Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz Oguzhan köşkler toplumyndan çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap ugrady.Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýerli raýatlar bu işe uly höwes bilen girişdiler.
Häzirki döwürde şäheriň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we edara binalaryny baýramçylyklara mahsus derejede bezemek işlerine giň gerim berildi.Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, gazanylýan üstünlikleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunda paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra häkim häzir paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny habar berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanşyp, taýýarlanylan taslamalar barada degişli belliklerini aýdyp bermegini haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalar bilen ýakyn wagtda tanyşjakdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi.Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň geçirilýän ýerine bardy, bu ýerde milli Liderimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mejlisde garaşsyz döwletimiziň durnuklylygyny saklamaga, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli meselelere garalar.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi, ministr ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrligindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň özüne halkara bileleşigi tarapyndan berlen, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň hem-de netijeli geçirmäge mümkinçilik berýän Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny nygtady.
Döwletimiz milli howpsuzlygy üpjün etmäge, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga hemişe uly üns berer.Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň serkerdeleriň syýasy, hünär hem-de hukuk taýýarlygyna, hüşgärligine, häzirki zaman ylymlaryndan we tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyna baglydygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, MHM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew 2019-njy ýylyň on bir aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde işgärleri hünär taýdan taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaşlary watançylyk hem-de Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň geçen döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny üpjün etmek, düzgün bozmalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, içeri işler edaralarynyň hukuk tertibini hem-de ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Pyýada ýolagçylaryň hem-de ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşyklylygy gazanmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz içeri işler ministrine birnäçe degişli görkezmeleri berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de öz işinde kazylaryň hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydygyny belläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de kazylaryň çykarýan çözgütleriniň kanunalaýyklygynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de prokuratura edaralarynyň işi, şol sanda hasabat döwründe aýry-aýry döwlet düzümlerinde geçirilen barlaglar barada hasabat berdi.
I.Mulikowyň 2009-njy ýylyň 29-njy maýyndan 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry aralygynda ministrligiň işlerine ýolbaşçylyk edip, wezipesi boýunça döwletimiziň eýeçiligini we bähbitlerini jenaýatçylykly kast etmelerden goramaga, jenaýatçylyga garşy göreşmäge borçly ýolbaşçy bolandygyna garamazdan, özüniň betnebislikli bähbitleri üçin wezipe ygtyýarlygyny hyýanatly peýdalanyp, aýratyn uly möçberdäki emläkleri para hökmünde alyp, jenaýatçylykly dilleşip, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip, agyr netijelere getirmegine ýol berendigi bellenildi. Şeýle hem I.Mulikow Türkmenistanyň Içeri işler ministri wezipesinde işlän döwri döwlet gullugynyň bähbitlerine garşy jenaýatçylykly hereketlerini dowam edip, birnäçe sany raýatlardan bölek-bölekden, aýratyn uly möçberdäki emläkleri para hökmünde alyp gelipdir.
Geçirilen derňewiň dowamynda I.Mulikow jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen azatlykdan mahrum edildi.Derňewiň dowamynda I.Mulikowyň bikanun edinen ýaşaýyş jaýlary we olaryň emläkleri, awtoulaglary, dürli görnüşli gymmat bahaly emläkleri gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna alyndy.
Soňra M.Nobatow barada habar berildi.Onuň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinde işläp, jogapkärli ýagdaýy eýeleýän, wezipeli adam bolandygyna garamazdan, özüniň betnebislikli bähbitleri üçin gulluk ygtyýarlygyndan hyýanatly peýdalanyp, parahorluk ýaly agyr jenaýata baş goşandygy mälim edildi.
Geçirilen deslapky derňew işleriniň netijesinde, M.Nobatow eden jenaýatçylykly hereketleri üçin tussag edildi.M.Nobatow hususy telekeçilerden birnäçe gezekde aýratyn uly möçberde para alyp, jenaýatlary edip gelipdir.Onuň jenaýatçylykly hereketleri bilen gazanan ähli emläkleri, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, awtoulaglary we beýleki serişdeler döwletiň haýryna geçirildi.
I.Mulikow we M.Nobatow özleriniň bet pygylly işlere baş goşandyklaryny we häzir bolsa özleriniň jenaýatçylyklary üçin toba edýändiklerini aýtdylar.hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş prokuroryň hasabatyny diňläp we ýygnananlara ýüzlenip şeýle diýdi: — Ine, görşüňiz ýaly, biz şu adamlara döwletiň uly wezipelerini ynandyk.
Olar bolsa, özleri ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmeli halyna, gaýtam bildirilen ynamy ýere çalyp, haramlyga baş goşup, öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere saldylar.Haram baýlyk, emläk toplap, masgara boldular. Ýöne, Boljak işe çäre ýok diýlişi ýaly, bu bolan ýagdaý hiçimize hem abraý däl!
Esasy hem bellemeli zat, şeýle ýokary wezipelere ynanylan adamlaryň haramlyga ýüz urmagy, özlerine bildirilen ynamy ödemezligidir.Biz hemişe şular ýaly haramlara, nebsine haý diýip bilmeýän betnebislere, gara nebsini öňe zyňýanlara garşy örän berk we aýgytly çäre-de göreris.
Jemgyýetimizde şular ýaly adamlara orun bolmaz!Biziň korrupsiýa we parahorluga garşy göreşe aýratyn üns berýändigimizi men ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek duýdurýaryn.Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şoňa görä-de, şeýle ýagdaý bilinmez öýdüp, hiç kim pikir etmesin.
Sebäbi, ýolbaşçyny hemme adam görüp dur.Onuň edýän işlerini synlap dur. Şoňa görä-de, olar diňe ata Watana, halkymyza hyzmat etmelidir. Şondan uly borç, şondan uly wezipe ýokdur.
Parahorluga, korrupsiýa we beýleki ýaramaz işlere garşy göreşmek meniň alyp barýan syýasatymdyr.Men şeýle syýasaty geljekde hem dowam edip, haramlyk edýänlere garşy barlyşyksyz göreş alyp bararyn diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri M.Çakyýewe ýüzlenip, ogurlanan bu pullar halkyň pulydygyna ünsi çekdi. Şonuň üçin hem, siz bu pullara gurlan jaýlara düýpli serediň-de, olary haýsy maksat bilen ulanyp boljakdygyny kesgitläň!
Belki, bu binalary degişliligine görä, çagalar baglary ýa-da Içeri işler ministrliginiň, prokuraturanyň, häkimlikleriň ýa bolmasa, beýleki edaralaryň gulluklary üçin ulanyp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şolary bu jaýlarda ýerleşdirmek üçin zerur bolan gurluşyk işlerini geçirmeli.
Halkdan ogurlanan pullar barada aýdylanda bolsa, olary banklarda ýörite hasaplara geçirmeli hem-de bu serişdelere mekdep, hassahana, saglyk öýi, çagalar bagy ýa-da ýaşaýyş jaýy ýaly, durmuş maksatly binalary gurmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň çäkleriniň goralyşyny güýçlendirmek hem-de serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça geçen on bir aýda ýerine ýetirilen işleri barada hasabat berdi. Şahsy düzümiň, aýratyn-da, ýaş esgerleriň hünär derejesini, söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, beden we ruhy taplygyny artdyrmak meseleleri hasabatyň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine hem-de edaranyň bölümleriniň dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Serhet düzümini kemala getirmek, durkuny täzelemek we enjamlaşdyrmak, harby hünärmenleri we ýokary hünär derejeli serkerdeleri okatmak hem-de ýetişdirmek boýunça işler giň gerime eýe bolmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Serhetçiler öz gullugynda mizemez ýörelgeden — Döwlet serhediniň goragynda sak durup, Türkmenistan Watanymyzyň çäkleşýän ähli ýurtlary bilen dostluk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny unutmaly däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň degişli kanunlarynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük gözegçiliginiň döwrebap görnüşlerini, usullaryny we tehniki serişdelerini, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna gullugyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şol işleriň amala aşyrylmagy gümrük edaralarynyň ähli bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz daşary döwletleriň degişli düzümleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, degişli ugurda öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenmegiň, umumy kabul edilen kadalary we ölçegleri ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli gullugyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, häzirki wagtda edaranyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak üçin döwrebap sanly tehnologiýalary hem-de maglumat-tehniki serişdeleri ulanmagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň biridigini belläp, gullugyň başlygyna bu babatda zerur işleri geçirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow 2019-njy ýylyň on bir aýynda täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzyň okgunly ösmegi üçin hukuk esasy bolup çykyş edýän milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn berkitmek we has-da kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk babatda dünýä tejribesini işjeň öwrenmegiň hem-de umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň ministrligiň öňünde häzirki wagtda durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, biz döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi.
Döwletimiz harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edýär.Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýäris.
Mejlisi tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.