05.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi.Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.

Bu ulgamda hasabat döwründe bolan wakalaryň syny hem-de esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesi döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň düýpli özgerdilmeginiň, bazar gatnaşyklaryna geçilmeginiň hem-de beýleki ýagdaýlaryň Watanymyzyň ösmegine we rowaçlanmagyna oňyn täsir edendigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, işjeň telekeçiligi, innowasion başlangyçlary hem-de tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini, gaznalar biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri dowam etdirmek 2018-nji ýylyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde emele gelýän çylşyrymly ykdysady we maliýe ýagdaýyny yzygiderli hem-de düýpli öwrenmegiň esasynda bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy çylşyrymly ýagdaýlara aýratyn üns bermegiň, kanunçylyk esasynda milli ykdysadyýetimize oňaýsyz daşky täsiri azaltmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mart aýynda milli Liderimiziň Karary bilen Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagyny geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Maksatnamanyň düzgünlerine laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, býujet serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny özgertmek boýunça işler başlandy. Şeýle hem zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňüleriň talaplaryna laýyklykda döwlet statistika ulgamlaryny özgertmek, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, diňe diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnukly bolar. Şoňa görä-de, düýpli maýa goýumlarynyň esasy bölegi uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmäge, elektrik energetikasynyň, himiýa senagatynyň hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirilýär. Ýylyň dowamynda ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny giňeltmek, hususy ulgama goldaw bermek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.

Giňden karzlaşdyrmak we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bilen birlikde, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary senagatlaşdyrmak we ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ugurda görlen netijeli çäreler 2018-nji ýylda jemi içerki önümiň görkezijisini 6,2 göterim derejede saklamaga mümkinçilik berdi.

Daşary ýurtlara iberilen önümleriň möçberi ABŞ-nyň 11 milliard 200 million dollaryndan hem geçdi.Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyryldy.Umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan 1 müň 704 desga guruldy we ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ýerli serişdeleriň esasynda ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň artdyrylmagynyň hasabyna döwletimize getirilýän çig malyň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberleri azaldyldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. 2018-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberi 40,3 milliard manada barabar boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik maksatly binalaryň, 36,3 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Häzirki Türkmenistan üçin makroykdysady görkezijileriň durnukly bolmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.Munuň özi dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň, hususan-da, Halkara pul gaznasynyň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek bellenildi.Halkara pul gaznasynyň berýän bahasy we çaklamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty alyp barmagy netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini dowam edýändigini, giň möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýändigini hem-de täze belent sepgitlere ýetýändigini tassyklaýar.

Köptaraply özgertmeleriň netijesinde içerki bähbitleri hem-de dünýädäki goşulyşmak ýagdaýlaryny nazara almak bilen, bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasynyň missiýalarynyň 2018-nji ýylyň fewral we oktýabr aýlarynda eden beýannamasyny ýatlamak zerurdyr.

Bu abraýly guramanyň wekiliýetleriniň iş saparynyň netijeleri boýunça beýan edilen metbugat hasabatlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň düzüminde içerki islegleriň hem-de eksportyň arasyndaky gatnaşyklaryň üýtgändigi, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň artandygy nygtaldy.

Munuň özi, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň netijeliligi bilen şertlendirilendir.

Gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň ulanmaga berilmegini hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.Bilermenler dünýä bazarynda nebit önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berdiler.

Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine, daşary söwda dolanyşygyna hem-de esasy maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine oňyn täsir edýär.Döwletimiziň ösüşiniň geljegi barada aýtmak bilen, Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ähmiýetini belledi.

Bu maksatnamanyň esasy maksatlary düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmakdan we çaltlaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen bazar ykdysadyýetiniň esasynda has uzak möhletli geljekde hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmekden ybaratdyr.Mundan başga-da, tebigy gazyň, nebithimiýa we beýleki önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň möhümdigi, şeýle hem döwlet kärhanalaryny mundan beýläk-de hususylaşdyrmagyň, erkin ykdysady zolaklary döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hödürlenýän çäreler goşmaça maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.Halk Maslahaty tarapyndan 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň ilatynyň elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün edilmegini kadalaşdyrmak baradaky Kararyň kabul edilmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu mesele bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli forumda eden çykyşynda: Täze ykdysady şertler döreýär.

Häzirki döwrüň talaby tebigy we ykdysady serişdeleri netijeli peýdalanmakdan, jemgyýetiň, döwletiň we her bir adamyň bazar ykdysadyýetine uýgunlaşmagyndan ybarat bolup, bu meseleler oýlanyşykly çözülmegini talap edýär.Häzirki wagtda ilatyň girdejileri görnetin artdy.

Her maşgala gazanç etmek, çagalary ekläp-saklamak üçin giň mümkinçilikler döredi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan mugt berilýän serişdeleri tygşytly ulanmak üçin bu meselelere täzeçe garalsa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn diýip belledi.

Bu çözgüt, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň hem-de ykdysady mümkinçilikleriň ýokary bolmagynyň diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesillere hem hyzmat etmelidigi bilen şertlendirilendir.Häzirki bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde bank ulgamynyň netijeli işlemegine aýratyn orun degişlidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bank ulgamy okgunly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi.Bu ulgamyň edaralarynyň üstüne pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, maliýe akymlaryna gözegçilik etmek, olary paýlamak, hojalyk subýektleriniň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmek, aýry-aýry pudaklara, işewür düzümlere hem-de ilata karz bermek wezipeleri ýüklenildi.

Milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmek, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we bank kepillikleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak döwlet Baştutanymyzyň pul syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda dünýä tejribesiniň esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmäge, oňa ylmy-tehniki täzelikleri ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň daşyna çykarylýan pul serişdeleriniň mukdaryny azaltmaga we getirilýän pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde maliýe durnuklylygyny saklamaga, milli manadyň hümmetini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň töleg deňagramlylygynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen degişli hukuk namalaryny halkara ülňülere laýyk getirmek wezipesiniň goýlandygyny bellemek gerek. Şunuň netijesinde, 2018-nji ýylda elektron bank düzümi ösdürildi, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri artdy, orta we kiçi telekeçilige berilýän karzlaryň mukdary ýokarlandy, şeýle hem bank önümleriniň täze görnüşleri artdy.

Goýum bank karty hyzmatynyň ornaşdyrylmagy hem-de Mobil-bank we Internet-bank arkaly hasaplaşyklary geçirmek üçin mümkinçilikleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Ilatymyz tarapyndan Altyn asyr bank kartlarynyň hem-de Visa we MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň hyzmatlarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmekde täze tapgyry açdy.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, manadyň hümmeti durnukly bolmagynda, onuň hümmetsizlenmegi bolsa bellenen derejede saklanyp galýar. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlary öndürmek boýunça döwrebap önümçilikleri giňeltmek üçin berlen karzlaryň möçberi 10,2 göterim artdy, döwlete dahylsyz ulgam boýunça 20,4 göterim ýokarlandy.

Bank kartlarynyň sany 1,36 esse, terminallaryň sany bolsa 1,31 esse artdy. 2018-nji ýylda geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1,12 esse artdy.Geçen ýylyň netijelerine syn bermek bilen, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilendigini aýtmalydyrys. Çärýek asyr mundan ozal ädilen bu ädim ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de bitewi döwlet pul syýasatynyň geçirilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.

Bu toplumyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Buig Batiman Internasional fransuz kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmak hakyndaky Karara gol çekendigini ýatlamak zerurdyr. Şol banklaryň täze binalary döwrebap kompýuterler, mebeller, beýleki zerur enjamlar hem-de serişdeler bilen doly üpjün ediler.

Halkara bilermenleriň baha bermegine görä, pul-karz hem-de salgyt-býujet syýasaty ulgamynda geçen ýylyň dowamynda görlen giň möçberli çäreler maýa goýum kuwwatynyň ýokarlanmagyna, maliýe binýadynyň pugtalandyrylmagyna, dolandyryş we bank gözegçiliginiň standartlaryny giňden ulanmaga, amallaryň görnüşlerini artdyrmaga ýardam etdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ýene-de bir ugry — halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada durup geçmek möhümdir. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmek bu babatda esasy maksat bolup durýar.Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdelerini hem-de strategik ýerleşişini nazara almak bilen, ýokarda agzalan banklaryň amallary ulag we energetika ulgamlaryny kämilleşdirmäge, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan sebit gatnaşyklaryny we söwdany ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary ilerletmäge gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar.

Bu desganyň gurulmagy Watanymyzyň eksport kuwwatyny ep-esli artdyryp, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin kuwwatly esasa öwrüler. Şunuň bilen birlikde, Aziýanyň ösüş bankynyň teklip eden iş meýilnamasy barada ýatlatmalydyrys.

Onda dürli ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin 2019 — 2021-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şu bank tarapyndan TOPH ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurulmagy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda beýleki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly işler maliýeleşdirilýär.

Maýa goýum babatda özara gatnaşyklaryň ýene-de bir ugry uglewodorod serişdelerini ibermek bilen baglanyşyklydyr. Ägirt uly serişdeler baýlygyna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň halklarynyň energiýa üpjünçiligine hem-de energiýa howpsuzlygyna saldamly goşant goşýar.

Dünýäniň esasy işewür toparlarynyň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artmagy hem hut şu ählumumy wezipe bilen şertlendirilendir.Maýa goýum ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny, onuň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün edýär.

Abraýly maliýe düzümleriniň milli ykdysadyýetimize ägirt uly serişdeleri bermäge taýýardygy belent abraýa hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynamyň bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleri özgertmek boýunça başyny başlan maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.Maksatnamada bellenen wezipeleriň çözülmegi welaýatlarda önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişdeler kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna ýardam edýär.

Garalýan döwürde ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlary, köp sanly mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, saglygy goraýyş hem-de syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralary, inžener desgalary ulanmaga berildi. 2018-nji ýylyň giň möçberli täze gurluşyklarynyň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabyndaky Täze zaman ýaşaýyş toplumyny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köpugurly hassahanany we ýaşaýyş jaý toplumyny, Mary şäherindäki çagalar hassahanasyny, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezli akwaparky hem-de şypahanany görkezmek bolar.

Aşgabatda işewürler toplumy, Ahal welaýatynda aýna önümlerini öndürýän kärhana, Marydaky döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bug-gaz turbinaly elektrik stansiýasy, Balkan welaýatynda Garabogazkarbamid zawody, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy işe girizildi.

Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi, täze döwrebap obalaryň we şäherçeleriň hem-de beýleki dürli maksatly köp sanly desgalaryň düýbi tutuldy.

Maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, tutuş geçen ýylyň dowamynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine geçmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny bellemek gerek.

Bu ulgamda özgertmeleriň artykmaçlyklary olaryň ýuridiki we şahsy taraplaryň maliýe ýagdaýynyň açyklygyny üpjün etmäge hem-de ykdysady ýagdaýyň anyk ýagdaýyny görkezmäge gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr.Salgyt ulgamyny özgertmek ýurdumyzy ösdürmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Bu ugurda döwrebap usullar ulanylýar, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalary kämilleşdirilýär, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi netijeli alnyp barylýar.Häzirki şertlerde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli ulanylmagy ýurdumyzyň uzak möhletli geljegi üçin gülläp ösmeginiň esasyny üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň 2018-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülendigini bellemek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrdaky Karary tarapyndan tassyklanan bu resminama 7 bölümden ybaratdyr. Şolarda Konsepsiýanyň maksatlary we wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ýollary hem-de gurallary, garaşylýan netijeler anyk kesgitlenendir.

Bu Konsepsiýany üç tapgyrda (birinjisini 2019-njy ýylda, ikinjisini 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünjisini 2024 — 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.Munuň özi eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün eder, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyryşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatyň esasy maksatlaryndan ugur almak bilen, maýa goýumlaryň has ygtybarly hem-de örän çalt özüni ödeýän çeşmesi hökmünde adam maýasyna serişdeleri gönükdirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, maýa serişdeleriniň ep-esli bölegi, hususan-da, döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragy bilim we saglygy goraýyş ulgamyna, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy-barlaglaryň ýokary derejesi, işçi güýjüniň derejesiniň ýokarlanmagy ykdysady ösüşiň depginine hem-de hiline uly täsir edýär.Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça görülýän çärelere döwlet strategiýasynda aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen geçen ýylyň 2-nji martynda tassyklanan bu resminama ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, iş bilen üpjün etmek ulgamyny täzelemäge gönükdirilendir. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň zähmet haklaryny, şeýle hem pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyplaryň hem-de diňleýjileriň haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda geçen ýyl Permana gol çekilmegini durmuş ulgamynda ädilen möhüm ädimleriň hatarynda görkezmek bolar.

Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir.Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi we oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde bu ulgam soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe boldy. Şunlukda, kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli şertlerde karz bermek maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki döwürde hususy ulgamyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň öňünde goýan wezipeleri çözmäge, gurluşyk ulgamynda hem-de gurluşyk serişdeleri senagatynda giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýarlar, ýokary tehnologiýaly önümçilige maýa serişdelerini goýýarlar, bazaryň ýagdaýyna çaltlyk bilen seslenýärler, özlerini täze pudaklarda üstünlikli synap görýärler.

Munuň özi bolsa çykarylýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, nyrhy babatda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.Häzirki wagtda özüne telekeçileriň ýigrimi müňden gowragyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredileninden bäri geçen 10 ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýy jemi içerki önümiň düzüminde ep-esli artyp, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, 60 göterimden gowraga barabar boldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanmagy hem ykdysady we eksport kuwwatynyň artmagyna hem-de ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam edýär.Bu ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýeňillikli şertlerde karz bermek ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Munuň özi bolsa oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagatyň düzümini ösdürmäge, ýokary hilli azyk harytlaryny çykarmaga hususy telekeçileri giňden çekmäge mümkinçilik berer.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde ägirt uly serişdeler, uglewodorod we üstaşyr kuwwaty ählumumy ulgama işjeň çekilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan rejeli hem-de netijeli maýa goýum syýasaty bu işleriň ilerlemegine uly täsir edýär. Şunuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen durnukly ösüşi hem-de içerki ösüşiň oňyn ýagdaýy saklanyp galýar.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän Açyk gapylar syýasaty uly möhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga kuwwatly itergi berýär.Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri ägirt uly tebigy serişdeleriniň bardygy, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de söwdanyň we hyzmatlaryň okgunly ösýän bazary bilen hem şertlendirilendir.

Biziň döwletimiz döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň işewürleriniň wekilleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär, salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş ýeňillikleri görnüşinde olara uly goldaw berilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň çäginde maýadarlaryň işiniň esaslaryny kadalaşdyrýan degişli hukuknamalaryň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu babatda möhüm orun eýeleýär.

Muňa subutnama hökmünde türkmen ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris.Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagaty, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag we kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň, ikitaraplaýyn işewür geňeşleriň işi hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürler maslahatlary, halkara sergileri hem daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, ähtnamalar dünýä bileleşigi bilen ähli ulgamlarda hem-de ugurlarda netijeli we uzak möhletli özara gatnaşyklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Maliýe-ykdysady ulgamda 2018-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen, ýurdumyzyň toplanan oňyn tejribä hem-de gazanylan ägirt uly üstünliklere daýanmak bilen, rowaçlyk we ösüş ýolunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmäge taýýardygyny uly ynam bilen aýtmak bolar.

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin döwlet býujetinde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, halkara we sebit ähmiýetine eýe bolan giň möçberli hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen durnukly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň her biriniň bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam
Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär
19.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli gezelenç etdi
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
02.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy