03.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindunýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ösüşiň ekologiýa strategiýasy, ykdysady we durmuş ugurlary jemlenip, olar kabul edilýän wajyp döwlet çözgütleri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalar bilen utgaşdyrylýar.Ozaly bilen, munuň özi adamlaryň iň gowy durmuş şertlerini döretmäge, onuň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak ýaly asylly ýörelgeleri esaslandyrdy.Oňa Türkmenistanyň uludan-kiçä ähli ilaty işjeň gatnaşýar.Häzirki döwürde dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli bölegi bolup durýar we ol ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine goşant bolup durýar diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bütindünýä welosiped güni — parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýram.Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşykda, sportuň köp görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär.Aşgabatda ajaýyp Olimpiýa şäherçesi hereket edýär.Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesi milli ýygyndy toparyň agzalarynyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin zerur taýýarlyk binýady bolup durýar.

Halkymyzyň saglygy, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatdaky alada milli Liderimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky ýörelge durýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamlaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berýär.Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesiniň muny tassyklaýandygyny bellemeli. Şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen uly baýramçylyk çäresine gatnaşdy. ...Ir säher bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän, Saglyk ýolunyň badalga alýan ýerindäki seýilgähiň ýanyna ýygnandylar.

Bu ýerden ýaşyl bossanlyga beslenen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi görünýär.Bu ýere ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mekdep okuwçylary bar.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerine geldi.Sport baýramçylygyna gatnaşyjylar milli Liderimizi belent ruhubelentlik bilen garşyladylar.Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rowaç atly goşgusynyň esasynda döredilen meşhur aýdym Galkynyş çagalar we uly ýaşly folklor toparyna gatnaşyjylaryň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň agzalarynyň joşgunly çykyşlarynyň özeni bolup, bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Joşgunly aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, bu günki çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.Hemmeler köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmaga taýýar bolup durlar.Hormatly Prezidentimiz bu günki çärä gatnaşýanlara şanly sene mynasybetli gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Bütindünýä welosiped baýramy bilen gutlap, welosiped gününiň halkara baýramdygyny we onuň dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden dabaraly bellenilýändigini, bu senäniň daşky gurşawa aýawly garamaga, ynsan saglygyny berkitmäge hem-de sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady.

Bu baýramyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilmegini buýsanç bilen bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär.

Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, olaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär.Milli Liderimiz bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň halkara giňişliginde eziz Diýarymyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzda iň gowy şertleriň döredilýändigini belledi.

Welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.Köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek bizde asylly däbe öwrüldi.Bu bolsa ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek bilen birlikde, raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirýär.

Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň, esasan, ilatymyzyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa taýdan abadançylygyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýändigini nygtady.Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleri sagaldyş hem terbiýeçilik ähmiýetli bolmak bilen birlikde, dynç alyş-wagyz ediş işini utgaşdyryp, adamyň uly ruhy güýç-kuwwatyny has-da artdyrýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz raýatlarymyzyň, esasan saglygyny berkitmek, beden taýdan taplanan zähmetsöýer ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek üçin geljekde-de uly işleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Soňra milli Liderimiz bu günki çärä gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen ýene bir gezek gutlap, hemmelere sagdyn durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýe hereketine ygrarly bolmagy arzuw etdi.

Bu ýerde guralan dabaraly çäräni alyp baryjy Guinness World Records kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemijä söz berdi.Myhman ozaly bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny dünýäde dabaraly bellenilýän Bütindünýä welosiped güni we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady.

Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi.Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýda Subaşi-Gemiji bellige aldy.Bu waka Guinness World Records kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy.

Ol güwänama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabarada gowşuryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyz gazanýan üstünliklerini, şol sanda sport ulgamynda eýeleýän sepgitlerini dowam etmek bilen, ýene-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şeýlelikde, bu sanawda eýýäm Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň desgalary bar.

Munuň özi Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň çeper şekilidir we dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howdanly suw sport toplumydyr.Olimpiýa şäherçesiniň düzümine şu görnüşdäki desgalara bildirilýän halkara ölçeglere laýyk gelýän ýapyk welotrek girýär.

Bu sport toplumynda diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli çempionatlary geçirmek mümkinçiligi döredilendir.Tomsuň ilkinji günleriniň birinde geçirilen welosipedli ýöriş hereket etmegiň iň bir peýdaly we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde Türkmenistanda barha işjeň häsiýete eýe bolýan sportuň bu görnüşiniň ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda oňyn durmuş syýasatyny durmuşa geçirýär.Bu syýasatda sport we sagdyn durmuş ýörelgesi diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, uly nesil üçin hem esasy ýörelgä öwrüldi.

Häzirki wagtda bedenterbiýe bilen meşgullanmak barha köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Çünki ol, uly ýaşly toparlaryň ählisine öňden elýeterli bolmak bilen, saglyga ägirt uly peýda getirýär.Oňat beden saglygyny goldamaga ýardam berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz sporta, ilkinji nobatda bolsa, özüniň nusgalyk göreldesi bilen köpçülikleýin bedenterbiýä oňyn gatnaşygyny görkezýär.Hormatly Prezidentimiz atly we welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirýär. Ýurdumyzda bar bolan sport toplumlarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklaýar. Şeýle hem ýokary ussatlygy talap edýän awtomobil sporty bilen gyzyklanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň sporta adamyň saglygyny goldamagyň iň oňat serişdesi hökmünde garamagy durmuş syýasatynda hem özüniň beýanyny tapýar.Türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmek bu syýasatyň esasy maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýlelikde, dünýäniň sport, jemgyýetçilik we maglumat toparlarynyň ýurdumyzyň tejribesini hem-de türkmen Lideriniň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu ugurda degişli çäreleri yzygiderli geçirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasynda dünýäniň ähli ýurtlaryna ösüş strategiýasynda welosiped sportuna aýratyn üns bermek we ony halkara, sebitara, milli maksatnamalara goşmak baradaky çagyryş öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz hut şeýle çemeleşmeleri aýan edýär.

Häzirki çäreleriň ägirt uly gerimi türkmenistanlylarda sport döwleti hökmündäki abraýyny dünýäde barha beýgeldýän Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar.Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasyny gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýene söz berildi.

Ol döwlet Baştutanymyzy bu günki baýramçylyk bilen gutlap, Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagynda Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini BMG-ä agza döwletleriň hemmesiniň goldaýandygyny nygtady. Şeýlelikde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň milli Liderimize minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi barada habar berdi.

Dünýäde sport bilen meşgullanýan Prezidentleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanda welosiped sporty sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Şu nukdaýnazardan, jenap Lappartýen Welosipedçileriň halkara birleşigi 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň seçilip alnandygyny habar berdi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli güwänamany gowşurdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörüşe badalga berdi we ýörişe baştutanlyk etdi. Ýurdumyzyň ýolbaşçylar toparlarynyň wekilleri döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosiped ýörişine başladylar.

Bu günki baýramçylygyň öňüsyrasynda Aşgabada gelen ARETI halkara kompaniýalar toparynyň Prezidenti I.Makarow we dünýä belli welosipedçiler ýörişiň hormatly myhmanlary boldular.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan sport syýasaty türkmen türgenleriniň dünýäniň sport hereketine işjeň gatnaşmagyny, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegini şertlendirdi.

Mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň we welaýatlaryň toparlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän umumymilli oýunlar ýaşlaryň sagdynlygyna, beden we ruhy taýdan kämilleşmegine kuwwatly itergi berýär.Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy şygary astynda geçirilýän bu ýaryşlara türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar.

Häzirki döwürde bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli ýörelgesine öwrüldi. Şeýlelikde, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Şeýle hem sagdynlygy berkitmekde, öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda sportuň ähmiýetine düşünýän halkymyz milli Liderimiziň daşynda has-da mäkäm jebisleşdi.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar.

Tutuş ýoluň ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň, saz, tans we folklor çykyşlary bilen mübäreklenildi.Döwletliler köşgüniň öňünde ýaşlar topary — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çeper höwesjeňler toparlary — tansçylary, sazandalary we aýdymçylary sporta bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Soňra ýurdumyzyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmendemirýollary agentliginiň binasynyň öňündäki meýdançada Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň döredijilik toparlary welosipedli ýörişe gatnaşyjylary belent ruha beslenen çykyşlary bilen mübäreklediler.Bu ýerde kalbyňy joşdurýan aýdym-sazlar ýaňlandy.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň tamamlanýan ýerine çenli bolan ýoluň bütin dowamynda — Kongresler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Abadançylyk binasynyň ýanynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Bilim ministrliginiň binasynyň öňündäki meýdançada bolsa Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary çykyş etdiler.

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşylandy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 125 ýyl mundan ozal, ýagny 1894-nji ýylda döredildi. Şol jemgyýetiň döredilen pursadyndan bir ýyl geçenden soň, Türkmenistanda welosportuň ösdürilmegine badalga beren ilkinji welosiped sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň taryhy däpleri bar.

Häzirki döwürde BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamany kabul etmegi bilen welosport täze derejä göterilýär.Türkmenistanyň oba hojalyk we gurluşyk toplumynyň binalarynyň ýanynda gözlere röwşenlik berýän ajaýyp çykyşlar boldy.

Bu ýerde ugurdaş okuw jaýlarynda okaýanlar: Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň Ak mermer folklor topary öz çykyşlaryny görkezdiler.Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we I.Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Jemagat hojalygy institutynyň aýdym-saz toparlary, Energetika ministrliginiň Serpaý döredijilik topary çykyş etdiler.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky welosipedçiler topary ýörişi dowam etdiler.Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped mähriban ülke boýunça hereket etmekde we gezelenç guramakda amatly serişde hasaplanylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawyň goralmagyna, amatly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagyna aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny belleýär.Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň çäkleri giňelýär.Her ýylda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň töwereklerinde täze bag nahallarynyň 3 milliony ekilýär.

Soňky ýyllarda jemgyýetimizde, ekologiýa medeniýetine aýratyn ähmiýet berilýär.Ol ählumumy durnukly ösüş, milli durmuş-ykdysady syýasat, tebigaty goramak we ahlak terbiýesi ýaly ugurlar bilen utgaşykly ösdürilýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini kabul etmek boýunça BMG-niň sammitinde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün edip bolmajakdygyny belledi.

Milli Liderimiziň konsepsiýasy hojalygy ýöretmegiň paýhasly usulyny, önümçiligi ylmy esasda guramagy, ekologiýa ýaramaz täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny esasy ugur edinýär.Senagat taýdan yzygiderli ösüşe garamazdan, Türkmenistanda durnukly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Senagatyň okgunly ösmegine garamazdan, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasaty özüniň netijeli miwelerini berýär.Aşgabadyň häzirki döwürdäki bezeg aýratynlyklary, abadançylygy, arassalygy ýurdumyzyň ekologiýa medeniýetini döretmäge gadam urandygyny alamatlandyrýar.

Munuň özi dünýäniň köp döwletleri üçin nusga bolup hyzmat eder.Bitarap Türkmenistan şaýolunyň we Oguzhan köçeleriniň çatrygynda Halkara gatnaşyklar institutynyň ýaş höwesjeňleri we Näzli tans toparynyň artistleri joşgunly çykyşlary bilen begendirdiler.

Soňra Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparlary, Türkmenhowaýollary agentliginiň Laçyn folklor topary, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Meňli tans topary, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmen döwlet Maliýe institutynyň zehinleri, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň sazandalary we tansçylary öz ussatlyklaryny görkezip, ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişiniň we medeniýet çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň gülläp ösüşiň, saglygyň we sportuň ýurdy hökmündäki abraýynyň berkemegine ýardam edýär.Bu bolsa ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegini şertlendirdi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda bu halkara sene mynasybetli degişli bina gurlar.Onuň taslamasynda halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen topragy gaýtadan dikeldilýän meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ýadygärligi aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurlar.Ol türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek yzyny alamatlandyrar.

Taslama laýyklykda, ýadygärlikde Türkmenistanyň şu günki üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri halkara geçelgeleriň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri bar. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň şekili hem-de welosipedçileriň heýkelleri ýerleşdirilýär.

Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini özünde jemlär.Bu çeper kompozisiýa halkymyzyň belent ruhy ylhamyny, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir. Şonuň üçin şu günki köpçülikleýin welosipedli ýöriş biziň tutanýerli işlerimiz we yhlasymyz bilen döredilýän döwrümiziň hem-de ýurdumyzyň nurana geljegine nobatdaky goşant bolar.

Ak mermerli paýtagtymyz hem Türkmenistanyň täze taryhynyň ajaýyp binagärlik keşbidir.Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz soňky ýyllarda dünýäniň gözel şäherleriniň birine öwrüldi hem-de Aziýanyň merjeni diýlip atlandyryldy.

Bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr.Bütindünýä welosiped gününiň baýram edilmegine şunuň ýaly welosipedli ýörişiň ähli ýurtlarda geçirilmegini guran Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ählisiniň, şeýle hem welosiped boýunça ähli milli federasiýalaryň we yklymlaýyn konfederasiýalaryň, dürli ýurtlaryň köp sanly janköýerleriniň gatnaşandyklaryny hem bellemek gerek.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi.Toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, şypahanalar guruldy.

Welosipedli ýöriş dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de pikirlerini goldamakda dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň bir meşhur görnüşleriniň biridir. Ýöne biziň dürli ýurtlardan Aşgabada gelen hormatly myhmanlarymyzyň belleýşi ýaly, olar köpçülikleýinligi taýdan şeýle giň gurşawly çäräni, şeýle guramaçylygy, köp sanly türkmenistanlylaryň giňden gatnaşmagynda görkezilen belent höwesliligi hiç ýerde görmändirler.

Welosipedçileriň ýörişine gatnaşyjylar ýurdumyzyň baş şäherine ajaýyp binagärlik görnüşini berýän ak mermerli binalara beslenen owadan köçelerden örän haýran galdyryjy halda geçdiler. Şaýollar özleriniň owadan görnüşleri, setirlenip duran ajaýyp yşyklandyryjylary, suw çüwdürimleri, gülleri we ýaşyl baglary bilen gözlere röwşenlik berip, aşgabatlylaryň öz paýtagtlaryna nähili uly alada we söýgi bilen garaýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Bu ajaýyp görnüşler ýörişe gatnaşyjylaryň watançylyk duýgularyny has artdyrdy. ...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arçabil şaýoly, soňra Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen 15 müň metr ýol geçip, welosipedde bu günki ýörişiň jemleýji pellehanasyna — ýurdumyzyň Döwlet münberiniň ýerleşýän baş meýdançasyna geldi.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.Onuň dowamynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky degişli Kararnamany kabul etmeginiň tutuş adamzat üçin ähmiýetli waka öwrülendigini belläp, munuň Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netijesidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli düzümlerde adamlaryň saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we ýokary netijeli sporta işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi, türkmenistanlylaryň bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklary, ýokary netijeli sportuň höweslendirilmegi ýaly ugurlaryň adamlaryň zähmet, döredijilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär.Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara forumlar bilen bir hatarda dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Bu bolsa Türkmenistanda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmeginde, oňa adamlaryň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň işjeň çekilmeginde ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Ynsanperwer ýörelgelere we olimpiýa hereketine üýtgewsiz ygrarly bolan Bitarap Türkmenistan sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty oňyn netijesini berýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze derejä çykýar.Welosipedçileriň halkara birleşiginiň Aşgabada 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi, şeýle hem ýurdumyza Ginnesiň rekordlar kitabynyň Iň dowamly, bir nyzamly welosiped ýörişi üçin şu gün Olimpiýa şäherçesinde nobatdaky güwänamanyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen welosipedçileriniň öňde boljak dünýä derejeli abraýly bäsleşiklere degişli taýýarlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda, şol sanda welosiped sporty boýunça bäsleşiklerinde mynasyp çykyş edip bilmekleri üçin degişli türgenleşiklere niýetlenen zerur şertleri üpjün etmek, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlan häzirki zaman sport toplumlarynyň we stadionlaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda welosiped sportuny mundan beýläk-de wagyz etmek, ukyply türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän gyzykly çäreleri, şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleri guramak boýunça zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we öňde durýan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Welosipedçileriň halkara birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartýeni we ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowi kabul etdi.

Duşuşyklar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan dabaralar Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, Durnukly ösüş maksatlaryna, abadan ekologiýa medeniýetiniň döredilmegine, ýurdumyzda we dünýäde sport hereketiniň giňeldilmegine ygrarlydygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Şu günki welosipedli ýöriş halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen beýik maksatlaryň ýolunda bir bitewi ylalaşyga gulluk edýändigini alamatlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
12.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar
03.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Türkmenistanyň prezidentiniň aty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi