05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.Mejlisde Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň işleriniň netijelerine garaldy, degişli guramaçylyk meselelerine seredildi we ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Wise-premýer şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda üstünlikli amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Muňa makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen bolsa, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artandygy şaýatlyk edýär. Şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy.

Wise-premýer bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilendigi barada hasabat bermek bilen, onuň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artandygyny aýtdy.

Ortaça aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim artdy.Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde öz wagtynda tölenildi. Ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi degişli döwürde 19,1 milliard manada deň boldy.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary bilen bagly hereketler üçin paçlar hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny üstünlikli ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmäge ýardam etmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103 göterim, çykdajy bölegi bolsa 85,3 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 4 milliard 56,1 million manada, çykdajy bölegi 3 milliard 235,6 million manada deň boldy.

Hasabat döwründe 51 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylyp, döwlet býujetine 24,1 million manat geçirildi.Birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça döwlet emlägini kärendä bermegiň hasabyna 69,8 million manat möçberinde pul serişdesi alyndy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 34,4 göterime deň boldy.Maýa goýum maksatnamasy 63,8 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli maýa goýumlarynyň 55,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 44,5 göterim maýa goýum serişdeleri gönükdirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, birinji ýarym ýylda 871,6 million manadyň özleşdirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, käbir ýolbaşçylaryň täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamany durmuşa geçirmek babatda talabalaýyk işlemeýändigini belledi.Diňe şu ýylyň özünde ýurdumyzyň orta mekdeplerini uçurymlaryň 85 müňden gowragy tamamlady.

Biziň ýokary okuw mekdeplerimiz bolsa täze okuw ýylynda diňe 10 müňe golaý adamy okuwa kabul edip bilýär. Ýokary bilim almak isleýän uçurymlaryň käbiri bilim almak üçin daşary ýurtlara gidýär. Ýaş ýigitleriň bir topary harby gulluga çagyrylýar diýip aýtmak bilen milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini gazanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mekdepleri tamamlaýanlaryň we täze döredilýän iş orunlarynyň sanynyň arasynda deňeçerligi üpjün etmeli.Umuman, orta ýa-da ýokary okuw mekdebini tamamlandan ýa-da harby gullukdan soň, ýekeje adam hem işsiz galmaly däldir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işine nägilelik bildirip, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi talap etdi.Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan edildi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň möçberiniň artdyrylmagynyň üpjün edilendigi habar berildi.

Nebitiň çykarylyşy 0,2 göterim, benziniň öndürilişi 1,5 göterim, kerosiniň öndürilişi 1,9 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 9,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 6,1 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 7,2 göterim, sementiň öndürilişi 0,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 9,4 göterim, pagta süýüminiň öndürilişi 12,3 göterim, nah matalaryň öndürilişi 15,7 göterim, eýlenen deriniň öndürilişi 7,3 göterim, gaýtadan işlenilen balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 23,8 göterim, tikinçilik we örme önümleriniň öndürilişi 8,9 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 2,3 göterim ýokarlandy.

Mundan başga-da, senagat önümleriniň täze görnüşleriniň çykarylmagy özleşdirilip, 2,6 million inedördül metr aýna öndürildi.Oba hojalyk toplumynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy.Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýükleri daşamagyň möçberi alty aýyň dowamynda 6,6 göterim artdy.

Hasabat döwründe 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 3,1 göterim ýokarlandy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bolup geçýän ýagdaýlary hemmetaraplaýyn seljermegiň esasynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň ugurlaryny öz wagtynda çaklamagyň, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz takyklygyň hem-de açyklygyň döwlet statistikasynyň esasy ýörelgeleri bolup durýandygyny belläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna statistiki maglumatlary jemlemek, işlemek we umumylaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem harytlary eksport etmekden we hyzmatlary ýerine ýetirmekden ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasaplaryna walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi barada habar aýdyldy. 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdiren karzlarynyň möçberi 8,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň möçberli 9,8 göterim artdy. Şeýle hem bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elektron düzümlerini kemala getirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada hasabat berildi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bank kartlarynyň sany 1,4 esse ýokarlandy.

Birinji ýarym ýylda “Goýum bank karty” täze hyzmat ornaşdyryldy, şeýle hem internet arkaly hasaplaşyklary geçirmek üçin mümkinçilik döredildi.Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin olary bank kartlary bilen üpjün etmek boýunça işler ýola goýuldy. “Altyn asyr” töleg kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça çäreler işjeň geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi.Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň möçberi 43 göterim azaldy. Ýurdumyzdan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberi bolsa 41,5 göterim artdy. Ýöne biziň bu ugurda heniz hem köp mümkinçiliklerimiz bar diýip, milli Liderimiz nygtady we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi hem-de degişli Kararlara gol çekdi. Şol resminamalar zerur bolan kärhanalary döretmäge telekeçileri giňden çekmek, walýuta biržasynyň işini düzgünleşdirmek, şeýle hem ygtyýarnama bermek işini gowulandyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz Merkezi bankyň başlygyna gol çekilen kararlaryň düzgünlerini öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, dizel ýangyjy öndürmek boýunça meýilnama 103,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 121,2 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, benzin öndürmegiň ösüş depgini 101,5 göterime, polipropilen öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 103,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegi çaltlandyrmagy tabşyryp, pudagyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek we işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri kabul etmegiň edilmeli işleriniň diňe bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dolandyryş ulgamyndaky artyk bölümleri aýyrmaly.Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky algy-bergileri düzgünleşdirmeli, şeýle hem haýsy kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmelidigine, haýsyny bolsa telekeçilere berip boljakdygyna seretmeli.

Umuman, nebitgaz toplumy sazlaşykly we netijeli işlär ýaly, zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Hormatly Prezidentimiz ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, TOPH gaz geçirijisini ýokary hilli gurmak, täze nebit we gaz ýataklaryny açmak işlerini görkezdi.

Wise-premýere dünýä ykdysadyýetinde nebit bilen bagly emele gelen çylşyrymly ýagdaýy göz öňünde tutup, gözegçilik edýän toplumynyň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin, şu ýylyň ahyryna çenli wagt berildi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 126,3 göterim ýerine ýetirilip, 124,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň 6 aýynyň netijeleri boýunça haly we haly önümlerini dokamagyň meýilnamasy 127,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,8 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 101,8 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 131,7 göterime barabar boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumyny ösdürmek strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň, kärhanalarda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Pudaklaryň işiniň netijeliligi köp babatda içerki islegleri hem-de dünýä bazarynda üýtgeýän ýagdaýlary nazara almak arkaly işi üýtgedip gurmak başarnygyna baglydyr.Döwlet Baştutanymyz toplumyň esasy wezipeleriniň içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekden we bäsdeşlige ukyply eksport önümleriniň möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny aýdyp, ýurdumyzyň senagat pudaklaryny okgunly we sazlaşykly ösdürmek üçin has netijeli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 107 göterim berjaý edilip, ösüş depgini bolsa 111 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 104 göterime barabar boldy.Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça geçen ýarym ýylyň içinde hyzmatlary etmegiň meýilnamasy 125 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 102 göterime deň boldy. 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Aragatnaşyk ministrliginde ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 109,5 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 111 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 130 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamak babatda meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy gatnatmak boýunça ösüş depgini bolsa 173 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, demir hem-de awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze howa menzillerini gurmagy dowam etmek, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmek boýunça şu ýylyň ikinji ýarymynda edilmeli işleri kesgitledi.

Mundan başga-da, ähli ugurlar boýunça hünärli işgärleri taýýarlamagy hem-de halkara güwänamalary almagy dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty doly güýjünde işlär ýaly zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ulag-logistika merkezleri döretmegiň üstünde hem işlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Tomus paslynyň başlanmagy bilen ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly köp sanly ýolagçylary gatnatmaly bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän ähli pudaklarynda, aýratyn-da, demir ýol we howa ulaglarynda müşderilere hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklipleri taýýarlamak boýunça Pudagara topary döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýruga hem gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin aragatnaşyk ministri B.Öwezowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri tiz wagtda düzetmek barada tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri tarapyndan eksportyň möçberini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy hem-de lomaý haryt dolanyşygy degişlilikde 23 göterim we 3,9 göterim artdy. Öndürilen önümleriň möçberi 4,7 göterim artdy, ministrligiň kärhanalary boýunça gazanylan peýda 34,7 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, 12 müň 256 şertnama hasaba alyndy.Umumy girdejiniň möçberi 19,6 göterim artdy.Söwda-senagat edarasy boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleri 26 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 65,2 göterim köp öndürildi.Söwda-haryt dolanyşygy 1,3 göterim artdy.

Hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,5 göterim artdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Milli Liderimiz geografiýa taýdan ähmiýetli ýagdaýy bolandygy hem-de amatly ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi sebäpli, dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça iş alyp barmak, beýleki döwletlerdäki hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdasy ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek boýunça daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ilatyny elýeterli bahalardan ýokary hilli harytlar bilen durnukly üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu meselede telekeçilerimizi giňden goldamak syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmak, bahalaryň durnuklylygyna gündelik gözegçiligi amala aşyrmak, azyk önümleriniň eksportyny we importyny kadalaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar — iýun aýlarynda 225 million 573 müň manatlyk işler we hyzmatlar ýerine ýetirilip, ösüş depgini 111 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe 181 million manatlyk işler we hyzmatlar ýerine ýetirilip, meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi hasabat döwründe 670 million 980 müň manada deň bolup, ösüş depgini 121,2 göterime barabar boldy.Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 108,3 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 111,3 göterim üpjün edildi. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny seljermegi, şeýle hem 2019-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemegi tabşyrdy.

Maliýe serişdeleriniň ýeterlik bardygyna we birnäçe desgalaryň gurulmagynyň örän zerurdygyna garamazdan, nämüçindir, ýurdumyzda gurluşyk işlerine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi we umuman, gurluşygyň sany azaldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu ýyl ulanylmaga berilmeli birnäçe möhüm desganyň gurluşygy hem bellenen möhletlerden yza galýar, bu desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçilik hem edilmeýär, olaryň depginini güýçlendirmek boýunça hiç hili çäre-de görülmeýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň yzygiderli görülýändigini aýtdy. Şu maksat bilen, ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň bähbitlidigi, adatdan daşary ýagdaýlarda öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge ýaramlydygy düýpli öwrenilýär. Şonuň esasynda bolsa olaryň işini gowulandyrmaga gönükdirilen degişli üýtgetmeler girizilýär. Şoňa görä-de, öwrenilen iş tejribesi hem-de ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasynda Jemagat hojalygy ministrligini üýtgedip guramak we onuň garamagyndaky kärhanalary häkimlikleriň ygtyýaryna bermek barada karara gelindi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ministrligiň edara-kärhanalaryny ýerlerde häkimliklere bermegiň olaryň işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýandygyny, şäherleri hem-de obalary abadanlaşdyrmak meselesini oňat çözmäge mümkinçilik berýändigini tejribe görkezdi. Şoňa görä-de, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzüminde Jemagat hojalygy müdirligi dörediler.

Bu müdirlik jemagat hojalygynyň meselelerini utgaşdyrmak, jemagat hyzmatlary üçin nyrhlar we beýleki işler bilen meşgullanar diýip, milli Liderimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, wise-premýere Jemagat hojalygy ministrliginiň kärhanalarynda barlag geçirmek we bu kärhanalary häkimlikleriň garamagyna bermek boýunça toparyň düzümini taýýarlamak barada görkezme berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, bu döwürde 2018-nji ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 92 görnüşiniň neşir edilendigini habar berdi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aralygynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 90 medala mynasyp boldular.

Hasabat döwründe energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirildi. Şeýle hem ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň, ylmy taslamalaryň sergi-bäsleşiginiň jemleri jemlenildi, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi boýunça ösüş depgini 158 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelip gowşan serişdeler boýunça ösüş depgini 115 göterime, şypahana hyzmatlary boýunça bu görkeziji 113 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 96-sy geçirildi, 55 sany köpçülikleýin-sport çäreleri guraldy.Biziň türgenlerimiz dünýä we Aziýa çempionatlarynyň, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlaryň 52-sine gatnaşyp, 110 medaly eýelediler.

Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa we bilim ministri M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýakyn wagtda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde örän möhüm wezipäniň — ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesiniň durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu işe dahyly bolan ähli adamlara giriş synaglaryny hiç hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden, ýokary derejede we aç-açanlykda geçirmelidigi barada duýdurdy.Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bilim özgertmeleriniň geçirilişini çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Mekdebi tamamlan ýaşlar, gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde işlemäge mümkinçilik almalydyrlar.Munuň üçin mekdeplerde telekeçilik işiniň esaslary öwredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu mesele ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidir. Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty önümçilik üçin ýokary hünärli dolandyryjy işgärleri taýýarlamalydyr.Hormatly Prezidentimiz şeýle hem dünýä belli beýleki institutlar bilen hyzmatdaşlygyň, daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň möhümdigini belledi.

Talyplary tölegli esasda okatmak meselelerine hem deglip geçildi.Döwletde sowatly ýaşlar, ýokary derejeli hünärmenler bolmazdan, onuň geljeginiň bolmajakdygyna anyk düşünmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemledi.Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2018-nji ýylda ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, ýokary okuw mekdeplerine we ýörite orta okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet synag toparynyň düzümi, 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy we diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi hödürlenildi.

Milli Liderimiz olary tassyklamak hakynda degişli Buýruklara gol çekip, şolaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda” hem-de “Türkmenistanda 2018 —2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekip, bu resminamalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan sahnalar, kinofilmleriň görkezilişi, baýramçylyklar hem-de şanly seneler mynasybetli aýdym-saz dabaralar, daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda döredijilik çäreleri we sirk çykyşlary guraldy.

Hususan-da, ýurdumyzda Belarus Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, HHR-de ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de “Türkmen jigitleri” toparlary Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sirk sungatynyň I Halkara festiwalyna gatnaşyp, altyn heýkeljige mynasyp boldular. Şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Akhan atly ahalteke bedewi 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy we dünýä rekordyny täzeledi hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Aprel aýynda Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal geçirildi, Berliniň Täze muzeýinde bolsa “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergi açyldy we şu günler hem dowam edýär.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artistleri Türkiýäniň Mersin şäherinde geçirilen IV Halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, baýrakly orna, ýagny iň gowy sahna eseri we ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite kuboga mynasyp boldy. Şeýle hem ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli aýdym-saz festiwaly geçirildi.

Birinji ýarymýyllygyň möhüm wakalarynyň hatarynda Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi hem bar.Onuň çäklerinde “Hüýrlukga — Hemra” atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy. Şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly medeni çäreler geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işi boýunça maglumatlar berildi. Şol döwürde 72 müň 509 syýahatça hyzmat edilip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 105,2 göterime deň boldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýanwar — iýun aýlarynda kitap önümleriniň 147 görnüşi we okuw kitaplarynyň 88 görnüşi çap edildi.Meýilnama 127,5 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere, Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň hem-de telewideniýäniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny, biziň emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini doly derejede ulanyp, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny giňden wagyz etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen örän möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyran ägirt uly işleriň düýp mazmunyny we ähmiýetini anyk mysallar arkaly açyp görkezmegiň möhümdigini nygtady.

Hususan-da, azyklyk galla bilen özümizi üpjün edendigimizi, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygymyzy giňden beýan etmeli, ykdysadyýetmiziň esasy pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, iň häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri görkezmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz bilen biziň sebitimiziň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işi dowam etmeli, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmaly we dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaly, Ýer ýüzüniň dürli döwletlerinden bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmeniň Altyn asyry baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi hem ýokary derejede geçirmek, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramyna we Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Täze ýyl baýramyna bagyşlap tele we radioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamak, teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze aýdym-saz we sahna eserlerini goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň şu ýylyň dowamynda daşary ýurtlara bolan saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri bu oňyn strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň barşynda gazanylan möhüm ylalaşyklar umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň hem-de iş toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi.Olaryň işi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmäge ýardam etmelidir.

Hasabat döwründe dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki iş maslahatlarynyň ençemesi geçirildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňde boljak saparlar boýunça geçiriljek çäreleriň hem-de Bitarap döwletimiziň halkara guramalaryň işine gatnaşmagynyň anyk meýilnamasyny taýýarlamagy, ýylyň ahyryna çenli Araly halas etmegiň halkara gaznasyna ýurdumyzyň başlyklyk etmegi bilen bagly göz öňünde tutulan birnäçe iri halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşmagyny, Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisini, Halkara Bitaraplyk gününi we beýleki syýasy hem-de guramaçylyk çärelerini talabalaýyk guramak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, galla oragynyň depgini, gowaça agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyny ýokary derejede jemlemek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.Milli Liderimiz gowaça ideg etmegiň ýokary derejede ýola goýulmalydygyny belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işlerde ilatyň durmuş üpjünçiliginiň esasy ugur edinilmelidigini aýtdy.Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow hasabat döwründe welaýat boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde döwletimiziň welaýaty ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigine, iri önümçilik desgalarynyň yzygiderli gurulýandygyna, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilýändigine garamazdan, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeýändigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz durmuş maksatly desgalaryň hil derejesine üns berilmeýändigini belläp, geçen ýarym ýylda beýleki welaýatlara garanyňda, Balkan welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň az gurlandygyny, 30 orunlyk bir sagaldyş merkezi bilen 200 orunlyk medeniýet öýüniň ulanmaga berlendigini aýdyp, bu işlere nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş maksatly desgalary gurmagyň maksatnamasyny ýerine ýetirip bilmedik ýolbaşçylaryň wezipesinden boşadyljakdygy barada duýdurylandygyny aýdyp, S.Satlykowy işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine Ý.Gylyjowy belläp, ony welaýatyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipesinden boşatmak baradaky Permana gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz pensiýa gidýändigi sebäpli, D.Muhaýewany Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ş.Gurbanmämmedowany Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary hem-de R.Rejebowy Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri, galla oragynyň netijeleri, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragyny guramaçylykly jemlemek, ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak we ony degişli derejede saklamak wezipeleriniň berjaý edilmegi ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň wajyp meselesidigini belläp, bu işleriň ýokary hilli we öz wagtynda amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, galla oragyny üstünlikli tamamlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan hemmetaraplaýyn işler, gowaça edilýän idegiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ähli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýetli ugurlarda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, galla oragyny üstünlikli jemlemek, gowaça degişli derejede ideg etmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň öz wagtynda tamamlanmagyna, şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm ähmiýetli möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, ýygnalan hasyly degişli derejede saklamak, şol bir wagtyň özünde gowaça we beýleki ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kadalaryny berjaý etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ilatyň durmuş üpjünçiliginiň esasy mesele bolup durýandygyny aýdyp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 102,9 göterime deň boldy.Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 102,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,3 göterime barabar boldy.

Ministrlik hem-de pudak edaralary tarapyndan maýalary özleşdirmek boýunça meýilnama 139,1 göterim ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işlerini geçirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin zerur çäreler görülýär.Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär, ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara daşamak, bugdaý oragy tamamlanan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi talap edip, wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly, ýygnalyp alnan gallanyň möçberi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar.Gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar.

Meýdanlarda gowaçanyň hem bol hasyly ýetişdirilýär.Gowaçadan bol hasyl almak üçin zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli hem-de tehnikalary ýygym möwsümine talabalaýyk taýýarlamaly. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýerler P.Agamyradowyň, E.Orazgeldiýewiň ünsüni häzirki döwürde ylmy edaralarymyzyň oba hojalyk meseleleriniň, aýratyn-da, suw meselesiniň üstünde has köp işlemelidigine çekdi.

Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly, bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Suwy az sarp edip hem oba hojalyk önümleriniň gowy hasylyny alyp we ata Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edip bileris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew çykyş edip, ýurdumyzda ykdysady jenaýatlaryň öňüni almak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Habar berlişi ýaly, korrupsiýa we ykdysady jenaýatlara garşy netijeli göreş alyp barmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde dessin we barlag-derňew işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Geçirilen işleriň dowamynda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň, Jemagat hojalygy, Oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, Lebap welaýat häkimliginiň garamagyndaky käbir edara-kärhanalaryň yolbaşçy we jogapkär wezipeli işgärleriniň para alyp, döwlet emlägini bikanun eýeläp, döwlete maddy zyýan ýetirendikleri, şeýle-de käbir raýatlaryň bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanandyklary ýüze çykaryldy.

Olaryň her biri babatda jenaýat işleri gozgaldy, derňew işleri dowam edýär.Günäkär adamlaryň ýetiren zyýanynyň öwezi dolundy, bikanun eýe bolan emläkleri gozgalmasyz edildi.Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň Türkmenbaşy şahamçasynda geçirilen tükelleme-seljeriş işleriniň netijesinde şahamçanyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Hangulyýewiň ýolbaşçylyk eden bankynyň pul gaznasynda saklanýan ABŞ-nyň dollarlaryny ogurlamak bilen meşgullanandygy ýüze çykaryldy. Şahamçada goşmaça geçirilen barlagyň dowamynda onuň jogapkärçiliginde köp mukdarda manadyň ýetmezçiligi ýüze çykaryldy.

Geçirilen sorag-anyklaýyş işleriniň dowamynda onuň ogurlan dollarlaryny Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň ýaşaýjysy N.Baýramgeldiýewe bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanmaga berendigi anyklanyldy.Geçirilen dessin-anyklaýyş işleriniň netijesinde anyklanylyşy ýaly, käbir raýatlar daşary ýurt walýutasynyň bikanun söwdasy bilen meşgullanmak boýunça özara toparlary döredipdirler.

Olaryň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen daşary ýurt walýutalarynyň hümmetini emeli ýokarlandyryp, walýutanyň bikanun söwdasyny edýän halatlary ýüze çykaryldy.Hususan-da, Aşgabat şäheriniň, Mary, Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary M.Annagulyýew, B.Aşyrow hem-de M.Rowşanowa dagy özara dilleşip, daşary ýurt firmalarynyň işgärlerinden bikanun alan daşary ýurt walýutalarynyň hümmetini emeli artdyryp, daşary ýurt walýutasynyň bikanun söwdasyny edip gelendikleri sebäpli saklanyldylar.

Olardan maddy subutnama hökmünde köp mukdarda pul serişdeleri alyndy. 2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän D.Aşyrmämmedow wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, karbamid önümini eksport etmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamalarda, olaryň ýolbaşçylaryndan yzygiderli para alandygy ýüze çykaryldy.

Ondan başga-da, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Hazar himiýa zawodynda 2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri şol zawodyň direktory wezipesinde işlän A.Saparowyň gulluk ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, döwlet emlägini bikanun eýeländigi we döwlete uly möçberde maddy zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.

Jemagat hojalygy ministrliginiň Aşgabat şäher jemagat hojalygy birleşiginiň Aşgabat jemagat abatlaýyş gurluşyk müdirliginde geçirilen barlagyň dowamynda 2016 — 2017-nji ýyllarda şol müdirligiň başlygy wezipesinde işlän S.Nyýazowyň gulluk ygtyýarlygyny hyýanatly peýdalanyp, özüne ynanylan dürli görnüşli gurluşyk harytlaryny bikanun eýeläp, şahsy bähbitleri üçin harçlandygy anyklanyldy.

Ol jenaýatçylykly hereketlerini ýaşyrmak maksady bilen, bu gymmatlyklaryň ýerinde durandygy barada resminamalary galplaşdyrypdyr.Mundan başga-da, şu ýylyň maý aýynda güýçli çabgaly ýagşyň ýagmagy netijesinde emele gelen suw akymlaryny aradan aýyrmak boýunça ygtyýarly edaralar tarapyndan işleriň talabalaýyk gurnalmanlygy sebäpli, birnäçe kemçiliklere ýol berlendigi ýüze çykaryldy.

Barlagyň dowamynda Jemagat hojalygy ministrliginiň Aşgabatagyzsuw birleşiginiň Aşgabatzeýsuw müdirliginiň nasos stansiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işlän N.Agadurdyýewiň hem-de Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesinde işlän podpolkownik R.Orazmämmedowyň wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmänligi, öz işine sowuk-sala garandyklary sebäpli, Aşgabat şäheriniň merkezi bölegine suw ýygnanyp, käbir desgalara we ýollara düýpli zyýan ýetendigi ýüze çykaryldy.

Geçirilen dessin-agtaryş işleriniň dowamynda 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Oba we suw hojalyk ministrliginiň Maryşeker açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory wezipesinde işlän Ç.Ataýewiň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, paýdarlar jemgyýetiniň taýýar önümler ammarynda duran şeker we gant önümlerini bikanun satyp, alan pul serişdesini paýdarlar jemgyýetine girdeji etmän, şahsy bähbitleri üçin harçlandygy, mundan başga-da, şugundyr hasylyny kabul ediş nokatlary üçin harytlary we iýmit önümlerini satyn alnan hökmünde resminamalary galp resmileşdirendigi anyklanyldy. 2015-nji ýyldan bäri Lebap welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň başlygy wezipesinde işlän Ý.Orunow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, welaýatyň çäginde potratçy hökmünde gurluşyk işlerini amala aşyran hususy kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan gurluşygyň hasaplaşyk tölegini geçirmekde emeli kynçylyklary döredip, para alandygy, şeýle-de gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine düýpli barlagy geçirmän, hasaplaşyk töleglerini tassyklap, döwlete maddy zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, wise-premýer K.Durdymyradowa käýinç yglan etdi.Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, senagat ministri H.Mergenowa berk käýinç yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ähli ýolbaşçylara parahorluga we korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş alnyp baryljakdygy barada birnäçe gezek duýdurylandygyny belledi.Halkyň serişdesini ogurlamaga we bikanun eýelenen pullaryň hasabyna baýamaga hiç kimiň haky ýokdur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şu ýaramaz ýagdaýa garşy göreşmekde kanunçylyk-hukuknamalaryň berkidiljekdigini, eger gerek bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň we olaryň iş birlikleriniň artdyryljakdygyny belledi.

Döwlet serişdeleriniň ogurlanmagynyň doly öňüni almak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we günä geçmek çäresini geçirmegiň tertibine seretmegiň zerurdygyny aýtdy.Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň jemleri hem-de Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Ýurdumyzda häzirki zamanyň umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelýän milli hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, deputatlar düzümi tarapyndan täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar, bu kanunçylyk namalary iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge, türkmen jemgyýetiniň bitewüliginiň, demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Geçen döwürde Mejlisiň üç maslahaty geçirilip, şolaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 34-si, Mejlisiň kararlarynyň 44-si kabul edildi.Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de kanunçykaryjylygyň dünýä tejribesini öwrenmegiň, BMG-niň wekilhanalary we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Mejlisde diplomatlar hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesiniň wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ugurlarynda bolup geçýän özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-da azatlyklarynyň üpjün edilmegi we goralmagy boýunça mundan beýläk-de yzygiderli iş alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda öňde boljak möhüm wakanyň — Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň ähmiýetini belledi, ol Watanymyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň öň ýanynda geçiriler.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ünsüni bu forumyň esasy mejlisiniň 24-nji sentýabrda geçiriljekdigine, 25-nji sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin döwlet sylaglaryna hödürlenen türkmenistanlylary sylaglamak dabarasynyň guraljakdygyna ünsi çekip, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky” Permana hem-de degişli Karara gol çekip, umumymilli forumy ýokary derejede guramak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky” Permana gol çekdi.Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleri häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan meseleleri barada durup geçdi hem-de ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny belledi.

Bu bolsa bize esasy maksadymyza ýetmäge — mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, güýçli ýaşaýyş-durmuş maksatly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmaga gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistan daşary syýasaty hem üýtgewsiz ýörelgeden ugur alyp dowam edýär.Bu syýasat, BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA we beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny, bilim we medeniýet ulgamlaryny, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ösdürmek, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, alnyp barylýan ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty ýurdumyzyň içerki strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.Oňa laýyklykda, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi barha artdyrylýar.

Ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanylýar.Bu bolsa jemi içerki önümi 6,2 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.Döwlet býujetiniň girdejileri köpeldi.

Bu bolsa ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterim ýokarlandyrmaga şert döretdi.Milli manadymyzyň hümmeti durnukly, bellenen çäklerde saklanýar.Jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 1600 töweregi senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe 731,2 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, geçen ýarym ýylyň dowamynda 26 sany iri desganyň, umumy bahasy 3 milliard 200 million amerikan dollaryna golaý bolan meýdany 612,6 müň inedördül metr, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belledi.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuter öndürilendigini bellemek ýakymlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.Bu bolsa ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär.

Bu işleriň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi. Şunuň bilen birlikde, çözülmegini talap edýän köp sanly meseleler hem bar.Biz bu meseleleri çözmek üçin köp işleri alyp barmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmak zerurdyr.Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende has gowy we netijeli işleýändigini aýtdy.

Döwletimiziň kemala gelýän döwründe ilatymyz üçin şol döwrüň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, kabul edilen kanunlary indi ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.Häzir ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has ýokarlandy we bar bolan ýeňillikler ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmekde päsgelçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, paýnamalary ýerleşdirmegiň, gazna bazaryny guramagyň we bäsleşikli söwda edaralaryny açmagyň hususylaşdyrmagyň esasy gurallary bolmalydygyny nygtady.Maýadarlara özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bu örän gowy mümkinçilikdir.

Döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen, Awaza milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara gelnendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe Awazadaky dynç alyş-bejeriş toplumyny dolandyrmak baradaky geňeşi döretmegi, her myhmanhanany, her bir desgany bir ýa-da birnäçe telekeçiniň garamagyna bermek meselesini çözmegi, munuň üçin, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üsti bilen ähli zerur bolan resminamalary resmileşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara we içerki döwlet çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, ýurdumyzda däp bolşy ýaly, bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, erbet bolmandygyny nazara alyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara ýarym ýylyň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbede we ýekşenbede maslahatlary geçirenlerinden soňra, 9 — 23-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berdi.

Olar hemişeki ýaly, Arçmanda, Ýyly suwda we beýleki şypahanalarda dynç alyp bilerler.Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip we wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, oňa gözegçilik edýän toplumynyň pagta ýygymyna taýýarlyk işlerini alyp barýan ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, bu meselä seretmegi tabşyrdy.

Eger, agrotehniki çäreler bilen bagly işleriň häzirki köp döwründe, dynç almasaňyz, onda galla oragyndan we pagta ýygymyndan soňra dynç alyp bilersiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

04.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Prezident Berdimuhamedowa döwlet gurluşlaryndaky we býujet edaralarynsdaky korrupsiýa faktlary barada hasabat berildi
21-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Berdimuhamedow 'adamlary gorkuzan un nobatlary ýylynda' 6.2% ösüş bolandygyny aýdýar