06.02.2019 | Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giňden ykrar edilen, ösüşlere beslenen täzeçillik syýasaty netijesinde Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen şygar astynda geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan halkara abraýyny has-da artdyryp, parahatçylykly daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi. Şeýlelikde, geçen ýyl Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolup, olar bäsdeşlik, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçmek bilen döwletimiziň demokratik ösüş ýoluna hem-de döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, ösüşlere beslenen özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň talaplaryna we umumy kabul edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda guraldy.Bu möwsümiň häsiýetli aýratynlygy, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşynda bolşy ýaly, ses berlişik gününde hem saýlawçylaryň ýokary işjeňliginden ybarat boldy.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan ähli raýatlarynyň 91,75 göterimi ses berdi.Raýatlaryň öz erk-islegini beýan etmegi hakyky erkinlik ýagdaýynda geçen ählihalk saýlawlary saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz ediş möwsüminiň iki aýdan ybarat bolan çärelerini jemledi. Şol möwsümiň ähli tapgyrlaryna daşary ýurtly synçylaryň we bilermenleriň 142-si — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasyndan synçylar toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýetiniň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de birnäçe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary üns bilen syn etdiler. 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynda häzirki wagtda dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelýändigi bellenildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan açyklygy we howpsuzlygy kepillendirýän ygtybarly hyzmatdaşa, ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi.Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2019 — 2021-nji ýyllar döwür üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bellärliklidir.

Munuň özi döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz geljek üçin esasy wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy hem-de syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrmagy bilen tapawutlanýandygyny belledi.Bu bolsa dünýä giňişliginde onuň eýeleýän ygtybarly ýörelgelerini, daşary ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklaryny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara meseleleriniň çözülmeginde geçen ýylyň Watanymyz üçin üstünlikli bolandygyny belledi.

Biz öňde goýan maksatlarymyza laýyklykda, Ýer ýüzüniň ençeme döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürdik. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de diplomatik işjeňligi Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy bilen kesgitlenen strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrylýar.

Olar daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de halkara guramalar bilen işjeň özara gatnaşyklarynda jemlenýär.Ine, 23-nji fewralda özygtyýarly Watanymyzyň şöhratly taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa altyn harplar bilen ýazyldy.

Ol ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň ýolunda möhüm döwri alamatlandyrdy. Şol gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kWt bolan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri we Hindistan Respublikasynyň döwlet daşary işler ministri gatnaşdylar.TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky anyk ädim boldy. Şol strategiýanyň möhüm ugurlary milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, geljegi nazara alyp, onuň mümkinçiligini ösdürmekden, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşyklylygyny üpjün etmek arkaly dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň ählumumy meselelerine degişli netijeli başlangyçlary öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şol maksatlaryň örän möhümdigine we olara ýetmäge uly isleg bildirilýändigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Özara hormat goýmaga we ynanyşmaga daýanýan daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmak babatda 8-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystana ýardam bermek boýunça halkara tagallalary goldamak hakynda kabul edilen Kararnamasy örän uly ähmiýete eýedir.

Resminamada türkmen Lideriniň transkontinental taslamalar, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lazurit”) ulag geçelgesi boýunça öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigi aýratyn bellenilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Milletler Bileleşiginiň agza ýurtlaryny bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge çagyrdy. Şeýlelikde, türkmen döwletiniň sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça eýeleýän işjeň orny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan örän uly goldawa eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli uzak möhletleýin taslamalarynyň amala aşyrylmagyna dünýäde ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparlarynyň dowamynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklar Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze tapgyry alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýtiň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň gepleşiklerinde ýangyç-energetika pudagynda, nebithimiýa, nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de maýa goýum gatnaşyklary esasy meseleler boldy.

Ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge oňyn şertleriň bardygy bellenildi, bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry bolup biler.Duşuşygyň barşynda Kuweýtiň iri nebitgaz kompaniýalarynyň maýa goýum we maliýe düzümleriniň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Ozal bellenilişi ýaly, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de önümçilik ulgamynda özara maýa goýmaga esaslanan bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda hem-de maýa goýumlaryna bagyşlanan işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek barada teklip aýdyldy.

Taraplar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça hökümetara resminamalarynyň 10-syna gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň we Arap ykdysady ösüşiniň Kuweýt Gaznasynyň arasynda tehniki taýdan goldaw bermek hakynda bilelikdäki resminama kabul edildi.

Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary hem ýokary netijelilige beslendi.Bu ýurt döwletimiziň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr.Abu-Dabi şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Mirasdüşer Şazadasy, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi.

Taraplar syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyk etmegiň, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň hem-de BAE-niň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, halkara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmekde we köpugurly ulag düzümlerini kemala getirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň maksadalaýyk görünýändigi aýratyn nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk serişdeleriniň hem-de himiýa senagatynyň önümleriniň önümçiligi, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň 7-sine gol çekildi.Mart aýynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi sapary hem-de onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleri iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyra öwrüldi. Şol gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän dostluk, doganlyk, özara hormat goýmak däplerine esaslanandyr. Ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda, telekommunikasiýa, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Şeýle hem taraplar iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek, mysal üçin, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoluny gurmak babatda hyzmatdaşlar bolup durýarlar.

Bu ýol diňe taslama gatnaşýan ýurtlar däl-de, eýsem, beýleki döwletler tarapyndan hem ulanylyp, ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýär.Hazar meselesi boýunça geçirilen gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň netijeli özara gatnaşygy halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary babatda garaýyşlaryň ýakyndygyny şertlendirdi.

Bu täsin deňziň hukuk derejesine degişli ylalaşygy işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanmalary tassyklap, iki döwlet hem Hazary parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň zolagyna öwürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýärler.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.

Bu bolsa Bilelikdäki Beýannamada hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda beýanyny tapdy. 23 — 24-nji aprelde milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýagdaýyny hem-de geljegini, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meselelerini, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy meselesi boldy.Döwlet Baştutanlary maýa goýumlarda, senagat kooperasiýasynda özara mümkinçilikleri bellediler hem-de däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi, iki ýurduň işewür düzümlerini we haryt öndürijilerini bilelikdäki taslamalara, şol sanda kiçi hem-de orta işewürligiň ugry boýunça işlere gönükdirmegi ylalaşdylar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik pudagy hökmünde kesgitlendi.Milli Liderimiz biziň döwletimiziň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry boýunça Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgany üpjün edýän geçelgäni döretmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny belläp, özbek tarapyna ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty yklym ähmiýetli ulag-logistiki merkeze öwrülmegine gönükdirilendir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kontinental ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawyny ýola goýmagyň iş ýüzündäki çärelerini Özbegistan bilen ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak babatda işler dowam edýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdylar.Bu ýurtda ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygymyz tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we ýardam etmeginde umumymilli owgan gepleşiklerini guramak üçin syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Iki ýurduň Prezidentleri Merkezi Aziýa sebitinde täze, döwrüň talabyna we emele gelen ýagdaýlara laýyk gelýän köptaraplaýyn syýasy gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklar görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli maslahat, geňeş edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetdeş welaýatlarynyň arasynda soňky ýyllardaky işjeňleşýän gatnaşyklary has giňden goldamak babatda ylalaşyk gazanyldy.

Döwlet saparynyň jemleri boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny, şeýle hem ýaşlar, kärdeşler arkalaşyklary, zenanlar guramalary ugurlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen hökümetara ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Şol gün Daşkentde “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy dostlugyň we doganlygyň nyşany boldy.

Onuň binagärlik keşbinde özbek paýtagty bilen doganlaşan ak mermerli şäherimiziň ajaýyp öwüşginleri öz aýdyň beýanyny tapýar.Türkmenistanyň Baştutanynyň saparynyň maksatnamasyna Ürgençde Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşmak hem-de Horezmiň we Hywanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp görmek hem girizildi. Ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine öz döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalşyp, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine düýpli çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda anyk başlangyçlary öňe sürüp, işjeň orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG tarapyndan yglan edilen “Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar atly hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanyp, 20-nji iýunda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli forumyň münberinden çykyş etmek bilen, sebitde hem-de dünýäde ekologiýa we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ornuny kesgitledi hem-de umumy dünýä işleriniň barşynyň, dünýäde berk parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginiň häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydygyny nygtady.

Türkmen Lideriniň pikirine görä, syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejede bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär.

Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, diňe Birleşen Milletler Guramasy bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň hem-de BMG-niň “Rio+20” maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, beýleki ählumumy halkara duşuşyklarda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň esasynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen şunuň ýaly wezipeleri çözüp bolar.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň esaslandyrylmagynyň bu ugurda netijeli çäreleriň biri bolup biljekdigini belläp, halkara bileleşigiň hut şeýle hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika meseleleriniň çözgüdini tapmakda toplanylan tejribäniň netijeli peýdalanylmagynyň mümkindigine ynamyny beýan etdi.

Milli Liderimiz Duşenbä iş saparynyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti , Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherinde boldy hem-de Tatarystanyň Baştutany bilen bilelikde “Ideýa” tehnoparkyna, bu ýerde guralan serginiň çäklerinde Respublikanyň senagat mümkinçilikleri, esasy kompaniýalary we kärhanalary, şol sanda ýurdumyz bilen öňden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýän “Tatneft”, “KAMAZ” we beýleki kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdy.

Taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy arabaglanyşyga hem-de umumy ruhy-medeni gymmatlyklara esaslanýar. Şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. 12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda milli Liderimiziň öňe süren täze başlangyçlary daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, sebitde birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýyny döretmek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şol gün Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi deňziň serişdelerini özleşdirmegiň halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döreden esasy wakalaryň biri boldy. Ýokary derejedäki duşuşyk Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze eýýamy alamatlandyrýan hakyky öňegidişlige beslendi hem-de bäştaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi berdi. Ýurdumyz dünýäniň beýleki döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli we özara gyzyklandyrýan gatnaşyklary ösdürmäge hemişe taýýardyr.

Awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy.Bu duşuşyk iki ýurduň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň hem-de umumy abadançylygyň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň tassyknamasyna öwrüldi.

Dostlukly ýurtlaryň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ykdysady we durmuş, ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplanýan ulag pudagy häzirki şertlerde dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginden ugur alyp, sebit hem-de yklym ähmiýetli multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary öňe sürýär we şolary yzygiderli durmuşa geçirýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky wajyp ädime öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki port düzümlerini, şol sanda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasyndaky gämi gatnawlaryny netijeli ösdürmek geljegi uly ugur hasaplanylýar.

Dünýäniň energetika ýurdy hasaplanylýan hem-de ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki döwlet üçin hem energetika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Soçide bolan duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler.

Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.Awgustda ýurdumyzda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň döwlet sapary bilen bolmagynyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmeginiň jemleri hem munuň nobatdaky mysaly boldy.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag, suw-energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Bellenilişi ýaly, dostlukly ýurtlaryň ikisiniň hem halkara giňişlikde häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary birdir ýa-da ýakyndyr. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine garşy barlyşyksyz göreşe ygrarlydyklary bellenildi.

Iki döwletiň Liderleri Owganystandaky ýagdaý barada aýtmak bilen, goňşy ýurtdaky ýagdaýy BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.Gepleşikleriň jemi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegi hem halkara ähmiýetli nobatdaky möhüm waka boldy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlygy hökmünde kabul edýän ýurdumyza ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow geldiler.

Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň alyp barýan yzygiderli işleri dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG-niň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz forumda çykyş edip, Aral meselesiniň bu gün häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze çemeleşmeleriň zerurlygyny şertlendirýär diýip belledi.Türkmenistan şundan ugur almak bilen, 2017 — 2019-njy ýyllarda gaznada başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy.

Biziň ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy, şonda işleriň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlary bellenildi.

Araly goramak meselesine eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Milletler Bileleşigini Türkmenistanyň BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklibini goldamaga çagyrdy.

Onuň işi Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmaga we gowulandyrmaga gönükdiriler. Şunuň ýaly düzüm Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de AHHG-nyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň içerki suw howdanlaryň meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalaryny taýýarlamak üçin binýada öwrülip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda üstünlikli gatnaşyklar üçin täze hukuk gurallarynyň zerurdygyna ynam bildirdi hem-de olary işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunda Araly dikeltmäge gönükdirilen diňe bir halkara hyzmatdaşlyk däl-de, eýsem, milli derejedäki degişli işler hem möhüm orun eýeleýär.Hormatly Prezidentimiz suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanylmagynyň Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi.

Bu bolsa, öz nobatynda, ekologiýa abadançylygyny saklamak we daşky gurşawy goramak bilen berk arabaglanyşyklydyr hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar.Aral meselesini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler uly ähmiýete eýedir.

Bu maksatlar üçin ýurdumyzda halkara düzümleriň gatnaşmagynda, şol sanda bagy-bossanlyga büremek boýunça giň gerimli işleri hem öz içine alýan çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.Döwletimiz sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine seretmek hem-de şolary çözmek ugrunda çykyş edip gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda Türkmenistan bu meselede diňe sebit derejesindäki ylalaşygy netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýeke-täk kabul ederlikli görnüşi hasaplaýar. Şeýle hem bu pikiri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri öz çykyşlarynda goldadylar.

Olar AHHG-nyň çäklerinde Aralýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de Gaznanyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini bellediler.Sammitiň işiniň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şonda ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek boýunça halkara başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Şol wezipeler türkmen Lideriniň Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri bilen bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşyklar forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi, şonuň esasynda goňşy halklaryň arasyndaky gadymdan gözbaş alýan dostluk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak däpleri durýar.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk daşary syýasatyň esasy ugrudyr.Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanyp, häzirki döwürde täze anyk mazmuna eýe boldy.Sentýabryň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) saparda boldy.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.Antoniu Guterreş häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmek boýunça sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, şol maslahatda milli Liderimiziň öňe süren netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany hem-de BMG-niň Baş sekretary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassykladylar hem-de onuň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar Bitarap türkmen döwletiniň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga gatnaşmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şeýle hem Aral deňzini halas etmek hem-de Aralýaka zolagynda ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip, sebitiň hem-de dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan etdi.

Hususan-da, milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, BMG-niň Aral deňzini halas etmek üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleri, Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmagyň ýollary ýaly meseleleri gozgady.

Döwlet Baştutanymyz Baş Assambleýanyň şu gezekki maslahatynyň halkara syýasatynda çylşyrymly meýilleriň dowam edýän ýagdaýynda geçýändigini belledi.Dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna garamazdan, Ýer ýüzüniň birnäçe sebitlerinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar, gapma-garşylykly zolaklaryň giňelýändigi duýulýar hem-de şol wagtyň özünde ählumumy ösüşiň ýollaryna we mümkinçiliklerine garaýyşlarda ynamyň hem-de özara düşünişmegiň umumy derejesi peselýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk şygary astynda geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. “Biziň bu başlangyjymyz dartgynlylygyň peseldilmegine, jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine, bu babatda jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar” diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de noýabr aýynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda geçirilen gepleşikler döwlet Baştutanymyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolan daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanlary 2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda gol çekilen Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama esaslanyp, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Ol iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat eder.Syýasy we söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem resminamalaryň ençemesine: möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kesgitleýän hökümetara ylalaşyklara we maksatnamalara gol çekildi.

Resminamalaryň jemi 20-den gowragyna gol çekildi.GDA-nyň agza ýurtlary bilen biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy hem milli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär, ol özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribä daýanyp, häzirki döwürde täze depgine we mazmuna eýe boldy. 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Arkalaşyga girýän ýurtlaryň Liderleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara häsiýetli birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar.Döwlet Baştutanlary şu gezekki resmi däl sammitiň mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamak üçin badalga nokady boljakdygyna biragyzdan ynam bildirdiler.

Biziň ýurdumyz sebit hem-de halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda giň we netijeli gatnaşyklary ösdürmek işine saldamly goşant goşýar.

Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi.Milli Liderimiziň gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirildi.

Munuň özi bilelikdäki işe täze itergi bermäge mümkinçilik döretdi.Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.

Döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, GDA-nyň halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Energetika, ulag we aragatnaşyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ulgamlary hökmünde görkezildi.Giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary döwletleriň we halkara düzümleriň resmi wekilleri, iri abraýly guramalaryň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, dürli daşary ýurt korporasiýalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Şu güne çenli Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 47-siniň agzasy bolup durýar.

Häzirki wagtda daşary döwletlerde ýurdumyzyň ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik hereket edýän wekilhanalarynyň 38-si işleýär.Kabulhanalary daşary döwletlerde ýerleşen Türkmenistanyň ilçileri beýleki ýurtlaryň onlarçasynda ata Watanymyza resmi taýdan wekilçilik edýärler. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si hem-de halkara guramalaryň 15-siniň wekilhanalary hemişelik esasda hereket edýär.

Geçen ýyl döwletimiz halkara konwensiýalaryň 5-sine goşulyp, şunuň ýaly köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşýar. Şeýlelikde, geçen ýylyň diňe umumymilli däl-de, eýsem, halkara derejedäki möhüm syýasy wakalary ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak maksadynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna doly goşulandygyny görkezdi. Şol wakalaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen pikirleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty
Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuwlary türkmenistanly dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady
Belarus ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärleri üçin gapylaryny açýar
06.07.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary