Şu gün Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol Üzümçilik daýhan birleşiginiň çäginde guruldy.Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzda haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi netijesinde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy.
Berkarar Watanymyzyň her bir sebitinde iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary we ýyladyşhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Şolarda öňdebaryjy tejribe ulanylyp, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.Azyk harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy bina edildi. Şu giň gerimli işlere hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşyp, bu ugurda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar.
Rysgal ojagy hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze ýyladyşhana hem şonuň mysalydyr.Dört bölümden ybarat ýyladyşhananyň umumy meýdany 30 gektara deňdir. 10 gektar meýdanda eýýäm pomidor şitilleriniň 212 müňden gowragy oturdyldy.
Bu ýerde, esasan, tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we tagamy bilen tapawutlanýan dünýä belli pomidorlaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda her ýyl ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhana Gollandiýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Türkiýeden satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi.
Olar şitilhanada kesgitlenen temperatura we ýagtylyk düzgünini, howanyň çyglylygyny awtomatik usulda saklamaga hem-de gözegçilik etmäge, topragy gurplandyrýan maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin arylar ulanylar, bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän wajypdyr. Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Şeýle hem bu ýerde sowadyjy enjamlar bolup, olar gök önümleri terligine saklamaga ýardam edýär.
Bu kärhananyň işgärleriniň agramly bölegini ýaşlar düzýär.Häzir bu ýerde ýaş hünärmenleriň 120-ä golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýärler.Olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi.
Naharhana, dynç almak üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde ýene-de bir ýyladyşhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.