Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri Gökdere şypahana zolagynda kuraş boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanyndaky iň soňky türgenleşiklerini geçirýär. — Biz şu ýyl dürli ýurtlarda bolduk, emma hiç ýerde hem bu ýerdäki ýaly amatly ýagdaýlary görmedik — diýip, kuraş boýunça ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Olimjon Haýitow gürrüň berýär. — Dagyň asuda künjeginde mylaýym gün nurunyň astynda biz iň soňky hem-de iň jogapkärli türgenleşikleri geçirýäris, bu türgenleşiklerde iň güýçli pälwanlar kesgitleniler. Özbegistanyň at gazanan tälimçisi hem-de kuraş boýunça dünýä çempiony türkmen türgenlerini örän jogapkärli bäsleşiklere taýýarlamak baradaky teklibi höwes bilen kabul etdi. Şu ýylyň aprel aýynda türkmen türgenleri onuň ýolbaşçylygynda türgenleşige başlap, öz başarnyklaryny taraşladylar hem-de göreşmegiň täsin usulyny işläp taýýarladylar.
Tälimçi türgenleriň erk-ahlak häsiýetleriniň berkidilmegine aýratyn üns berýär.Sport synçylarynyň pikirine görä, 14 türgenden ybarat ýurdumyzyň erkekler ýygyndy toparlarynyň esasy bäsdeşleri Özbegistanyň, Eýranyň we Täjigistanyň toparlary bolar. 16 zenan türgenden ybarat zenanlar ýygyndy toparymyza bolsa Özbegistanyň, Tailandyň, Taýpeýiň hem-de Mongoliýanyň türgenleri bilen ýeňil bolmadyk çekeleşikler garaşýar.
Kuraş boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Myrat Gurbanow biziň türgenlerimiziň üçüsini has tapawutlandyrýar, olar toparyň özenini düzýär. Ökde türgenleriň hatarynda Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynda kümüş medallara eýe bolan Muhammet Temirow (73 kg.), Serdar Jümiýew (81 kg) we Aýna Jumagulyýewa (57 kg) bar. — Biz Aşgabat Aziadasynyň bäsleşiklerinde Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň hemmelerden belentde pasyrdamagy üçin ähli tagallalary edýäris — diýip, uly tälimçi aýdýar. — Baş maksadymyz — altyn medallaryň has köpüsini almakdyr. Şeýle hem tälimçi ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň iň ýaşajyk agzalary barada aýtdy.
Olar Lebapdan ýokary synp okuwçylary Gözel Karimbaýewa (78 kg) we Ýulduz Adizowa (87 kg), şeýle hem Mary şäherinden Anna Dmitriýewa (87 kg). Ýulduz dzýudo we kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionydyr, Anna bolsa sportyň bu görnüşleri boýunça ýurdumyzyň wise — çempionydyr. Ýaş türgenlerimiz ýaryşlarda birinji orunlary eýelemek maksady bilen joşýarlar.
Olar türgenleşiklerde bar başarnyklaryny gaýgyrman, jogapkärli ýaryşlara taýýarlykly geldiler hem-de diňe altyn medallar ugrunda göreşmäge taýýardyrlar.