04.10.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden we Konstitusion toparyň birinji mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Mejlise welaýatlaryň häkimleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň agzalary gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şol toparyň birinji mejlisiniň hem geçiriljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, onuň işini ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seretmekden başlady.Hormatly Prezidentimiz M.Çakyýewiň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, içeri işler ministri wezipesine bellenilendigini ýatladyp, oňa polisiýanyň general-maýory diýen ýörite ady dakmak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli Permana gol çekildi.

Içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden degişli nyşanlary çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, harby däbe görä, mukaddes Baýdaga tagzym etdi we Watanymyza, halkymyza, Belent Serkerdebaşymyza wepalylyk kasamyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz B.Öwezowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini habar berip, ony Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak barada şol agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady we degişli Permana hem-de Karara gol çekdi.

B.Öwezow milli Liderimiziň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.Döwlet Baştutanymyz Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy wezipesine H.Hudaýgulyýewi saýlamak barada şol agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady hem-de ony senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy ýurdumyzyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny halkara ülňüleriň derejesinde mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz A.Berdiýewi Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekip, ony şol birleşigiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.A.Berdiýew milli Liderimize bildiren ynamy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan jogapkärli we möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen atlary döwlet birleşiginiň täze bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny yzygiderli, ylmy esasda, döwrüň hem-de ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine laýyklykda has-da ösdürmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz seçgiçilik işine, arassa ganly bedewleriň tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, geljekde hem milli atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görüljekdigini belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Hatyra gününe düşýän 6-njy oktýabrdaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýekşenbe güni garaşsyzlygymyz, azatlygymyz we bagtyýar geljegimiz ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzy, olaryň ruhuny ýatlarys diýip aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, häkimlere, beýleki ýolbaşçylara bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Ol şu geçen döwürde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy.Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi.Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.

Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn netijeler gazanyldy.Bu görkezijiniň 2,8 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barlyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 27,3 milliard manada barabar boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 9-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 107-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işler dowam edýär.

Wise-premýer şeýle hem bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary giňeltmek, töleg kartlary arkaly edilýän hyzmatlary artdyrmak barada geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýylyň ahyryna çenli indi az wagtyň galandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, galan döwürde bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, beýleki wise-premýerler bilen bilelikde Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda kabul edilen resminamalary düýpli seretmek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna berlen tabşyryklary göz öňünde tutup, pudaklary ösdürmek hem-de özgertmeleri geçirmek boýunça ähli döwlet maksatnamalaryna gaýtadan seretmek barada hem anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy işiň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, her bir ministrligiň we pudak edarasynyň öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujeti barada aýdyp, onuň taslamasyny tamamlap, Mejlise bermegi tabşyrdy.Degişli Permana laýyklykda, Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberini, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetinde ýurdumyzyň her etrabynda we şäherinde mätäç adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem hökman göz öňünde tutmagyň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýerlere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz täze iş ýerlerini döretmek boýunça tassyklanan maksatnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini belläp, ýyl tamamlanandan soň, bu meselelere aýratyn serediljekdigini nygtady.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, umuman, obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,4 göterim bolandygyny belledi. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 112,5 göterime, Türkmen atlary döwlet birleşigi boýunça 105,8 göterime ýetdi.

Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 106,3 göterim berjaý edildi.Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý ekişi dowam edýär.Ekişi bellenen agrotehniki möhletlere laýyklykda geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de beýleki enjamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin çäreler görülýär.

Gallaçylar bugdaýyň ýokary hilli tohumlary bilen ýeterlik derejede üpjün edildi.Eýýäm ekiş geçirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmaga girişildi.Pagta ýygymynyň depgini ýokarlanýar.Häzirki güne çenli jemi 425 müň 557 tonna ak altyn ýygnaldy.

Möwsümde maddy-tehniki serişdeleriň, şol sanda pagta ýygýan kombaýnlaryň netijeli peýdalanylmagy hem-de pagta kabul ediş bölümleriniň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň işi sazlaşykly ýola goýuldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde esasy wezipe diňe bir içerki bazarlary oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan önümleri getirmegi bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmekden ybaratdyr.

Geljek ýylda alynjak bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyny nazara alyp, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine hem-de gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işlerine uly üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pudakda abatlanmaga degişli oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu ugurda iş alyp barmagyň täze usullaryny tapmalydygyny ýa-da şol tehnikalary kärendeçilere bermelidigini, ýa bolmasa, haýsy-da bolsa başga bir täze düzümleri döretmelidigini aýdyp, bu barada tekliplerini bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi we ýer reformasyny geçirmegi dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu ýyl meýdanlarda pagtanyň bol hasyly ýetişdi.

Bu ekiniň ýurdumyz üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pagtany iň soňky hanasyna çenli zaýasyz ýygnap almaly diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda biologiýa barlaghanalaryny, häzirki zaman suw tygşytlaýjy, ýagyş ýagdyryjy, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmagyň, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň şu ýylyň 9 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Wise-premýer, daşary işler ministri 28-nji sentýabrda türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda çykyş edip, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurlar boýunça oňyn başlangyçlaryny beýan edendigini habar berdi.

Iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirdi.Onuň barşynda BMG-niň ýolbaşçysyna milli Liderimiziň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy gowşuryldy.

BMG-niň Baş sekretary türkmen tarapynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşandyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly işlere möhüm orun berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Howa boýunça sammitiň geçirilýän döwründe, ýurdumyzda, ýagny 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylandygy bellärliklidir. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamany döretmegiň hem-de täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny işläp düzmegiň wajyplygy nygtaldy.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti halkara çäreleriň birnäçesine gatnaşdy hem-de köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi, olaryň çäklerinde milli Liderimiziň dürli ulgamlardaky döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 30-njy sentýabrda türkmen tarapy BMG-niň Ştab-kwartirasynda Terrorizmden azat dünýäni gazanmak boýunça tertip Kodeksine gol çekdi. Ýokarda agzalan resminama goşulmagy ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine halkara saparlara, Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek maslahatlara we beýleki çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl amala aşyryljak halkara saparlaryň meýilnamasynyň we halkara maslahatlary geçirmegiň tertibiniň üstünde işlemegiň we tassyklamak üçin hödürlemegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra milli Liderimiz şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň, öňküsi ýaly, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine pugta eýermek esasynda alnyp barlandygyny belledi.

Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldaw tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegini muňa soňky döwürdäki mysal hökmünde görkezmek bolar.

Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginde Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.Biz içeri syýasatymyzy ata Watanymyzy ösdürmek boýunça tassyklanan maksatnamalara laýyklykda alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki döwürde hem, ozalkysy ýaly, Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge örän uly möçberde maýa goýumlary goýulýar.Tutuş ýurdumyz boýunça bu maýa goýumlarynyň möçberi 30 milliard manada golaýdyr.

Iri içerki hem-de halkara taslamalary amala aşyrmak işi dowam edýär.Geçen döwrüň dowamynda bahasy 10 milliard manatdan gowrak bolan 79 sany iri desga, bir million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýleki desgalar ulanylmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwürde hem umumy bahasy 34 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, iri gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, ýollaryň hem-de iri köprüleriň gurluşygy bar.

Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler hem gowy netijeleri berip başlady diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu ýyl bol galla hasyly ýygnalyp alyndy. Ýurdumyzyň ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär.

Alnyp barlan şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejä ýetdi. Öndürilýän senagat önümleriniň möçberi artdy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde, eksportyň möçberi 7,5 göterim köpeldi, importyň möçberi bolsa 5 göterim azaldy.

Milli manadymyzyň hümmeti durnukly derejede, içerki bazarlarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhy pes derejede saklandy. Ýaşaýyş-durmuş ulgamyna gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi artdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň işini tamamlady we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisiniň başlanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň esasy maksady Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamakdan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toparyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Halk Maslahatynda eden çykyşymda belläp geçişim ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribe nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz alyp barýan işlerimizde düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlarymyzdan ugur alyp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýoluny häsiýetlendirýän ynsanperwerlik hem-de adalatlylyk ýörelgelerine eýerýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda şu ýörelgeleri işjeň goldanmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza giriziljek üýtgetmelerde we goşmaçalarda şu ýagdaýlar göz öňünde tutulmalydyr. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başyny başlaýan giň gerimli oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy ugruny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumyň ikinji mejlisinde Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek hem-de Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýetli taryhy ädim bolandygy, demokratik edaralary, döwletiň we jemgyýetiň bitewüligini berkitmegiň subutnamasydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar.

Olaryň hatarynda şol özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak wezipeleri bar diýip, parlamentiň Başlygy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işi Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde geçiriler.

Mejlisiň Başlygy öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edip, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.Soňra milli Liderimiz adalat ministri B.Muhamedowa söz berdi.Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrebap kämilleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň ýurdumyzda gazanylýan köpugurly ösüşleriň hukuk binýady bolup çykyş edýändigini belläp, bu möhüm işiň raýat jemgyýetini berkarar etmek, konstitusion özgertmeleri geçirmek, milli kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky teklipleriniň halkymyzyň giň goldawyna eýe bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparyna Adalat ministrliginiň wekili hem gatnaşýar.

Bu wajyp işiň dowamynda ministrlik tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, hususan-da, parlamentleriň işi bilen bagly bolan kadalar seljerilýär, bu ugurda toplanan dünýä tejribesi öwrenilýär.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, onuň döwlet gurluşyndaky hem-de jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek bilen bagly özgertmeler milli kanunçylygymyzyň mundan beýläk-de kämilleşmegine ýardam berer we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde berk hukuk bolup hyzmat eder.

Milli kanun çykaryjy edaranyň işiniň iki palataly ulgama geçmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet adam üçindir!diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy baradaky konstitusion kadalaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna itergi berer diýip, ministr aýtdy. Şeýle hem ministr milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde geçirilýän konstitusion özgertmeleriň demokratik-hukuk we dünýewi döwletimiziň täze taryhy döwre gönükdirilen maksatlaryna ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Adalat ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy toparyň agzalarynyň hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işgärleriniň hukuk özgertmelerini hem-de milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi.Ol konstitusion özgertmeleri geçirmek hem-de Türkmenistanyň Esasy Kanunyny dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen ýakyn döwür üçin meýilleşdirilen işler barada habar berdi.

Bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda taryhy ähmiýetli iri möçberli maksatnamalar we taslamalar, möhüm syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligi gowulanýar.

Häzir milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar.Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýän Garaşsyz döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy dünýäde pugtalanýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleri jemgyýetiň hem-de döwletiň baş baýlygy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilendir, munuň öz Döwlet adam üçindir!

diýen şygarda öz beýanyny tapýar.Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hakynda başlangyjy ilatyň doly goldawyna eýe boldy diýip, häkim milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän maksatnamalaýyn sözüniň bu möhüm işi geçirmek üçin esasy ugur bolup hyzmat edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerinden ugur almak bilen, Mary welaýatynda şu mesele boýunça raýatlaryň tekliplerini hasaba almak we umumylaşdyrmak, olaryň ähmiýetli çärä işjeň gatnaşmagy, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny hem-de maksatlaryny düşündirmek üçin zerur çäreler görülýär diýip, welaýatyň häkimi Konstitusion toparyň öňünde goýlan ähli wezipeleriň doly ýerine ýetiriljekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynyň ähmiýeti bellenildi.

Milli Liderimiz sözlän sözünde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sazlaşykly ykdysady ösüş, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, hukuk ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berildi. Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurdaky işler çäreleriň tassyklanylan meýilnamasy esasynda alnyp barylýar hem-de ilatyň syýasy-döwlet ähmiýetli çärä işjeň gatnaşmak üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem Esasy Kanunyň täze redaksiýasynyň taslamasy taýýarlananda bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesiniň hem-de döwlet gurluşygynyň toplanylan milli tejribesiniň hasaba alynjakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek işlerini Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, raýatlar, ylmy edaralar, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy häzirki wagtda geçirilýän konstitusion özgertmeleriň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň häzirki döwrüň talaplaryna kybap getirilmeginiň milli kanun çykaryjylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe gitmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

TDP-niň, beýleki iri jemgyýetçilik guramalarynyň ähli agzalarynyň hem-de işjeňleriniň milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjyny doly goldaýandyklaryny nygtap, Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlary diňläp, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň Başlygynyň orunbasary edip bellemek hem-de bu toparyň iş meýilnamasy baradaky teklipleri tassyklap, degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar ýurdumyzyň Mejlisi, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikleri we pudak edaralary, syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary we raýatlarymyz bilen ysnyşykly işläp, bu ugurda degişli işleri alyp barmalydyr.

Toparyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryna girizmek üçin üýtgetmeleri we goşmaçalary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu babatda Topar Mejlisiň iki palatadan ybaratdygyny, olaryň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny, ygtyýarlyklarynyň möhletlerini, olary döretmegiň we wekilçiligini üpjün etmegiň tertibini anyk kesgitlemelidir. Şeýlelikde, dünýädäki kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda iki palataly kanun çykaryjy edaranyň sazlaşykly işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilen ähli kadalaryň berjaý edilmegini göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu meselelere degişli düzgünler we kadalar döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmakda toplanan milli we halkara tejribäni öwrenmek esasynda, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak bilen, işlenip taýýarlanmalydyr.

Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky Kanuny we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryny seljermegiň hem-de şolara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly ähli işler ýurdumyzyň alymlarynyň, döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýat jemgyýetiniň beýleki wekilleriniň, raýatlarymyzyň köplüginiň pikirini beýan edýän adamlaryň giň toparynyň işjeň gatnaşmagynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Olardan gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreler giň gerimde bolmaly.Bu ugurda alnyp baryljak işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda kärhanalarda hem-de guramalarda duşuşyklary geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarydyr tegelek stollaryň başyndaky söhbetdeşlikleri guramak möhümdir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri guramagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, adalat ministri B.Muhamedowa hem-de Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewe tabşyrdy. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek üçin parlamentarizmiň dünýäde toplanan tejribesiniň iň gowy düzgünlerini goldanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, bu ugurda geçirilýän işlerde Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy mümkinçiliginiň giňden peýdalanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak we ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly çäreleri maliýe-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa ýokarda agzalan kanunyň taslamasyny halkymyz giňden ara alyp maslahatlaşar ýaly, sanly ulgamyň, kämil kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hem-de aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynyň merkezi edaralarynda, şeýle hem ýerli müdirliklerinde we bölümlerinde Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri toplamak we umumylaşdyrmak boýunça işi göwnejaý guramalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň milli parlamentiň işini kämilleşdirmek meselesine ylmy jemgyýetçiligi giňden çekmelidigini nygtady. Ýurdumyz bilen ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk edýän beýleki döwletleriň ylmy edaralarynyň wekilleriniň mümkinçiligini giňden peýdalanmaly.

Bu ugurda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlar, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri işjeň gatnaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip we olaryň öňünde konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly uly wezipeleriň durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz tekliplerini erkin beýan edip biler ýaly ähli mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak we howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin, Esasy Kanunymyzy täzelemegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny her bir harby gullukça düşündirmegiň wajypdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary A.Serdarowyň, B.Annagurbanowyň, S.Owganowyň, G.Ataýewanyň hem-de Ý.Öwezberdiýewiň öňünde wezipeleri goýup, olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem milli parlamentiň işini kämilleşdirmek bilen bagly giňden düşündiriş işlerini guramalydygyny belledi.

Bu ugurda geçiriljek işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony 2020-nji ýylda Halk Maslahatynyň mejlisinde seretmek üçin hödürlemek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmegi milli parlamenti türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwürmäge şert döreder.

Häzirki döwrüň wagty ýeten wezipelerini çözmäge, saýlawçylar bilen deputatlaryň ysnyşykly özara gatnaşyklaryny has netijeli ýola goýmaga ýardam edýän kanunlary taýýarlamakda hem-de ulanmakda işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirer.

Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet häkimiýet edarasynyň kanun çykaryjylyk işini täze derejä çykarmaga hakyky mümkinçilik berer hem-de döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň wezipesini täze derejä çykarmaga şert döreder. Şeýlelikde, şol edarany iş ýüzünde giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Konstitusion toparyň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemmeleriň tutanýerli işlejekdigine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda birnäçe uly döwlet we syýasy çäreleriň geçirilendigini belledi.Bu çäreler ýokary derejede guraldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemmelere, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryna, şol dabaralary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan aýry-aýry adamlara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu çäreleri taýýarlamakda hem-de geçirmekde aýratyn tapawutlanan adamlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara günüň ikinji ýarymynda sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanan ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler
Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi