06.03.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň iki aýynda geçiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler bellenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy babatda kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen görlen anyk çäreler barada habar berdi.

Harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we olaryň maşgalalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek meseleleri hasabatyň esasyny düzdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň asuda we döredijilikli durmuşyny üpjün etmekde goşunyň eýeleýän ornuny belledi.

Harby doktrinada Watanymyzyň bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna wepalydygyny nazara almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň anyk wezipeleri kesgitlendi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärleriň mümkinçilikleriniň berkidilmeginiň döwrüň möhüm talaplary bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz watançylyk-terbiýeçilik işleriniň ähmiýetine aýratyn üns berdi, onuň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi üçin degişli çäreleri guramak zerur bolup durýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow çykyş edip, garamagyndaky düzümleriň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Degişli edaranyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, awtoulaglaryň hereketini kadalaşdyrmak, şeýle hem ýangyna garşy ýagdaýy berjaý etmek boýunça çäreleri geçirmek IIM-niň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek möhüm ugurlaryň biridir diýip, milli Liderimiz içeri işler ministrine degişli döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde iki aýyň dowamynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny has-da berkitmäge, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin degişli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada habar berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümleriň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň goranyş häsiýetli Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri çözmekde möhüm şert bolup durýandygyny belläp, goşunyň ähli kysymlarynyň düzüm birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýokary okuw mekdeplerinde serkerdeleri hünär taýdan taýýarlaýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegini işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk hem-de ene topragy söýmegiň ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe söz berildi, ol degişli döwürde milli kazyýet ulgamyny özgertmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygyny belledi.Edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, onuň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna uly üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhümdigini belläp, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralaryň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Edaranyň işgärleri her bir işiň seredilmegine jogapkärçilikli çemeleşmelidir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Milli Liderimiz degişli Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe käýinç yglan etdi.Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Döwlet Serhet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, serhet birikmeleriniň döwrebaplaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.Olarda edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi üçin ähli şertler döredilmelidir.

Döwlet serhedi ähli goňşy döwletler bilen dostluk serhedi bolmagynda galmalydyr, olaryň halklaryny köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň has-da berkidilmegini üpjün etmek üçin çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük edaralaryny döwletimiziň serhetlerinden geçýän ýüklere berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Bu gün Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň geostrategik orny giňelýär diýip, milli Liderimiz işleriň möçberiniň artmagy bilen baglylykda, gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, birnäçe görkezmeleri, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň has oňat barlanmagyny üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi.Adalat ministri B.Muhammedow öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän edarasynda şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna yzygiderli gözegçilik edilmegi we olaryň has-da kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine üstünlikli ilerletmäge ýardam edýän täze, halkara ölçeglere kybap gelýän kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hukugyň kadalaryny öwrenmegiň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa söz berildi.Ol ýurdumyza daşary ýurtly myhmanlaryň gelip gitmegini tertipleşdirmek maksadynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň geçen iki aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi netijesinde soňky döwürde ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany barha artýar.Dünýäniň ençeme döwletleri bilen Türkmenistanyň dostlukly netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýeleýän gullugyň amala aşyrýan köptaraplaýyn işiniň ähmiýetini bellemek bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ata Watanymyzyň abraýynyň artmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem daşary ýurtly raýatlaryň ähli migrasiýa düzgün-kadalaryny geçmegi üçin degişli halkara ölçegleriň döredilmegine uly üns bermegi tabşyryp, birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa käýinç yglan edildi.

Milli Liderimiz mejlisiň netijelerini jemläp, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny berkitmek boýunça ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi.Geljekde hem şahsy düzümiň harby-watançylyk terbiýesine aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we birkemsiz ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda işleýän zenanlaryň ata Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine goşantlarynyň örän uludygyny bellemek bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara berk jan saglygyny, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.12.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
12.02.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
25.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
03.10.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi