05.06.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe alnyp barlan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň döwrebap gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.

Ilki bilen kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda kanunçylygy we tertip-düzgüni berjaý etmek, harby gullukçylary taýýarlamak boýunça iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi.Watanymyzyň ähli künjekleriniň degişli goraglylygyny üpjün edýän harby gullukçylar halkymyzyň döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleri üpjün edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, durmuş we dynç alyş şertlerini ýokarlandyrmak meseleleriniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.Milli Liderimiz harby düzümlerde watançylyk ýörelgelerine üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleri üçin degişli çäreleriň guralmalydygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegi hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagy IIM-niň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi.Milli Liderimiz jenaýatçylygyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleriň guralmagynyň, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda zerur çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmekde netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň zerurdygyny belläp, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmegi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew giň möçberli harby özgertmeleriň, Milli goşunyň düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň döwrebap gulluk etmegi we ýokary derejeli ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek harby ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.Milli Liderimiz şunlukda, goşunyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ünsi çekip, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kazyýet ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini hem-de türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbidini goramagyň esasy wezipe bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda hasabat döwründe kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetimiziň hem-de döwletiň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, her bir işiň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň bäş aýynda eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, serhetçilere özygtyýarly döwletimiziň mukaddes çäklerini goramak boýunça möhüm wezipeleriň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiz döwletimiziň serhetleriniň goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostluk serhedi bolmalydygyny belläp, sebitiň halklary bilen köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işlere ünsi çekip, bu ugurda serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin zerur şertleri döretmek meselelerini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirýän çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük düzümlerini döwletimiziň üstünden geçýän ýüklere berk gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýän häziriki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu gün Ýewraziýa yklymynda Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelge hökmündäki ornunyň pugtalanýandygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möçberiniň artýandygyny nazarda tutup, gulluga degişli wezipeleriň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň degişli tertibiniň üpjün edilmelidigini aýratyn belläp, halkara kadalara laýyklykda degişli çäreleriň geçirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.Milli Liderimiz ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, iri maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýändigini nazarda tutup, bu ugurda bar bolan ösen tejribeleri hem-de hyzmatdaşlygyň täzeçil usullaryny peýdalanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň soňky ýyllarda ulag-üstaşyr geçelge hökmündäki derejesiniň ýokarlanýandygyny belläp, gulluga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy we halkara tejribeleriň herekete girizilmegi, aýratyn-da, gullugyň işinde sanly ulgamyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy babatda görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar, sanly ulgam arkaly ýola goýulýan hyzmatlaryň möçberi artdyrylýar we öňdebaryjy halkara tejribe ornaşdyrylýar, halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna, olaryň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, döwrüň talabyna laýyk gelýän we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urmagyny şertlendirýän täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hukugyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň, ilatyň hukuk babatda sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, güýje girizilýän kanunlary, şol sanda täze usullary ulanmak arkaly ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň başyndan bäri migrasiýa syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, gullugyň işgärleri netijeli işleri amala aşyryp, Watanymyzyň abraýyny ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermelidirler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem täzeçil usullaryň, şol sanda sanly ulgamyň işiniň netijeliligini artdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň, duşuşyklaryň, wajyp syýasy, ykdysady we medeni çäreleriň barha artýandygyny, eziz Diýarymyzda ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň köpelýändigini aýdyp, bu babatda migrasiýa gullugynyň işgärlerine aýratyn jogapkärçiligiň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu babatda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly raýatlaryň ähli migrasiýa çäreleri degişli derejede geçmegi üçin halkara kadalara laýyk gelýän şertleri döretmek meselelerine möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň jemini jemläp, türkmen halkynyň döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň we degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylar üçin degişli gulluk we durmuş şertlerini döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Milli Liderimiz şahsy düzümleriň harby-watançylyk terbiýesine mundan beýläk-de möhüm üns berilmelidigini aýdyp, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisde başga-da meselelere garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň rahatlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

03.12.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi