04.08.2017 | Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ulagynyň binýady täzelenýär

Aşgabat şäheriniň ulag ugurlary boýunça birbada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai New Super Aero City” kysymly täze awtobuslarynyň 200-si we Ýaponiýanyň “Toyota Corolla” kysymly taksileriniň 100-si çykaryldy.Bu ulaglar paýtagtymyzyň ulag parkynyň üstüni ýetirip, şäheriçi boýunça ýokary hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde paýtagtymyzyň çäkleri giňeldildi, täze ýaşaýyş toplumlary, şaýollar we köçeler gurulýar.Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugurda, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerindäki işiň möhümdigini belledi hem-de ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän ulag hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri möçberli sport ýaryşlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, ýurdumyza täze gelip gowuşýan we “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşjak köp sanly myhmanlara hyzmat etjek taksileriň, awtobuslaryň we kiçi awtobuslaryň görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Awtomobil ulaglary ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, dünýä belli kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, diňe soňky wagtda awtoulag serişdeleriniň jemi 840-sy satyn alyndy, olaryň 500-si “Hyundai New Super Aero City” kompaniýasynyň awtobuslary we 200-si “Toyota Corolla” kompaniýasynyň ýeňil ulaglary, 50-si “Yutong” kysymly orta ululykdaky awtobuslar, 50-si “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslar we 40-sy bolsa “Yutong” kysymly uly awtobuslardyr.

Satyn alnan täze awtoulaglar şäher ugurlary boýunça, şeýle-de “Aşgabat 2017” Oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etmek üçin peýdalanylar.Eýýäm häzirden sürüjiler, şeýle hem ýolagçylar täze awtoulaglaryň artykmaçlyklaryna oňat baha berdiler.

Mundan başga-da, şu ýylyň maýynda oýunlaryň nyşanlary bilen bezelen “Hyundai Aero City” awtobuslarynyň 30-sy Aşgabadyň köçelerine çykdy.Olarda ahalteke bedewiniň, Wepaly alabaýyň we Aziadanyň tumarynyň şekilleri ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglar parkynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar tutýar.Bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk oňyn netije berýär. Şunda, taraplaryň ikisi hem gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan we ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän “Hyundai” korporasiýasy “Aşgabat 2017” oýunlary üçin awtoulaglary getirýän resmi düzüm hökmünde seçilip alyndy.

Koreýanyň awtobuslary Türkmenistanyň şäher we şäherara ugurlarynda işjeň hereket edýär.Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan şeýle ulaglaryň dürli görnüşleriniň ýüzlerçesi satyn alyndy. Şeýlelikde, ýolagçy ugurlarynyň sany artdyryldy we awtobuslaryň hereket wagty gysgaldyldy. “Hyundai New Super Aero City” kompaniýasynyň giň we oňaýly awtobuslarynda 27 oturgyç bar.

Awtobusda ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär hem-de awtobusyň beýikligi onuň howasyny täzelemäge mümkinçilik berýär, şeýle hem onda yşyklandyryş ulgamy, elektron wagt görkezýän tablo, sesli aragatnaşyk sazlaşykly işleýär.

Awtobuslaryň hereketlendirijileri Ýewro 4 ekologiýa standartyna doly laýyk gelýär.Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.Taksi çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir.

Awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallary oturdylandyr, munuň özi awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerine bildirilişi ýaly, ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda ýokary talaplar bildirilýär.Bu ölçegler babatynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze amatly ulaglary bildirilýän ýokary talaplara we dünýä ölçeglerine doly kybap gelýär.

Ýene degişli makalalar

26.01.2018 | Ulag-kommunikasiýa toplumy durnukly ösüş depginini görkezýär
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy...
Ýanwar — iýun aýlarynda ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi