05.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi

Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen: Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Batyr Aganazarowiç Bazarow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri; Nyýazly Myradowiç Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipelerine bellenidi. Şöhrat Muhammetmyradowiç Goçmyradow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, Röwşen Sapargulyýewiç Hydyrow Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy, Şöhrat Myradowiç Jepbarow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrlper Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradowy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ykdysady geňeşinde Türkmenistandan wekil bellemek baradaky Karara gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen Soýeniçnazar Nurnazarowiç Selimow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek wezipesi onuň üstüne ýüklenildi, Azat Silapowiç Atamyradow Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi
Resmi habarlar
05.07.2019 | Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary