Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Roždestwonyň şatlykly hem-de Täze ýylyň bagtly bolmagyny arzuw edýärin.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp maşgala agzalary bilen. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!
Parižde ýerleşen Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlarda EKSPO 2025 Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka-Kansaýyň saýlanandygyny Siziň Alyhezretiňize habar bermek meniň üçin uly hormatdyr.Türkmenistanyň beren goldawy üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan hoşallygymy beýan edýärin. Şeýle hem Osaka öňde boljak G20 Sammitiň geçiriljek ýeri bolmak bilen, günbatar Ýaponiýanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär we biz onuň baý medeni we syýahatçylyk serişdelerine, Siziň Alyhezretiňiziň Osaka-Kansaýda duýup biljek myhmansöýerlik ruhuna buýsanýarys.
Türkmenistanyň EKSPO 2025-e gatnaşmagynyň Siziň ýurduňyzyň medeniýetini we işewürligini dünýä tanyşdyrmaga hem-de geljekde onuň mümkinçiliklerini giňeltmäge ajaýyp şert döretjekdigine ynanýaryn. Ýaponiýa toplanan tejribäniň esasynda EKSPO 2025-iň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin Bütindünýä sergisini geçirmäge taýýarlyk görmäge başlar.
Osaka-Kansaýda EKSPO 2025-iň üsti bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin geljekki jemgyýeti döretmek babatda Türkmenistan bilen bilelikde işläp, Bütindünýä sergisiniň geçirilýän döwründe dürli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak isleýäris.
Türkmenistanyň geljekde hem üstünliklere eýe bolmagyny hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.Sindzo Abe,Ýaponiýanyň Premýer-ministri. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!
Geçen ýylda Koreýa Respublikasyna beren goldawyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin, bu goldaw Koreýa ýarym adasynda parahatçylyk ugrundaky tagallalarymyzyň uly çeşmesine öwrüldi.Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze ýylda hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Ählumumy rowaçlyk şertlerinde ýaşamak arzuwynyň bilelikde amala aşyrylmagyna umyt edýärin.
Täze ýylda Siz bilen duşuşmak mümkinçiligine umyt edýärin.Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we bagt arzuw edýärin.Mun Çže In,Koreýa Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Kolinda Grabar-Kitarowiç,Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!Roždestwo hem-de Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen!Anri, Lýuksemburgyň Beýik Gersogy.