Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda şähergurluşyk, sport, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem oba hojalyk işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäheriň bezelişi we bagy-bossanlyga bürelişi, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz Aşgabadyň birnäçe şaýollaryny we köçelerini täzelemek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şäheriň daşky keşbini hem-de onuň inženerçilik-hojalyk düzümlerini ähli babatda has amatly durmuş gurşawyny kemala getirmek ugrundaky wezipeleri nazara almak bilen, döwrebap talaplara kybap getirmek ugrunda görülýän çäreler bilen-de gyzyklandy.
Häkimiň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berşi ýaly, paýtagtymyzyň awtomobil ulag ýollarynyň geçirijilik ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ulag akymlaryny has oňaýly ýagdaýa getirmek maksady bilen, degişli guramaçylyk we abatlaýyş çäreleri guralýar, şular bilen bir hatarda, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, ýollaryň ugrunda bezeg baglaryny ekmegiň, seýilgäh zolaklarynyň çäklerini giňeltmegiň meýilnamasy düzüldi.
Jemagat hojalygy gulluklary düzgün-tertibi we arassaçylygy saklamak, ähli desgalaryň hem-de toplumlaryň, tehniki aragatnaşyk ulgamlaryň ulanyş ýagdaýynyň zerur derejesini, elektrik we beýleki ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerlerde iş alyp barýarlar.
Dürli desgalaryň we binalaryň gurluşygy tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek, şol sanda şaýollary we köçeleri arassalamak hem-de bezemek boýunça guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Islendik desga — ýaşaýyş ýa-da dolandyryş binalary, inženerçilik-tehniki desgalar bina edilende, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy, şolaryň seýsmiki durnuklylygyň, ygtybarlylygyň we uzak möhletleýinligiň ölçeglerine kybap gelmegi üýtgewsiz talap bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz häkime degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini sowatly ulanmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk boýunça sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewi çagyrdy.
Ministr garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwrebap sport düzümi döredilip, sportuň maddy-enjamlaýyn binýady iri halkara ýaryşlary geçirmek hem-de türgenleri dünýä derejesinde taýýarlamak, olaryň ussatlygyny artdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar.
Zehinli ýaşlary höweslendirmek ulgamy hem hut şoňa gönükdirilendir.Bu mümkinçilikleri doly ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz anyk tabşyryklary berdi.Döwletimiz ýokary görkezijiler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek üçin köp işleri amala aşyrýar — ýurdumyzda sport ugurly mekdepler, sportuň dürli görnüşleri boýunça toplumlaýyn we ýöriteleşdirilen, olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepler hereket edýär.
Paýtagtymyzda deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bina edildi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ajaýyp stadionlar we beýleki sport desgalary bolup, olar ýaş nesliň sagdyn we hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam edýär.Umumymilli spartakiadalar we içerki ýaryşlar yzygiderli geçirilýär, ýurdumyzyň wekilleri daşary döwletlerde geçirilýän abraýly halkara ýaryşlara gatnaşýarlar.
Olimpiýa şäherçesiniň binýadyny, Awazadaky sport toplumyny netijeli peýdalanmak, sporty ösdürmegiň ylmy-usulyýet esaslaryny kämilleşdirmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Biziň türgenlerimiziň halkara giňişlikde ajaýyp ýeňişleri gazanmagy, türkmen sportunyň nyşanyny belende galdyrmak üçin ähli şertler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem çagyryp, wise-premýere dünýä möçberindäki iri sport ýaryşyna gatnaşjak ýygyndy toparlary taýýarlamak işine uly jogapkärçilik bilen çemeleşmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda Karara gol çekip, ony şolbada elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, ministre we häkime ugratdy.
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzak möhletleýin we Awaza sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalary dörediler.Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda türgenler ýaşaýyş jaýlary we ýörite iýmitler bilen üpjün ediler, olaryň hiline we howpsuzlygyna hünärmenler gözegçilik eder.
Galyberse-de, bu ýerde türgenlere degişli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek ýola goýlar.Tokioda geçiriljek dabaraly çärelerde we ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik etjek türgenleriň we tälimçileriň lybaslary babatda D.Gulgeldiýewe aýratyn tabşyryklar berildi.
Biziň ýygyndy toparlarymyzyň agzalarynyň dabara we sport lybaslary milli öwüşginleri, medeni özboluşlylygy we aýratynlygy özünde jemlemelidir.Lybaslaryň bezelişinde ruhy we maddy mirasymyz üçin mahsus bolan, häzirki döwrüň modasynyň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylan milli nusgalara kybap gelýän nyşanlar ulanylmaly.
Sport egin-eşikleri, ozaly bilen, amatly we rahat bolmalydyr hem-de olar taýýarlanylanda, matalar saýlanyp alnanda, Ýaponiýanyň howasyny nazara almak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde toplumlaýyn taýýarlyk görmek meselelerini ýene-de bir gezek umumylaşdyrmak bilen, esasy wezipeler toparyny kesgitläp, wise-premýere, sport we ýaşlar syýasaty ministrine, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimine şu günki maslahatda gol çekilen Karary ýerine ýetirmek üçin türgenlerimizi ähli zerur zatlar bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy.Häkim sebitde geçirilýän işler, hususan-da, ýazky ekiş möwsümine, şol sanda gowaça ekişine hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň öz wagtynda gurulmagyny üpjün etmek hem-de ulanmaga bermek, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli çäreleri guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz şu ýyl bereketli galla hasylyny almak üçin bugdaý keselleriniň we zyýankeşleriň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri ekiljek ýerleri ýaz ekişine oňat taýýarlamaly.Ekişde işlediljek ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmeli. Ýolbaşçylar ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň anyk möçberlerini hem-de ekin meýdanlaryny nazara almak bilen ekiş boýunça hereketleriň anyk meýilnamasyna eýe bolmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz ekerançylyk işleri bilen bir hatarda welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça görkezmeleri berdi.Bu ugurda maldarlara ähli zerur şertleri döredip, hemmetaraplaýyn ýardam bermeli.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy hem-de wise-premýer D.Amangeldiýewi çagyrdy.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlary, hususan-da, Ahal welaýatyny ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasynyň wezipelerine ünsi çekip, onuň täze edara ediş merkeziniň düýbüni tutmagyň hem-de esasy düzüm desgalarynyň gurluşygyna badalga bermegiň möhletini kesgitlemegi tabşyrdy.
Wagtyň geçmegi bilen ol öz gurluşy boýunça ak mermerli paýtagtymyz ýaly täsir galdyryjy bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz ilatyň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegine uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakynda alada Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäginde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, gowy durmuşda ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döretmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek üçin elektron resminama dolanyşygy boýunça ýolbaşçylara iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurulmagynyň welaýatyň hem-de onuň ilatynyň durmuşynda örän möhüm waka bolup durýandygyny bellemek bilen, bu iri taslamanyň konsepsiýasynyň täze dolandyryş merkezini ösdürmegiň has amatly ykdysady, durmuş we beýleki şertlerini döretmegi ugur edinýändigini aýtdy.
Bularyň hemmesi bellenilen toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik edilmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz degişli Karary ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi.Hususan-da, resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny iki tapgyrda — 2022-nji ýyla çenli döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işläp taýýarlan baş meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrmak bellenildi.
Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.Häkim deňizýaka sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaýyň maýsalaryna degişli derejede ideg etmegiň, ösüş suwuny tutmagyň hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň hasabyna ýerleriň hasyllylygyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.Bugdaý ekilen ýerleriň haşal otlardan, zyýan berijilerden we kesellerden goralmagyna, hasyllylygy artdyrmak üçin ekerançylygyň döwrebap tehnologiýalarynyň ulanylmagyna aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz ýazky ekiş möwsümine başlamak barada aýdyp, möwsümiň netijeleriniň ýerleri ekişe taýýarlamagyň hiline bagly bolup durýandygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ekiş möwsümine ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi, tehnikalar üçin ýangyjyň zerur bolan ätiýaçlyklarynyň bolmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin şu gyzgalaňly möwsümde maldarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi.Owlak-guzularyň sagdyn ösmegi üçin alada etmeli bolar, bu işde häzirki döwrüň alym-zootehnikleriniň tejribesine we maslahatlaryna eýermek möhümdir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde gurluşyk işleriniň hiline, olaryň öz möhletinde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň häkimine sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz ekin meýdanlarynda bugdaýyň maýsalaryna ideg etmek, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, ýuwuş suwuny tutmak boýunça möwsümleýin işleriň ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini talap etdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkime welaýatda ýeralmanyň we soganyň ekişini 15-nji marta çenli doly tamamlamak tabşyryldy.
Bulardan başga-da, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy, köşek almak möwsümine başlaýan welaýatyň maldarlaryna toplumlaýyn goldaw bermegiň zerurdygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sanly wideoaragatnaşyk boýunça welaýatda işleriň ýagdaýy, ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde hem işler dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi.
Mart aýynyň ikinji ýarymynda başlanjak ekiş möwsümi guramaçylykly geçirilmelidir.Oňa gatnaşjaklar zerur bolan serişdeler bilen doly möçberde üpjün edilmelidir.Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini ýokary derejede geçirmeli, bu ugurda maldarlara ähli zerur şertleri döredip, hemmetaraplaýyn ýardam bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyga bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Myradow we D.Amangeldiýew çagyryldy.Olar Lebap welaýatynyň degişli etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy bilen bagly meýilleşdirilen işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly degişli ýolbaşçylara ugratdy.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze şäherçeleriň gurulmagy welaýatyň ilatynyň durmuşynda örän möhüm waka bolup, ol özgertmeler ýyl ýazgysynda täze sahypany açýar.
Döwlet Baştutanymyz täze döredilýän ilatly ýerlerde, ilkinji nobatda, döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini döretmek hakynda alada etmek gerek diýip belledi.Olarda göçüp gelýän adamlara zähmet çekmek, dynç almak üçin şertler döredilmelidir.
Bu ýokary amatlykly jaýlar we iş orunlary bolup, degişli gulluklaryň işini ýola goýmak üçin şertler bolup durýar.Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimine şol şäherçeleriň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak barada görkezme berip, degişli Kararyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi, degişli resminama bilen tassyklanan binalary we desgalary tapgyrma-tapgyr gurmak boýunça işleriň barşyny utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Bu işleri bäş ýyldan, 2024-nji ýylda doly tamamlamak bellenildi.Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy.Häkim ýerleri ýeralma we beýleki ekinleri ekmek üçin taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň iri gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz häkime galla meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki işleriň barşyny ünsden düşürmezligi tabşyrdy, bugdaýyň maýsalarynyň ösüşi we geljekki hasyly şol işleriň guralyşyna bagly bolup durýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleri barada gürrüňi dowam edip, ýerleri gowaça we beýleki ekinler üçin ýokary hilli taýýarlamagyň, bu ugurda geçirilýän işleriň, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, ekiş möwsümini geçirmek üçin maddy-enjamlaýyn serişdeleri toplamak boýunça işleriň möwsümiň netijeliliginiň möhüm şertleri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk hojalyklarynda hem owlak-guzy möwsümini ýitgisiz geçirmek barada aýdyp, häkime ýerlerde maldarlara hemmetaraplaýyn ýardam bermegi, bu jogapkärli döwürde olaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Welaýatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler beýleki pudaklarda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda hem sebitiň yzygiderli ösdürilmegine, ýurdumyzyň jemi içerki önümine goşandynyň artmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz welaýatyň gurluşyk pudagynda işleriň depginini güýçlendirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. *** Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa arkaly paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň öňünde durýan ilkinji derejeli birnäçe wezipeleri kesgitledi.Döwlet Baştutanymyz geçen iki aýyň netijelerini jemlemelidigini aýdyp, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleri seljermegi, şolaryň netijelerini jemlemegi hem-de Ministrler Kabinetiniň öňümizde boljak mejlisine hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.
Halkara zenanlar güni ýakynlaşyp gelýär, aýal-gyzlarymyzyň hormatyna baýramçylyk çäreleri ýokary derejede geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de eýýäm şu günden ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralaryna başlamagy tabşyrdy. Ýakyn günlerde bize ýene-de bir nurana dabara — Milli Bahar baýramy — Halkara Nowruz güni garaşýar.
Bu senä gabatlap, biz ählihalk ýowaryny geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bagy-bossanlyga büremek çäresini geçirmek boýunça görkezmeleri berdi.Hususan-da, milli Liderimiz ekmäge niýetlenen ol ýa-da beýleki agaçlaryň görnüşleriniň sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyna welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.
Häkimlere Garagum derýasynyň ugrunda tut agajyny ösdürip ýetişdirmek barada tabşyryk berildi.Gurak zolaga uýgunlaşan bu agajyň çydamlylygy derýalaryň kenarlaryny berkitmekde örän ähmiýetlidir.Soňra milli Liderimiz şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň başynda 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda gol çekilen Karara gaýdyp gelip, ýurdumyzda ýokary görkezijiler sportuny has-da ösdürmekde bu resminamanyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkimlere ýerlerde bu Kararyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmagy, ýagny bu jogapkärli oýunlara welaýatlardan gatnaşjak türgenleri taýýarlamak üçin zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem şu gün iki sany taryhy karara — Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini hemde Lebap welaýatynyň etraplarynda şäher görnüşli döwrebap şäherçeleriň birbada birnäçesini gurmak hakynda Kararlara gol çekildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Täze ilatly ýerleri döretmek, şähergurluşyk özgertmeleri boýunça şeýle işleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksadalaýyk dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de şunuň ýaly taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge ýakyn wagtlarda Daşoguz, Balkan, Mary welaýatlarynda-da girişmelidigini belledi. Ýakynda biziň kabul eden Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bu işler möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli parlamentde bolan duşuşykda bu işleri toplumlaýyn guramak boýunça welaýatlarda saýlawçylaryň bähbitlerine wekilçilik edýän Mejlisiň deputatlaryna teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde hem anyk wezipeler kesgitlenildi.
Bu iri möçberli özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan, onuň derejesini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Çünki Döwlet adam üçindir!diýen şygar biziň baş ýörelgämizdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Öz nobatynda, Ahal we Lebap welaýatlarynyň häkimleri wideokonferensiýada çykyş edip, täze edara ediş merkezini, döwrebap ilatly ýerleri gurmak hakynda taryhy çözgütleriň kabul edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň ähli zenanlaryny Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygy we bagtyýarlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyna gatnaşanlara ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.