06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglanyşykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornyny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. 2017-nji ýylda hereket edýän awtoulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, demir ýollaryň gurulmagy we ýurdumyzyň howa gatnawynyň we deňiz flotynyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iri taslamalar amala aşyryldy. Öz saýlap alan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarly, ählumumy ykrar edilmegi boýunça sebitde ylalaşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Garaşsyz hem Bitarap Watanymyz halkara ähmiýetli möhüm taslamalarda ajaýyp beýanyny tapýan täze, döwrüň talap edýän taglymlaryny barha işjeň ornaşdyrýar.

Türkmen Lideri tarapyndan bu ugurda öňe sürülýän oňyn teklipler dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ozal kabul eden “Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýasyna we “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda” rezolýusiýasyna salgylanandygyny bellemek möhümdir.

Milletler bileleşigi täze resminamada Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilmegi bilen baglanyşykly tagallasyny oňlady hem-de bu forumda Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegini kanagatlanmak bilen belledi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolan Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden ilkinji Rezolýusiýasy däldir diýip belledi.

Bu ýagdaýyň özi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagy dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz durnukly ulag ulgamy boýunça indiki ählumumy maslahaty Aşgabat şäherinde ýa-da Awazada geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmen Lideri täze Kararnamanyň uly ähmiýetini nygtap, munuň geljekde intermobal logistik merkezler we guryýer portlary arkaly ulag ulgamyny döretmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädimdigini belleýär. Şol ulag ulgamy bolsa özüne awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny birleşdirýär.

Ulag ulgamlarynyň döredilmegi sebit we halkara derejesinde ykdysady ösüşe ýardam eder.Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de “Gündogar —Günbatar” hem-de “Demirgazyk — Günorta” ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek ýakyn geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar.

Beýik Ýüpek Ýoluny täze görnüşde dikeltmegiň maksatlaryny durmuş geçirmek hem-de Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglanyşykda bu ugurda möhüm logistik geçelgeleri kemala getirmek uly ähmiýete eýedir.

Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykylmagyny üpjün etmek bilen, günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna birleşmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Has iri görnüşdäki hyzmatdaşlygy döretmek başlangyjynyň özi geoykdysadyýetde, onuň ösüşiniň strategik geljegini nazarlamaga hakyky täzeçe garaýyş bolup durýar.Türkmen döwleti we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriň, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýanyň (ÝYK), BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýanyň (ESKATO) bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak ugrunda çykyş edýär. Şunuň ýaly anyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri we Ýewraziýa giňişligindäki baş ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär. 2017-nji ýylyň maýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr- ulag hyzmatdaşlygyny köp ugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty boldy.

Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýokary wezipeli işgärleri, bilermenleri, maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank edaralarynyň,ulag, logistika we üpjünçilik kompaniýalarynyň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça ýurtlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu wekilçilikli forum 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça geçen ählumumy maslahatyň özboluşly logiki dowamydyr hem-de onda öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakda ulaglaryň we logistikanyň ähmiýeti, Awtoýol we howa ulgamynda Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmek we Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, ulag ulgamlarynyň halkara bazarynyň ýagdaýy, ýük daşalyşynyň gerimi we ösüşi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýa goşulyşmalarynyň şertlerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda awto we howa ulaglarynyň orny, logistik çykdajylary hasaba almak hem-de töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ýaly meseleler gozgaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge we öňki hereket edýänlerini giňeltmäge, logistikany ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bu çäreleriň hemmesi ýurdumyzyň halkara ulag ulgamynyň aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, multimodal ýük daşamalaryň sebitleýin sazlaşygyny üpjün edýän, ýurdumyzda, amatly çäk ýerleşişini hasaba almak bilen, iri logistik merkezleriň döremegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ulag geçelgeleri boýunça harytlaryň we ýolagçylaryň netijeli halkara hereketi dürli siwilizasiýalaryň arasyndaky syýasy, täjirçilik, ylmy we medeni ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen we ähli halklaryň we ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürüp, olaryň anyk durmuşa geçirilmegi babatda yzygiderli çäreleri görýär.

Muňa bu ulgamda “Demirgazyk — Çünorta” ulag geçelgesiniň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýaly transmilli demir ýoly döretmek bilen bagly taslamanyň durmuşa geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. 2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bereket demir ýol menzilinde “Demirgazyk — Günorta” yklymara ulag geçelesiniň altyn halkasynda — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm menzilleriniň birinde lokomotiw deposynyň döredilmegi teplowozlara tehniki taýdan hyzmat etmegi hem-de ulanmagy täze derejä çykarmaga, hereket ediş düzümi üçin abatlaýyş binýadyny guramaga, lokomotiw parkynyň ulanylyşyny gowulandyrmaga we şunuň netijesinde, bu ýoluň ykdysady bähbidini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Lokomotiw hojalygy Türkmenistanyň demir ýol pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Içerki we halkara ýükleriň sazlaşykly daşalmagy hem-de ýolagçylaryň gatnadylmagy, ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň hili hem-de ykdysady görkezijileriň durnuklylygy onuň netijeli we ygtybarly işine baglydyr.

Umuman, deponyň kuwwaty şulardan ybaratdyr: gündelik abatlaýyş işleri üçin niýetlenen ulgamda 210 teplowoza hyzmat edip bolýar, ýene-de iki ulgam tehniki hyzmat ediş üçin niýetlenendir.Olaryň birinde ýylda 385 teplowoza, beýlekisinde 10 müň 500 teplowoza hyzmat edip bolýar.

Ilkinji nobatda zähmetiň goralmagyny we tehniki howpsuzlygy göz öňünde tutýan iş ýagdaýlarynyň ylmy taýdan guralyşynyň talaplaryny berjaý etmäge uly üns berlipdir.Demir ýol hojalygyndaky täze düzümiň önümçilikden başga-da durmuş ähmiýeti hem bardyr.

Desganyň açylmagy bilen bu uly bolmadyk şäherde alty ýüzden gowrak iş orunlary döredildi.Türkmen döwletiniň üstaşyr akymlaryň logistikasyndaky mümkinçilikleriniň gerimi Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) —Akina (Owganystan) geçelgesiniň — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň ulanylmaýşa berlenini hasaba alanyňda aýratyn täsir galdyrýar.

Beýik Ýüpek Ýolunyň dikeldilmegi we Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçiriş mümkinçilikleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen bu ýol Ýewropa — Aziýa — Ýuwaň umman — Günorta Aziýa ugurlarynda möhüm baglanyşdyryjy halka bolar.Millionlarça adamlaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat etmek bilen, sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmek onuň baş wezipesidir.

Bu demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda doganlyk ýurtlaryň — Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys.Trasmilli polat ýoluň — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirildi.

Sebitleýin gatnaw ýollarynyň ösüşiniň taryhyna ýazylan bu wakanyň uly ähmiýeti meşhur “AV Awards 2017” bäsleşiginiň abraýly baýragynda hem öz beýanyny tapdy.Bu bäsleşik her ýyl dünýäniň ähli künjeklerinden multimediýa — senagat taslamalarynyň iň gowularyny kesgitleýär.

Geçen ýyl Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny gurmak boýunça türkmen taslamasy ýeňiş gazandy.Sylaglamak dabarasy Londonda geçirildi we oňa dünýäniň 38 ýurdundan 1,5 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy.

Sylag Aşgabada 2017-nji ýylyň oktýabrynda getirildi. Ýeňiş gazanan taslama ýokary tehnologiýaly şüweleň görnüşinde boldy.Rolik üç bölümden ybaratdyr we taryha, gadymy döwürlere, ýurdumyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwürlerine syndan başlanýar.

Onuň merkezi bölegi Aziýa halkara demir ýol geçelgesine, onuň ornuna we sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetine bagyşlanýar.Taslama gatnaşýan döwletleriň täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýandygy, mundan başga-da, Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmek, täze şäherleri, kärhanalary gurmak, iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy beýan edilýär.

Türkmenistanyň esasy wezipesi bolsa goňşy ýurtlara dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmekden ybaratdyr.Milli ykdysadyýet barada aýdylanda bolsa, täze ýol Lebap welaýatynyň senagat taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Owganystan Yslam Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça ösmegine, onuň sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyna ýardam etjek, ýurdumyzyň başyny başlan giň möçberli düzümleýin taslamalaryň möhüm ähmiýeti Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) hem nygtaldy.

Onuň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan —Gruziýa — Türkiýe “Lýapis Lazuli” täze halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy.Bu ulag geçelgesi şol bir wagtyň özünde Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder. 29-njy noýabrda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.

Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr.Iki ýurduň demir ýol edaralary 23-nji noýabrda Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Baştutanynyň tabşyrmagy bilen taýýarlanan taslama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna logistik hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.Türkmenistan günorta goňşymyzda — Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda diňe syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer usullary ulanmagyň wajypdygyny nygtaýar.Soňky 10 ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiň beýleki maksatlary bilen birlikde, ýurdumyz iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän täsin inžener-ulag kommunikasiýalaryny gurmak we işe girizmek boýunça öň görlüp-eşidilmedik derejedäki ösüşe eýe boldy.

Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. 2009 —2016-njy ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden çekilen Atamyrat — Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleri, Seýdi — Eljik awtomobil köprüsi işe girizildi.

Olaryň uzynlygy degişlilikde 1 müň 415 metre, 1 müň 400 metre we 1 müň 414 metre barabardyr.Geçen ýyl Lebap welaýatynyň çäginden 830 kilometr uzynlykda akyp geçýän Amyderýanyň üstünden ulag geçelgesiniň üsti ýene-de iki sany täze ägirt uly inženerçilik desgalary bilen ýetirildi. 7-nji martda Lebap welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Şonuň öňüsyrasynda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri üstünlikli geçirilip, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge ymtylýandyklaryny we taýýardyklaryny aýdyňlyk bilen tassyklady.

Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň Liderleri esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Iri taslamalary, hususan-da, sebitiň ulag-üstaşyr ulgamynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmekde iki döwletiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy.

Açylyş dabarasynda döwlet Baştutanymyz Amyderýanyň üstünden çekilen köprüler ýaly desgalaryň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi.Olar Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden, Günorta Aziýadan Hazar deňzine we soňra Gara deňiz hem-de Ortaýer deňzi sebitlerine, Ýewropanyň, Zakawkaziýäniň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ýurtlaryna ýük gatnawlarynyň göni çykalgasyny açýar. Ýewraziýa kontinentinde ulag gatnawlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanýar.

Oňa barha täze geografiki giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezleri çekilýär.Munuň özi işjeňligiň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlarynyň gelmegine, köpsanly iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.Uzynlygy 1750 metre we ini 5,8 metre barabar bolan demir ýol köprüsi dünýäniň köpri gurluşyk tejribesi nazara alnyp guruldy.

Desganyň gurluşygynda seýsmodurnuklylygy ýokary bolan enjamlar ulanyldy.Olar köprüden has agyr ýükli otlularyň geçmegine mümkinçilik berýär.Köpriniň aşaky böleginiň belentligi 10 metre, ini 60 metre barabardyr.Uzynlygy 1600 metre barabar bolan awtomobil köprüsi demir ýol köprüsinden aşakda — derýanyň akymy boýunça aşakda guruldy.

Bu täze iki desganyň gurluşygynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap gurluşlar we ösen tehnologiýalar ulanyldy.Täze döwrebap ulag geçelgesi özüniň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär.

Köpri Rihteriň şkalasy boýunça güýji 9 bala deň bolan ýertitremelerine durnuklydyr.Türkmenistanda şunuň ýaly ähli desgalaryň hiline we ulanyş ölçeglerine ýokary talaplar bildirilýär.Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag ýollarynyň ähli görnüşlerini, şol sanda awtomobil ýollaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar, ýol düzümini ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär.

Köpriniň gurluşygynyň barşynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiýa, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy ýerine ýetirildi.Köpriniň dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabardyr.

Awtoulaglaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köpriniň öňlerinde pandusly ýol aýrytlary guruldy.Olar gapdal ýollardan girýän we çykýan awtoulaglara garşylyklaýyn zolaga çykmazdan hereket ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer.Köpriniň her tarapynda metal germewli, ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary göz öňünde tutuldy.

Köpriniň ýol örtügi “matakril” diýilýän döwrebap polimer materialdan ybarat bolup, ol ýokary mäkämligi, uzak ulanylmagy, ultramelewşe şöhlesine durnuklylygy bilen hem-de asfalt beton bilen deňeşdireniňde ýukalygy hem-de ýeňilligi bilen tapawutlanýar.

Awtomobil köpriniň çep kenar tarapyna diňe Türkmenabat tarapdan däl-de, eýsem, Çärjew etrabynyň golaýyndan çekilen täze giň awtomobil ýolundan baryp bolýandygy ähmiýetli ýagdaýdyr.Bu ýol bilen uzak we ýakyn daşary ýurtlardan gelýän üstaşyr agyr ýükli awtoulaglar dolandyryş merkezine girmän hem-de şäher köçelerine düşmän, täze Türkmenabat — Farap awtomobil köprisine geçip giderler.

Häzirki wagtda bu ulag kommunikasiýalarynyň işe girizilmeginiň netijesi diňe bir Lebap welaýatynyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşinde däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde duýulýar.Ulag we aragatnaşyk pudagynyň işgärleriniň asylly we tutanýerli zähmetini sarpalamak, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni döredildi.

Ol her ýyl 7-nji martda belleniler.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatymyza edilýän durmuş hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, 24-nji maýda ýurdumyzyň gündogar sebitinde Amyderýanyň üstünden Halaç — Hojambaz ponton köprisi işe girizildi.

Bu logistik taslama Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabatdaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.Olar bary-ýogy birnäçe aýyň dowamynda täze köprini gurmak boýunça toplumlaýyn işleri ýerine ýetirdiler.

Köpri on sany barž-pontondan we 26 sany ýük göterijiligi 36 tonna bolan germew sütünlerden ybaratdyr.Köpriniň uzynlygy 842 metr bolup, onuň ulag geçýän böleginiň ini 7,5 metrdir.

Daşy aýmançaly pyýada geçelgäniň ini bolsa 1 metre barabardyr.Köriniň ulanyş howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler göz öňünde tutuldy.Iki tirkeg gämisiniň we bir zemsnarýadyň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenarlary baglanyşdyryldy.

Olarda ulag gatnawlarynyň işjeňleşmegi bilen gatnaw wagtynyň ep-esli azaldylmygyna, sebitiň ýük geçirijilik ukybynyň we onuň üstaşyr mümkinçilikleriniň, eksport akymlarynyň artmagyna mümkinçilik berdi.Awtomobil ýollar düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, welaýatda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak, hereket howpsuzlygynyň täze ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED-monitorlary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan we dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alýandygyny bellemelidiris.Iň döwrebap ýollar ulanmaga berilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurluşygy meýilleşdirilýär.Mysal üçin, täze Aşgabat —Türkmenbaşy awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar we Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.

Awtobanyň ugrunda taslama laýyklykda 60-a golaý uly we kiçi köprüler hem-de 70-den gowrak ýerasty geçelgeler, şol sanda demir ýoldan geçýän, beýleki ýollar bilen kesişýän ýerlerde, Garagum derýasynyň üstünden köprüler gurlar.

Aşgabat — Türkmenbaşy ýolunyň gurulmagy logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümi giňeltmäge, goňşy ýurtlar bilen haryt dolanyşygyny, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, eksportuň we üstaşyr harytlaryň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda bolan mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag hyzmatlarynyň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Olar ähli babatda halkara ülňülerine laýyk gelmelidir. 2017-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan şäher gatnawlaryna bolşy ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etjek täze ulaglar satyn alyndy.

Bütin dünýä meşhur kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, ozalky ulaglaryň üsti jemi awtoulag serişdeleriniň 840-sy bilen ýetirildi. Şolaryň arasynda “Hyundai New Super Aero City”, “Toyota Corolla”, “Yutong”, “Toyota Hiace” kompaniýalarynyň awtoulaglary bar.

Mundan başga-da, geçen ýylyň maý aýynda paýtagtymyzyň köçelerine Aziýadanyň nyşanlary bilen bezelen awtobuslar çykdy.Koreýanyň iri awtomobil gurluşyk kärhanasynyň awtobuslary Türkmenistanyň şäher we şäherara gatnawlarynda giňden ulanylyp başlandy.

Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan şeýle kysymly ulaglaryň ýüzlerçesi satyn alyndy.Bu bolsa ugurlaryň möçberlerini artdyrmaga hem-de awtobuslaryň ýygy-ýygydan hereket etmegini gazanmaga mümkinçilik berdi.Täze ugurlaryň üstünde işlenilýär we döredilýär.

Awtobuslarda hem-de ýeňil awtoulaglarda olaryň hereket edip barýan nokatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän (GPS) ulgamlar oturdyldy.Bu bolsa ulagyň degişli pursatda barýan ugruny kesgitlemäge hem-de sürüjiniň ulagyň tizligini ýokarlandyryşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Jemgyýetimiz ulaglaryň ähli görnüşine we ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa boýunça aýratyn ýokary talaplar bildirilýär.Dünýäde abraýly meşhur bolan täze oňaýly ulaglar hem şol talaplara laýyk gelýär.

Umuman, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 2017-nji ýylda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 125 göterim berjaý edilip, 100 göterim ösüş depgini gazanyldy. 2017-nji ýylda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberinde olaryň hersi boýunça awtomobil ulagynyň paýy 101 göterime barabar boldy.

Deňizde ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösdürilmegine Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hazar deňzi ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar.Bellenilen meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Hazaryň kenarynda bina edilýän täze Halkara deňiz menziline aýratyn orun berilýär.

Ol bütin Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistiki halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir.Milli Liderimiziň başyny başlan bu iri maýa goýum taslamasy parom, ýolagçy we konteýner terminallarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükleri we polipropileni ýükläp ugradýan terminallar, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary girýär. 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Täze deňiz menzili ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň bir bölegidir.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gämi gurluşyk zawody milli ykdysadyýetimiz üçin aslynda täze kärhana bolar, onuň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gämigurluşyk pudagynyň döredilmegini aňladar.

Gämileriň ýygnalmagyndan başga-da, bu ýerde dürli ähmiýetli gämileri: tankerleri, gury ýük daşaýjylary, tirkeg gämilerini abatlamak boýunça işleriň doly tapgyry ýerine ýetiriler.Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem iri maýa goýumlary çekmäge ýardam eder. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, beýleki döwletlerden biziň ýurdumyza deňizde dynç almaga gelýänleriň akymyny artdyrmak babatda hem uly mümkinçilikler açylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, täze deňiz menzili Garabogaz şäherinde-de bina ediler.

Ol ýerde eýýäm şu ýyl kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmek boýunça zawody ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýar. 2017-nji ýylda suw ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi 152 göterime ýetdi.

Diňe geçen ýylda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy dolanyşygynyň 154,3 göterime deň bolandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri möçberli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Raýat awiasiýasyna içerki we halkara gatnawlarynda ýolagçy gatnadylyşyna we ýük daşalyşyna ähmiýetli orun berilýär.Raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we onuň guramaçylyk düzüminiň dolandyrylyşyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 17-nji martyndaky Permany bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy “Türkmenhowaýollary” gullugyna öwrülip, ady üýtgedildi.

Milli Liderimiziň raýat awiasiýasyny ösdürmäge, howa gatnawlaryny kämilleşdirmäge berýän ägirt uly ünsüniň netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili ýurdumyzyň ulagüstaşyr düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. “Türkmenistan” Awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPT) esasy howada gatnadyjy bolup, birinji derejeli tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr we olar yzygiderli täzelenip durýar.

Diňe soňky ýylda NG tapgyryndaky täze “Boing” uçarlarynyň üçüsi bilen olaryň üsti ýetirildi. Öz wagtynda tehniki taýdan hyzmat etmegiň hasabyna uzak möhletli uçuşa eýe bolan howa gämileriniň onusy uçuşa taýýarlyk derejesine getirildi.

Täze tapgyrdaky oňaýly uçarlar — “Boing 737-700” we “Boing 737-800” öz gatnadyp biliş serişdesini ulanyp tamamlan türkmen howa gämilerini çalşyrdy.Häzirki wagtda ýokary uçujylyk häsiýetnamalaryna eýe bolan uçarlaryň 24-si ulanylýar. Şeýle görnüşli howa tehnikalarynyň sany artar, 2020-nji ýylda bolsa pudagyň howa tehnikalarynyň binýady şeýle uçarlar bilen doly enjamlaşdyrylar.

Häzirki wagtda Halkara howa menzilinde döwrebap aerowokzal hereket edýär. 3 milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen birlikde, ol ýylda 17 milliondan gowak adama ýa-da sagatda 3 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Doly mehanizmleşdirilen ýük terminaly arkaly 200 müň tonna çenli ýük geçip bilýär. 2017-nji ýylda “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça ýük we ýolagçy dolanyşygy babatda ösüş depgini, degişlilikde, 122 we 101 göterime barabar boldy.

Türkmen laçynynyň nyşany şekillendirilen uçarlar daşary ýurtlara 18 ugur hem-de ýurdumyzda howa gatnawlarynyň 11-si boýunça uçuşlary ýerine ýetirdiler.Aşgabadyň uçarmanlary Duşenbe we Ýerewan şäherlerine synag gatnawlaryny amala aşyrdylar.

Welaýatlaryň ählisinde döwrebap, awiaýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän aerowokzal toplumlaryny we uçarlaryň islendik kysymly görnüşlerini kabul etmäge ukyply bolan uçuş-gonuş zolaklaryny gurmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň ösen düzümini döretmek, howpsuzlyk hem-de ygtybarlylyk maksatlary bilen ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýasynyň bir bölegidir.

Mysal üçin, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenbaşy şäherinde Halkara howa menzili, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy guruldy, syn berilýän döwürde Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlandy, ol 2018-nji ýylyň başynda ulanmaga berildi.

Daşoguz aerodromynda “Boing 777-200” LR uçarlaryny hem-de uçarlaryň beýleki görnüşlerini kabul etmäge ukyply täze uçuş-gonuş zolagy guruldy.Döwletimiziň halkara ulgamyna goşulyşmagynda kommunikasiýa pudagyna uly orun berilýär.

Bu ulgamyň täze derejä çykmagy aragatnaşyk pudagynyň kosmiki tehnologiýalar esasynda döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.Türkmenistanyň geostasionar orbitada ýerleşen “TürkmenÄlem 52oE” hemrasy ýurdumyzyň çäklerindäki hem-de Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň, Ýewropa ýurtlarynyň ulanyjylaryna köpugurly kommuniýasiýa hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşikleri alyp görkezmek, telefon ulgamyna degişli, wideoşekilli aragatnaşyk arkaly maslahatlary geçirmek, maglumatlary ibermek, hemra arkaly Internet ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Häzirki wagtda “TürkmenÄlem 52oE” hemra transponderleriniň ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýäniň we radionyň ähli gepleşikleriniň alnyp görkezilmegini HD görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň ýarysyndan gowragy “öý üçin optika” bilen gurşalyp alnandyr, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde fiziki kabeliň süýümli-optiki geçirijilere çalşyrylmagy dowam edýär, şol bir wagtda häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly telekommunikasiýa ulgamlaryna bolan elýeterlilik giňeýär.

Internet-hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň sany artýar.Soňky bäş ýylda bu görkeziji ençeme esse artdy. “TürkmenÄlem 52oE” hemrasynyň kömegi bilen daglyk ýerlerde we Garagum çölünde ýerleşen uzakdaky hem-de barylmagy kyn bolan şäherçeleri ykjam we simli telefon aragatnaşygy bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredi.

Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Kirpili obasynyň hem-de Balkan welaýatynyň Oýlyguşlyk obasynyň ýaşaýjylary eýýäm şeýle hyzmatlardan peýdalanýarlar.Daşky ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň içinde ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tehnologiýalarynyň binýadynda ykjam aragatnaşygynyň soňky tapgyryna degişli bolan 4G ulgamyna goşulyşmak boýunça “Türkmentelekomyň” mümkinçiliklerini giňelder. “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýurdumyzyň bazarynda ykjam aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Häzirki günde ulanyjylaryň sany 5 milliondan gowraga barabardyr. 2017-nji ýylyň ahyrynda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 441 müň (408 müň öýjükli, 33 müň stasionar) telefon nokatlary gurnalyp, meýilnama 196 göterim berjaý edildi. Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň çekilmegi dowam edýär.

Analog görnüşli ATS-leriň ählisi sanly görnüşlere çalşyryldy, has-da ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek we olaryň gerimini giňeltmek üçin iberişiň STM-64, CWDM/DWDM we IP/MPLS görnüşindäki ýokary tizlikli ulgamyna geçirilmegi amala aşyrylýar.

DWDM-ulgamynyň (ýaýlymlaryň bölünişi) esasynda magistral ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar, bu bolsa dürli maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmaga hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryna bahalary peseltmäge mümkinçilik berýär.Oktýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiz eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmiki tehnologiýalaryň ulanylyşyny artdyrmak ýakyn döwür üçin möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmiki ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manada golaý maýa goýumlary gönükdiriler.Ulag we aragatnaşyk pudagynda 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryna bagyşlanylan synymyzy tamamlap, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr-ulag we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülmeginiň bolup geçýändigini bellemek gerek.

Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlen şygar hökmünde yglan edilen 2018-nji ýylda aýratyn möhümdir.Yklymyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz müňlerçe ýyllar mundan hem öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmagynda galýar.

Onuň innowasion taýdan täzeden dikeldilmeginde Türkmenistan barha işjeň we ähmiýetli orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk pudagynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de Ýer ýüzüniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow gözden ýiteninden soň, ýene-de döwlet mediasynyň üns merkezinde
Amanullah Transport and Logistics kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
22.01.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok