Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi, ministr ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň, şol sanda goşunlaryň dürli kysymlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak hem-de esgerleriň we serkerdeleriň ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Goranmak ministrliginiň işini kämilleşdirmegiň harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi.Olaryň üpjünçilik derejesini hem-de türkmen halkynyň asuda durmuşynyň goragynda duran Ýaragly Güýçlerimiziň şahsy düzüminiň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, yzygiderli çäreleri görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärler düzümini berkitmegiň ähmiýeti barada aýdyp, ugurdaş okuw mekdeplerinde bilim, syýasy-terbiýeçilik, jemgyýetçilik işlerini degişli derejede geçirmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra çykyş eden içeri işler ministri M.Çakyýew ýanwar-fewral aýlarynda garamagyndaky edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde düzgün bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, IIM-niň düzümindäki edaralaryň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi. Şunda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamaga, kanunlaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berip, duş gelýän ýaramaz hadysalara garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylyň iki aýynda edaranyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de Watan goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üýtgewsiz amala aşyrýandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, özygtyýarly döwlet hökmünde goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, asmanymyzyň arassalygyna, serhetleriň howpsuzlygyna we halkymyzyň asudalygyna kepil geçýän Milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmak üçin düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmezligini üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, bu gullugyň ýolbaşçysyna şahsy düzümiň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesini mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýylyň geçen döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet önümçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de kazyýet ulgamynyň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, hukuk demokratik dünýewi döwlet hökmünde Diýarymyzyň mundan beýläkki ösüşiniň köp derejede şu edaranyň işleriniň netijeliligine baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kazyýet önümçilik işini kämilleşdirmegiň, bu ulgamda täze kanunlary öwrenmegiň möhümdigi nygtaldy.
Raýatlarymyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy kazyýet ulgamynyň işlerine bagly bolup durýandygyny aýdyp, milli Liderimiz Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.Baş prokuror B.Atdaýew garamagyndaky düzümleriň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, geljekde hem edaranyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz prokuror gözegçiligi boýunça çäreleri görmegiň, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýdyp, edaranyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny hemişe gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli howpsuzlygy üpjün etmek, döwlet özygtyýarlylygynyň sütünlerini ygtybarly goramak boýunça ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli howpsuzlygy hem-de halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça degişli gulluklar bilen işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseleler hasabatyň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwleti ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaryň jemgyýetiň jebisligi netijesinde üstünliklere eýe bolýandygyny belledi.Dünýäniň wehimleri bilen baglylykda, milli howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz MHM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy namalaryň taslamalaryny hukuk seljermesinden geçirmegiň we ylalaşmagyň edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.Döwlet Baştutanymyz kabul edilýän kanunlaryň düzgünleri barada ilatyň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine uly üns bermelidigini nygtap, bu babatda edaranyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew garalýan döwür üçin ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Gümrük serhedinden harytlary we ulag serişdelerini geçirmegiň tertibini üpjün etmek meselelerini üns merkezinde saklamaly diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow edaranyň ýolbaşçysyna degişli düzgün-kadalaryň şertleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow düzümiň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şahsy düzümiň wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi, işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasy talaplaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň ýagdaýy, şu ýylyň iki aýynda olaryň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gözegçilik edýän edaralarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň barşy, Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Milli Goşunymyzyň işgärler düzümini pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleler barada habar berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegine degişli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu işde Harby doktrinanyň ýörelgelerine berk eýermegiň gerekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyryp, wise-premýere olaryň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerine üýtgewsiz eýerýändigini belledi.
Milli Liderimiz esasy ugry ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak bolup durýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini belläp, degişli düzümleriň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.Harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek möhüm ugur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz serkerdeleriň gullugy üçin hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlaryň hemmesine alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.