04.01.2018 | Türkmenistan 2018-nji ýyl üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda

Syýahatçylaryň sanynyň hem-de meşhur syýahatçylyk kompaniýalarynyň we iri ýöriteleşdirilen neşirleriň, maglumatlar serişdeleriniň ünsüniň artmagy halkara syýahatçylygyň täze geljegi uly ugry hökmünde ýurdumyzyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda kemala gelýän syýahatçylygyň we myhmansöýerligiň milli nusgasyna bütin dünýäde gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Italiýanyň döwlet teleradio gepleşikleri korporasiýasynyň “Rai 3” teleýaýlymy Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrdy.Bu ýaýlym medeniýet baradaky gepleşiklere aýratyn üns berýär.Dürli ýurtlar hem-de yklymlar boýunça syýahatlar baradaky filmleriň köp seriýaly tapgyryndan soň, teleýaýlym tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap geçirdi hem-de meşhur ugurlaryň sanawyny düzdi.

Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan “Taryh” derejesinde birinji ýere mynasyp boldy.Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr.Aýawly saklanylýan milli mirasyň baýlygy hem-de özboluşlylygy, köp sanly arheologiýa ýadygärlikleri, orta asyr binagärliginiň gymmatlyklary ýurdumyza bu ulgamda özüniň halkara derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Syýahatçylyk ulgamynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, netijeli guramaçylyk çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagy, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, beýleki pudaklaryň — ulag-telearagatnaşyk, söwda we gurluşyk ulgamlarynyň serişdelerinden peýdalanylmagy hem muňa ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça strategiýasynyň iň wajyp ugurlary syýahatçylyk ugurlarynyň çäkleriniň giňeldilmeginden, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagyndan, netijeli maglumat — mahabat işiniň hem-de halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan ybaratdyr.

Gürrüň Türkmenistanyň täsin tebigy künjeklerini hem-de ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, myhmanhana hem-de dynç alyş düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada barýar.Häzirki wagtda Türkmenistan Ýewropanyň jahankeşdeleriniň arasynda täsin tebigy künjekli, ajaýyp ýerleri boýunça taryhy syýahatlara bolan isleglerine doly laýyk gelýär.

Syýahatlaryň iň meşhur ugurlarynyň hatarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatlar bar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň myhmanlaryny Gündogar ösüşiniň iň ajaýyp we şol birwagtyň özünde entek doly açylmadyk syrlarynyň biri bolan Marguş ýurdy bilen duşuşyk özüne çekýär.

Ol özüniň täsin ýadygärlikleri we arheologlaryň haýran galdyryjy açyşlary bilen meşhurdyr. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç daşary ýurtly syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.Gadymy Erkgalanyň we Gäwürgalanyň uly harabalyklary, adaty bolmadyk görnüşleri bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyzgala, Soltan Sanjaryň ägirt uly kümmeti taryha bolan gyzyklanmany hem-de sarpany has-da artdyrýar. 1999-njy ýylda bu bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikler toplumynyň ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Köneürgenç şäheri hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän köp sanly syýahatçylary özüne çekýär.Bu ýerde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin ýadygärlikler biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.Merkezi Aziýada iň belentleriň biri bolan Gutlug Timur minarasy, Aladdin Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Il Arslanyň, Pirýar Weliniň, Seýit Ahmediň kümmetleri we beýlekiler orta asyr binagärliginiň hakyky merjenidir. Özleriniň ägirtligi we täsin gözelligi bilen haýran galdyrýan bu hem-de beýleki ýadygärlikler tehniki hem-de şekillenidiriş usullarynyň ýokary kämillik derejesi bilen tapawutlanýar, müňýyllyk medeni däpleriň dowamatlylygyny görkezýär.

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bar bolan hem-de arheologlaryň we syýahatçylaryň ägirt uly gyzyklanmasyny döredýän gadymy şäherleriň arasynda Köne Nusaý aýratyn orun eýeleýär.Parfiýa türkmenleriň uzak taryhynyň dowamynda döreden beýik döwletleriniň biridir.

Ol alty ýüz ýyl ýaşapdyr. 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Parfiýa galasynyň harabalyklarynda onýyllyklaryň dowamynda dürli ýurtlardan gelen meşhur alymlar barlaglaryny geçiripdir.Olar gadymy taryhyň köp syrlarynyň üstüni açdylar.

Türkmenistanyň medeni mirasynyň ajaýyp nyşanlarynyň birine öwrülen ritonlaryň toplumynyň özi nämä degmeýär?!.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli taryhymyzy öwrenmäge hem-de ylmy barlaglary geçirmäge şertleri döredip, türkmen we daşary ýurt alymlaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyzda türkmen Lideriniň howandarlygynda taryhy-medeni miras boýunça wekilçilikli ylmy maslahatlar geçirilýär, syýahatçylygy ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýakynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda arheologik gazuw-agtaryşlary geçirmek boýunça Döwlet maksatnamasy kabul edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen durmuş-ynsanperwer ylymlarynyň ösdürilmegine, ylmy esasda medeni mirasyň, taryhy ýadygärlikleriň düýpli öwrenilmegine, bütin dünýäde wagyz edilmegine uly üns berilýär.Oktýabrda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň şygary hökmünde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etmek hakyndaky teklibi biragyzdan goldanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynda bellenilişi ýaly, her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp bolan bu taryhy ýoluň kemala gelmeginde hem-de işjeň hereket etmeginde esas emele getiriji orunlaryň biri biziň halkymyza degişlidir.

Syýahatçylyk taslamalarynda Ýüpek ýoly diýen aýratyn özboluşlylygyň häzirki zaman ýagdaýy baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistana gelýän ähli jahankeşdeler üçin esasy arzuwyň ägirt uly özgertmeler bolup geçýän ýurduň ajaýyp paýtagty Aşgabat bilen tanyşmakdygyny gypynçsyz aýtsa bolar.

Bu ýerde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen gözel binagärlik desgalarynyň ençemesi ýerleşýär.Dünýäniň ençeme ýurtlarynda bolan hem-de iň meşhur şäherleri görüp, paýtagtymyzyň häzirki zaman görnüşlerine geň galan syýahatçylar Aşgabadyň beýan edip bolmajak özüne çekijiligi bilen haýran galdyrýandygyny hem-de tutuş toý görkünde rahat-asudalygy, mähribanlygy hem-de ýaşaýjylarynyň hoşniýetliligi bilen maýyl edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýene-de bir merjeni Awaza milli syýahatçylyk zolagydyr.Ony döretmegiň konsepsiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzüldi we ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirildi. “Awaza” sözi birnäçe ýyl mundan ozal giň halkara meşhurlygyna eýe bolup başlady.

Ine, indi bolsa ol syýahatçylyk babatda maglumat alynýan ähli neşirlere girdi, dünýäniň syýahatçylyk edaralarynyň owadan öwüşginli neşirlerinde hem-de täzeliklerinde peýda bolup, jahankeşdeligi we deňizde dynç almagy halaýanlaryň hakyky islegini oýardy.

Awazanyň suw astyndan peýda bolan belent Atlantida bilen deňeşdirilýän mahabat meňzetmeleri, ajaýyp myhmanhanalary, awtoýollary, seýilgähleri, amfiteatrlary we suw çüwdürimleri onuň häzirki zaman syýahatçylygynyň jennetine öwrülendiginiň güwäsidir. Ýahtalar, gaýyklar, motorly gaýyklar we katamaranlar, suw lyžalary, sörfing, daýwing hem-de suw paraşýutlary — bular syýahatçylyk künjeginiň işjeň dynç almagy hem-de ýiti duýgulara beslenmegi halaýanlar üçin teklip edip biljek hyzmatlarynyň diňe bir bölegidir.

Awazanyň düzümleri ösýär hem-de gözüň alnynda kämilleşdirilýär.Munuň özi ýurdumyzda ilkinji erkin ykdysady zolak hem bolup, ol syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.Bu ýerde işleýän ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalaryna, şypahana-dynç alyş we durmuş-ykdysady desgalarynyň gurluşygyna, myhmanhana işewürligine, hyzmatlar ulgamyna maýa goýýan maýadarlara özleriniň hem-de bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin iň oňat şertler döredilýär.

Deňiz ýakasynyň özünde-de gözellikler az däl.Täsin binagärlik ýadygärlikleri bolan taryhy-medeni goraghanasyny—meşhur Gadymy Dehistany agzamak ýeterlikdir.Sebitiň taryhy, däp-dessurlar hem-de halk hünärmentçiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän özüne çekiji gezelençler myhmanlaryň hyzmatynda.

Hazar sebitiniň ýene-de bir ajaýyplygy Mollagaranyň duzly kölüdir.Milli Liderimiz onuň melhemlik häsiýetlerini “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitabynda beýan etdi.Bu şypahana öz bejerijilik häsiýetleri bilen Ysraýyldaky görnükli Öli deňzine meňzeşdir.

Mundan başga-da, ýurdumyzda myhmanlara halkymyzyň däp-dessurlarynda ýaýbaňlanan milli türkmen tagamlary, halk döredijiligi hem-de häzirki zaman medeniýeti, türkmen halkymyzyň berekede baý saçagy we duz-çörekli myhmansöýerligi bilen tanyşmak garaşýar. Şeýlelik bilen, şunuň ýaly ähli çäreleriň hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy howandarlygynyň netijesinde, syýahatçylyk türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň birine öwrülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oňa ösüş depginlerini umumy çaltlandyrmagyň hem-de milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, çig mala degişli bolmadyk ulgama we eksporta gönükdirilen ugra geçmegiň kuwwatly guralyna öwrülmek orny berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär
09.10.2019 | Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär
Taryhy ýadygärlikleriň syýahatçylyga goşandy
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk