05.07.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 205-nji Permanyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Ýurdumyzyň jemagat hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerine ýetirilýän jemagat hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Jemagat hojalygy müdirligi diýlip atlandyryldy.Degişli çäklerde jemagat hojalygy, jemagat hyzmatlary, abadanlaşdyrmak, arassaçylyk boýunça işleri amala aşyrmak wezipeleri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bellenen tertipde berildi.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasaryna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň garamagyndaky edaralary we kärhanalary degişlilikde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň garamagyna bermek bilen bagly meseleleri pudagara topary döredip, bir aý möhletde bellenen tertipde çözmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi: Jemagat hojalygy müdirligi hakyndaky Tertipnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, raýatlarymyz üçin beden işjeňligi babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri hem-de şertleri üpjün etmek, beden işjeňliginiň ýeterlik däldigi sebäpli döreýän ýokanç däl keselleri azaltmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak we netijede, adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmagyň çäreleriniň Meýilnamasy tassyklanyldy.Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek hem-de giňden ornaşdyrmak, alkogolly içgileriň zyýanly täsiriniň öňüni almak, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli hem-de toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama we şu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgül Tuwakgylyjowna Muhaýewa pensiýa gitmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmämmedowa Şirin Myratgulyýewna işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejepow Rejep Nazargulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklipleri taýýarlamak boýunça Pudagara topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Pudagara toparyna ulag-logistika merkezini döretmek hem-de Merkeziň ýerine ýetirmeli wezipelerini kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet toparyna 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine: okuwa kabul etmegi 2018-nji ýylyň 8-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda guramak: okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda: 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti iki ýyl) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy; 2018 — 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdymyradow Kerim Hajyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin maliýe we ykdysadyýet ministri Bazarow Batyr Aganazarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin senagat ministri Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyradow Döwran Rahymberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin aragatnaşyk ministri Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Aşa çalt zarýad berýän beket