli synagdygyny aýdyp, bu möwsüme ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere welaýatlaryň her birinde gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, kärendeçileri hem-de oba hojalygynda işleýän işewürleri hemmetaraplaýyn goldamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, himiýa senagatynyň önümçilik düzümini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.Wise-premýer, hususan-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan karbamid zawodynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada habar berdi.
Täze gazhimiýa toplumy dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.Häzirki wagtda zawodyň ammiak hem-de karbamid önümçiliginiň tehnologik enjamlaryny gurnamak işleri geçirildi, gaz-turbina generatorynda, azot we howa öndüriji bölümlerinde hem-de kömekçi bug öndüriji desgasynda sazlaýyş-goýberiş işleri doly tamamlandy.
Häzirki wagtda ammar we beýleki degişli desgalarda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär, tehnologiýa gazyny taýýarlamak üçin peç gurnalýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny we tutuş milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi.
Bu desga ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, daşary ýurtlara iberilýän senagat önümleriniň, şol sanda daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän mineral dökünleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda gurulýar.
Milli Liderimiz önümçilik we port desgalary gurlanda döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň, ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplarynyň berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere karbamid zawodynyň gurluşygynyň hem-de Garabogazdaky deňiz portunyň durkunyň täzelenilişiniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz himiýa pudagynyň kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine degip geçip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny nazara almak bilen Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýaşaýyş toplumynyň taslamasynyň täzeden işlenen görnüşi barada hasabat berdi.
Täze binalar toplumyny Gurbansoltan eje şaýolunyň günortasynda, umumy meýdany 25,5 gektara deň bolan ýer böleginde gurmak göz öňünde tutulýar.Taslama laýyklykda, bu ýerde 756 maşgala üçin niýetlenen 54 öýli, 8 sany dokuz gatly we 36 öýli, 9 sany, 9 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, iki sany 400 orunlyk köp gatly awtoduralgalary hem-de 7 sany, iki gatly söwda merkezlerini ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak meýilleşdirilýär.
Bu taslamany bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman megapolisiň keşbine eýe bolan Aşgabat şäheri öz ilatynyň durmuş derejesini şöhlelendirmelidir diýip belledi.
Geljegi nazarlaýan, aşgabatlylaryň isleglerine laýyk gelýän, amatly daşky gurşawy döretmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan uzak möhletleýin şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz täze guruljak ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary bilen tanşyp, binagärlik oý-pikirlerini durmuşa geçirmek hem-de adamlar üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli görkezmeleri berip, paýtagtymyzda gurulýan ähli binalarda ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr diýip belledi.
Olar ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we estetika nukdaýnazarynda ýokary talaplara laýyk gelmelidir.Milli Liderimiz dynç almak, gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak, ýaşaýyş-durmuş düzümleri üçin zolaklaryň sazlaşykly ýerleşdirilmegine uly üns berilmelidir diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany gözden geçirip, ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleri üçin amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini, munuň bolsa sebitde durnukly ösüşi üpjün edip, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmäge, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam edýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigine ünsi çekip, ulagyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudak kärhanalarynyň tehnologiýa taýdan täzelenilmeginiň aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak babatda ileri tutulýan wezipeleriň biridigini aýdyp, wise-premýere döwrebap enjamlara we tehniki serişdelere ýokary hilli hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylykly işi üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we rejeleýiş işleriniň geçirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini geçirmegiň täze möwsümine başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de taryh ylmynyň ösdürilmeginde we halkymyzyň ençeme müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly senenamasynyň täze sahypasyny açmakda arheologik gazuw-barlaglaryň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň güýçleri bilen bu barlaglary mundan beýläk-de dowam etmegiň, şeýle hem degişli maglumatlaryň esasynda milli mirasy öwrenmek boýunça bitewi innowasion ulgamy döretmegiň ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly bilimleriň ajaýyp çeşmesi hökmünde ýadygärlikleri goramaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň, meýdan barlaglarynyň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işgärleriň hünär taýýarlygyny, muzeý we wagyz ediş işlerini kämilleşdirmegiň, halkara ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, şu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maý aýynyň 2-sinde ulag boýunça halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, ýurdumyz tarapyndan aýratyn möhüm ugurlar, şol sanda ulag ulgamy boýunça kabul edilen halkara resminamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu ulgamda hormatly Prezidentimiz oňyn teklipleriň ençemesini öňe sürdi.
Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ýewraziýa yklymynda birnäçe ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.Munuň özi sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda degişli düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça netijeli ädimler ädilýär.
Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlanýar.Bu port Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnawlary ulgamynda baglanyşdyryjy merkez bolar.Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi pudaklaýyn ministrlikler we edaralar bilen bilelikde bu iri döwrebap desgany ulanmaga bermäge gabatlanan dabaraly çäreleri guramak boýunça netijeli işleri geçirýär.
Bu desga maý aýynyň başynda açylar. Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde halkara forumy geçirmek göz öňünde tutulýar.Onuň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hususan-da, portlaryň, şeýle hem syýahatçylygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maýa goýum işini höweslendirmek arkaly gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi giriziler.
Mundan başga-da, halkara ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 3-nji maýda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň nobatdaky IX mejlisini geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine we sazlaşyklylygyna gös-göni täsir edýän durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyp, bu meselelerde Bitarap Türkmenistanyň işjeň ornuny belledi.
Anyk başlangyçlary, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli başlangyçlary öňe sürüp hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli düzüm taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen, biziň ýurdumyz bu strategik ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Eziz Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornunyň artmagyny şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Bu ugurda eýe bolan mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmaga çalyşmak bilen, ençeme asyr mundan öň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistan bu taryhy ýoly gaýtadan dikeltmek, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli çäreleri görýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara häsiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol çäreleriň gün tertibine bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary baradaky meseleler girizildi.Bu çäreleriň hatarynda BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahaty boldy.
Maslahatyň netijeleri boýunça möhüm resminama — Aşgabat Beýannamasy kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň düzümini emele getirmek hem-de işi barada habar berdi.Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 30-njy martda Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çykyşy ýurdumyzyň täze saýlanan deputatlary üçin ýolgörkeziji bolup, onda ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy, komitetleriniň düzümi tassyklanyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütler kabul edildi.Häzirki wagtda kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyny taýýarlamak, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýokary depginler bilen ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy işleriň, ägirt uly taslamalaryň ähmiýetini, maksatnamalaryň, içeri we daşary syýasy başlangyçlarynyň many-mazmunyny halkymyza giňişleýin düşündirmek hem-de wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler boýunça işler alnyp barylýar.
Saýlawçylaryň tekliplerini we sargytlaryny öwrenmek, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly geçirilýän işlere gatnaşmagyň ugurlaryny kesgitlemek bilen, deputatlaryň ilat bilen yzygiderli geçirilmeli duşuşyklarynyň, bu ugurda alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň, onuň demokratik we hukuk esaslaryny berkitmegiň esasy şertleriniň biridigini hem-de iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge ýardam edýändigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu iş Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen yzygiderli gatnaşyklaryny göz öňünde tutýar. Çünki ähli kanunlar, ozaly bilen, adamlaryň bähbidine hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyryp, asuda we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň durmuş ulgamyny ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyp, 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hususan-da, çäreleriň maksatnamasyny Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen açmak meýilleşdirilýär.Bu ýörişe paýtagtymyzyň Köpetdag we Çandybil şaýollarynyň çatrygyndan badalga berlip, ol esasy şäher ýollarynda dowam eder.Welosipedli ýörişiň geçiriljek ýolunyň uzynlygy 15 müň metr bolup, oňa jemi 5 müň adam gatnaşar.
Welosipedli ýörişiň ugrunda sungat ussatlarynyň, ýaşlaryň folklor we tans toparlarynyň, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary guralar. Şol gün paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň şaýollarynda welosipedli ýörişler we ýeňil atletika ýaryşlary guralar, sport toplumlarynda hem-de sport meýdançalarynda, seýilgählerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.
Köpetdagyň eteklerinde Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda däp boýunça giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni barada aýdyp, şu mynasybetli guralýan köpdürli çäreleriň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegine, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ýaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan terbiýelenilmegine gönükdirilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz bu çärelere raýatlaryň köpçülikleýin gatnaşmagynyň üpjün edilmegine ünsi çekdi, çünki halk baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan durmuş wezipeleriniň biridir.Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew garamagyndaky karz edaralarynyň işi, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem harytlary eksport etmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasaplaryna walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz satyn alyjylyk ukybynyň hem-de milli pul birliginiň walýuta hümmetiniň durnuklylygyny, töleg ulgamynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň bank ulgamynyň esasy wezipesidigini belläp, ilat üçin hem-de kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlar üçin maliýe hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz ilatyň goýumlarynyň möçberlerini hem-de dürli ugurlarda ykdysady taýdan peýdaly taslamalary karzlaşdyrmagy artdyrmak boýunça işleri yzygiderli geçirmelidigini nygtap, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda görülýän anyk çäreleriň býujete goşmaça serişdeleri çekmäge, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin maýalaryň akymyna we umuman, maliýe ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam etmelidir diýip belledi.
Mundan başga-da, ol maliýe çeşmeleriniň toparyny artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýurdumyzy has-da ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Myradowa hem-de Merkezi bankyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanow şu düzümde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli ýolbaşçylara müşderileriň isleglerini öwrenmegi hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlary ýerlemek we ýurdumyzda öndürilýän harytlary giňden mahabat etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Söwda-senagat edarasynyň başlygy B.Gylyjow ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, goýumlaryň çekilmegine ýardam bermek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň işiniň göwnejaý derejede alnyp barylmaýandygyny belläp, düýpli nägilelik bildirdi hem-de bu düzümiň üstüne ýüklenilen esasy wezipelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Biz häzirki zaman senagat, maliýe-söwda düzümleriniň döredilmegini göz öňünde tutýarys.Söwda-senagat edarasynyň öňünde şeýle hem telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleriň döredilmegine, onuň ähli görnüşleriniň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam etmek, guramalara we hususy telekeçilere iş ýüzünde goldaw bermek, şol sanda daşarky bazarlarda iş alyp barmaklaryna hem-de söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam bermek wezipesi goýuldy.
Emma bu ugurlarda işleriň netijeleri görünmeýär diýip, milli Liderimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz türkmen harytlarynyň dünýä bazarlarynda ýerlenilişiniň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işlemegiň derejesine nägilelik bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyndan emele gelen ýagdaýy seljermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz wise-premýer O.Gurbannazarowa Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan wezipeleri çözmek bilen bagly görkezmeleri berdi.Soňra mejlise çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, öz nobatynda, şypahana ulgamynda işleriň ýagdaýy, sagaldyş merkezleriniň işi hem-de ýurdumyzda täze şypahanalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de barlaghana enjamlary, bejeriş bedenterbiýesi bilen meşgullanmak üçin sport enjamlary bilen üpjün edilen ýurdumyzyň şypahanalary türkmenistanlylara saglygy berkitmek üçin döwrebap bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň giň toparyny hödürleýär.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda innowasion şypahana düzümi kemala gelýär. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynyň çäklerinde Awaza şypahanasynyň, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde bejeriş-sagaldyş merkeziniň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek işinde şypahana ulgamyna möhüm orun berilýändigini belledi.Milli Liderimiz ýurdumyzyň şypahana merjeni hasaplanýan Awaza milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň meselelerine ünsi çekip, bu işiň esasy maksadynyň deňiz ýakasynyň dynç alyş mümkinçiliklerini amala aşyrmak, türkmenistanlylara dynç almak üçin amatly şertleri döretmek bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bejeriş-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak, olary täze tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek, bu edaralarda işlemek üçin hünärmenleri we hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesini berk gözegçilige almak tabşyryldy.
Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow halk hojalygynyň pudaklarynyň käbirinde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinde bar bolan kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler seljerildi.
Barlaglaryň netijeleri boýunça birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde ýurdumyzy okgunly ösdürmäge, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, kabul edilen pudaklaýyn maksatnamalaryň ählisiniň durmuşa geçirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna degişli barlaglary dowam etmäge hem-de gözegçilik-seljeriş işleriniň usullaryny kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin wise-premýer B.Annameredowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, wise-premýerler D.Amangeldiýewe hem-de K.Durdymyradowa duýduryş yglan edip, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak hem-de işleri talabalaýyk guramak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda kanunlaryň rüstemligini üpjün etmegiň, degişli prokuror gözegçiliginiň yzygiderli ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtap, Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.