04.04.2018 | Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar

Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça pudaklaryň eýe bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak wezipesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatynyň önümçilik binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi netijesinde içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri ugratmak ýola goýuldy, olaryň görnüşi yzygiderli artyp, daşary ýurtly görnüşleri bilen mynasyp bäsleşýär. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň geljegi uly bolan pudaklarynyň biriniň okgunly ösmeginde täze ykdysady sepgitleri gazanmaga, halkymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen döwlet özgertmeler syýasatynyň maksatlary öz beýanyny tapýar.

Dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary hem-de Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) dünýä bazarynda ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy we ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy pagtadan we ýüpekden dokma önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga, daşary ýurtly önüm öndürijileriň önümleriniň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga mümkinçilikleri berýär.

Aşgabadyň dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jinsi toplumy, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlary munuň aýdyň mysaly bolup durýar.Bu kärhanalaryň önümleri ýokary hilli, dürli görnüşli hem-de elýeter bahaly bolandygy üçin içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly islege eýe bolup durýar.

Jinsi toplumynda “Monforts” kompaniýasynyň (Germaniýa) innowasion enjamlarynyň oturdylmagy jinsi matasynyň çykarylyşyny artdyrmaga, tikinçilik sehinde bolsa önümleriň ýüzüne lazer enjamynyň kömegi bilen owadan suratlaryň çekilmeginiň hasabyna olaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ruhabadyň dokma toplumynda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça uly işler geçirilýär.Bu ýerde harby düzümleriň gullukçylary we işgärleri üçin ýörite egin-eşikleri, sport lybaslaryny tikmek üçin kanwa matasynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Kärhananyň öndürýän ýokary hilli ştapel matasy ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.Tejeniň pagta egriji fabriginde geçirilen döwrebaplaşdyrma işleriň barşynda “Rieter” belli şweýsar kompaniýasynyň pagta egriji enjamlary oturdyldy.Fabrigiň durkunyň täzelenilmegi önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini gowulandyrmaga ýardam etdi.

Eksport ugurly önümleri öndürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Kakanyň “Serdar” pagta egriji fabriginde kuwwaty bir ýylda 1300 tonna deň bolan nah ýüplük öndürýän seh işe girizildi.Täze önümçilik “SSM” şweýsar kompaniýasynyň hem-de “Saurer” kompaniýasynyň (Germaniýa) enjamlary bilen üpjün edildi.

Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda pudagyň kärhanalarynyň egirme, tikinçilik önümçiliginiň galyndylaryndan regenirlenen süýümi işläp taýýarlaýan seh ulanmaga berildi.Kärhanada “Balkan” kompaniýasynyň (Türkiýe) ýokary öndürijilikli enjamlary oturdyldy, olarda her ýyl dokma galyndylarynyň birnäçe müň tonnasyny işläp taýýarlamak bolýar.

Geçen ýyl eksporty artdyrmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde regenirlenen süýüm daşary ýurtlara satyldy.Daşary ýurt görnüşlerinden pesde durmaýan jorap önümleriniň önümçiligini Aşgabadyň nah-mata kärhanasy ýola goýdy.Onda “Lonati” italýan kompaniýasynyň awtomat enjamlary bölümi hereket edýär.

Kärhana bir ýylda uly islegden peýdalanýan erkekler, aýallar we çagalar üçin joraplaryň 2,5 million jübütine çenli çykarmaga ukyplydyr.Geçen ýylyň başynda Aşgabadyň Nusgalar öýünde “Shima Seiki” ýapon kompaniýasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen tikinçilik bölümi işe girizildi. Örüji awtomatlaryň birnäçesi ozal daşary ýurtlardan getirilen önümleriň 23 müňüsiniň çykarylmagyny üpjün etdi. Şeýle hem bu bölümiň binýadynda önümleriň täze görnüşleriniň — mekdep okuwçylary üçin jemperleriň, ýeňsizleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary üçin donlaryň önümçiligi ýola goýuldy. 2016-njy ýylda Sakarçäge we Türkmengala pagta egriji fabriklerinde tehnologik enjamlary döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilip, olaryň barşynda “Trützschler” we “Schlafhorst” belli german kompaniýalaryň täze egriji enjamlary oturdyldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip çykarylýan önümleriň hili ýokarlandy. Şu ýyl hem-de geljek ýylda bu kärhanalarda, şeýle hem Tagtabazaryň pagta egriji fabriginde, Daşoguzyň “Serdar” pagta egriji fabriginde, lukmançylyk pagtasyny we kosmetiki pamyk serişdelerini öndürýän Aşgabat fabriginde tehnologik enjamlary çalşyrmak göz öňünde tutulýar.

Munuň özi çykarylýan önümiň eksport mümkinçiligini artdyrmaga ýardam eder.Baýramalynyň dokma toplumynyň durkuny täzelemek işleri dowam edýär.Olaryň çäklerinde tikin önümçilik taýýarlaýyş sehiniň enjamlaryny çalyşmak meýilleşdirilýär, bu ýerde “Karl Mayer” german firmasynyň täze ýokary öndürijilikli enjamlary ulanylar.

Dokma sehine “Itema” italýan firmasynyň enjamlary gelip gowşar. Önümleriň täze görnüşlerini çykarmak üçin “Staubli” fransuz firmasynyň žakkard maşynlaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Şu ýyl Türkmenistanyň dokma pudagy öndürýän önümleriniň görnüşini artdyrar, bu ýerde çagalar we ulular üçin sintepon matasyndan üstki egin-eşikleri, ýarym ýüňden we wiskoza ýüplüginden möwsümleýin egin-eşikleriň toplumyny döretmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Dokma senagaty: ýokary tehnologiýalar we harytlaryň eksportyna alnan ugur
27.05.2018 | Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
19.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat