03.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň raýatlaryny nobatdaky güýzki harby gulluga çagyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe hem-de beýleki dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň we asydalygyň goragynda duran harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.Belent Serkerdebaşymyz Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, Goranmak ministrliginiň üstüne ýüklenen esasy wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz iň täze tehnologiýalary, söweşjeň tehnikalary ulanmakda harby gullukçylaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak, esgerleri eziz Watanymyza hem-de halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, ony täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň, onda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň artýan kuwwatyny görkezmegiň möhümdigini nygtap, ministre bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ýollarynda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmeginiň üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy içerki durnuklylygy üpjün etmegiň döwletimiziň okgunly ösmeginiň hem-de göz öňünde tutulan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berk berjaý edilmeginiň we goralmagynyň wajypdygyny belläp, ministre bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzda we sebitlerde hereket howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaýlar hem-de hasabat döwründe serhediň goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meseleleri barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz üstüne örän wajyp we jogapkärli wezipe ýüklenen serhetçileriň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özüniň iň ýakyn goňşulary bilen köpasyrlyk dostluk-doganlyk däplerine ygrarlydygyny hemişe ýatda saklamalydygyny belledi.Milli Liderimiz işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi we göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge mundan beýläk-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynda dokuz aýda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça prokuratura edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, görlen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleri, ilkinji nobatda, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň ähli kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwlet hem-de hususy düzümleriň wekilleri tarapyndan milli kanunçylygyň islendik bozulmalarynyň öňüni almagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz işbaşarjaň hem-de ýokary hünärli işgärleri içgin seçip almagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew kazyýet edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriň netijeleri hem-de kazylaryň hünärini ýokarlandyrmak, kazyýet işlerine garalanda, kanunlaryň rüstemliginiň üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabat döwründe kazyýet işi ulgamynda özgertmeler babatda amala aşyrylan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelmelidigini belledi.Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň asuda durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleri döretmegiň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, kazyýetler tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň kanunylygynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hasabat döwründe ýurdumyzda durnuklylyk ýagdaýy üpjün etmek boýunça ýerine ýetiren işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan geçirilýän işleriň örän wajypdygyny aýdyp, ýurdumyzda üpjün edilýän tertip-düzgüniň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemeginiň uly ähmiýetini belläp, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän edarasyndaky işleriň ýagdaýy, dokuz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň içgin barlanmagyny üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň we daşary ýurtlaryň arasyndaky halkara ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşýändiginiň serhetden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gümrük terminallarynda hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynda täze tehnologiýalardan has netijeli ulanmagyň, gullugyň işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy.Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzüminde hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly ösýän Türkmenistana, onuň baý taryhyna hem-de medeni mirasyna uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlularyň sanynyň yzygiderli artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, gullugyň esasy borçlaryndan hem-de ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan derwaýys wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň esasy wezipeleriň biridigini belläp, döwletimiziň mundan beýläk hem bu ugurda zerur çäreleri görjekdigini nygtady.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçysy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredilen wagtyndan bäri korrupsiýa garşy göreşmek baradaky döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hukugynyň kadalaryna hem-de milli kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyny nygtap, döwlet edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işiniň açyklygyny ýokarlandyrmagyň bu işiň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Belent Serkerdebaşymyz gullugyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, bu edaranyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.Soňra adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokary hünärli hukuk kömegini bermegiň, şol sanda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliklerini guramagyň çäklerinde hukuk maslahatlaryny bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini içgin öwrenmegiň we ony täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilende işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Belent Serkerdebaşymyz nobatdaky mejlisiň jemini jemläp, ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ornunyň möhümdigini belledi.Biziň parahatçylyk söýüjilikli döwletimiz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan ugur alyp, mundan beýläk-de seçip alan ýoluna ygrarly bolar, dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli we özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ýola goýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.Döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlygy pugtalandyrmagyň we halkymyzyň parahat durmuşyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine goşunymyzyň goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine olaryň möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

12.10.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
01.08.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
29.08.2017 | Şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi
15.08.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň möhüm wezipelerine garaldy