05.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Täze ýylda häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gazanmak hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçiligiň boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn. Şeýle hem Täze ýylda ýurtlarymyzyň halklarynyň röwşen geljeginiň bähbidine dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerletmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň dowam etjekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy ýene-de bir gezek beýan etmek bilen, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de dünýäniň ähli halklaryna ösüşi we abadançylygy arzuw edýärin.Täze, 2020-nji ýylyňyz gutly bolsun! Çäksiz hormat goýmak bilen,Abdel Fattah Al-Sisi,Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň!Abdul Hamid,Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Narendra Modi,Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini gutlady
03.09.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar
Türkmen Liderini Gurban baýramy bilen daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
13.01.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
28.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi