4-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar, şonuň esasynda oňat netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda oba zähmetkeşleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, ekerançylaryň bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin hemme zerur şertler döredildi.
Olar ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri, zerur mukdarda döwrebap oba hojalyk tehnikalary we ösüş suwy bilen üpjün edilýär.Hormatly Prezidentimiz obalarda gyzgalaňly döwrüň — bugdaý ekişi möwsüminiň ýetip gelendigini belläp, geljekki bol hasylyň binýadyny goýýan ekiş işlerini gysga möhletlerde hem-de ýokary hilli, ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçy babadaýhanlar!diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlaryna, berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek ýylda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, ekişe ak pata berdiler.Oňat taýýarlanan topraga Her bir dänäň müň bolsun!
diýen sözleri aýdyp, güýzlük bugdaýyň ilkinji tohumlaryny taşlamak bilen, aksakallar hem-de olaryň ýaş kömekçileri ekiş geçirmek gezegini mehanizatorlara berdiler. Ýurdumyzda şu ýyl 690 müň gektar meýdany bugdaý eýelär.
Daýhanlar şonça meýdandan 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda — 310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda — 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.
Türkmen ekerançylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we dökün bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar.
Ekişe azyklyk bugdaýyň, hususan-da, Sähraýy, Juwan, Bitarap, Ýolöten — 1, Ýolöten — 3, Türkmenbaşy — 1, Gyzylşaglawuk — 25, Miras, Akbaş, Ýubileýnaýa — 100, Batko hem-de Wassa ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary öňünden taýýarlanyldy.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça CLAAS, John Deere, Case, Belarus-80H we Belarus-82.1 kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 260-sy hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 368-si, ekijileriň 1748-si hem-de beýleki enjamlar we abzallar ulanylar.
Obasenagat toplumyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan wajyp ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny hem-de eksport kuwwatyny pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Eziz Diýarymyzyň oba hojalyk öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli çäreleri bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki taýdan üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine iň oňat derejede kybap gelýän iň täze görnüşli tehnikalar satyn alynýar.
Ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär.Iri möçberli maýa goýumlarynyň netijesinde, ähli welaýatlarymyzda bugdaýy oňat saklamaga niýetlenen döwrebap elewatorlar, un üweýän iri toplumlar hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň, sebitlerde ilatyň 2020-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady şertlerini özgertmek boýunça maksatnamanyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Türkmenistan, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Gök çäge, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Watan, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Watan daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi.
Okuw maslahatlarynda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge kömek eder. Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de oba hojalyk pudagynda bar bolan täze tehnikalaryň sergisi guraldy.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.