Şu gün dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.Bu waka ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejede döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny ýene bir gezek äşgär etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy öz Rezolýusiýasy bilen Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işi makullady we goldady.
Bu giň möçberli iş milli Liderimiziň howandarlygynda geçirilýär — döwlet Baştutanymyz diňe bir oňyn teklipleri öňe sürmek bilen çäklenmän, hut özi köpçülikleýin sporta, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we beýleki çärelere badalga berýär, bularyň hemmesi sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, halkyň hem-de her bir raýatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly ajaýyp ýörelgeleriň binýadyny tutdy, bu çärelere dürli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar, olar adaty günleri hem öz içine alýar, bu bolsa jemgyýetimizi ekologiýa jogapkärçiligine düşünmäge çagyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanda Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp, nobatdaky awtoulagsyz güni hem geçirilýär, milli Liderimiziň hut özi watandaşlarymyz bilen bilelikde köpçülikleýin çärä gatnaşdy, bu çäre ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna we umuman, sportuň wagyz edilmegine nusgalyk goşant, şeýle hem täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyna çagyryş boldy.
Biziň hemmämiz milli Liderimiziň işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hemişe wagt tapýandygyny bilýäris.Hormatly Prezidentimiz yzygiderli türgenleşikleriň diňe bir adamyň bedenini taplaman, berk erki, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýändigini-de belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň, ozaly bilen bolsa ýaş nesliň saglygyny berkitmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ilkinji derejeli wezipeleriniň biri hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine guramaçylykly we okgunly, umumymilli uzak möhletleýin häsiýeti berdi.
Bu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi.Olar umumymilli spartakiadalaryň hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň guralmagydyr, sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagydyr hem-de giňeldilmegidir. “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda” Kararyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, ol sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüligini çekmäge kuwwatly itergi berer.
Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, şeýle çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär. Şunuň ýaly sport baýramçylyklary olara gatnaşyjylary geljekde özleriniň sportuň halaýan görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirýär.
Mundan başga-da, sport-köpçülikleýin çäreleri sagaldyş we terbiýe beriş wezipeleri bilen bir hatarda, oňat keýpiçaglyk eçilýär, gyzykly hem peýdaly çäreleri utgaşdyrýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä hut özüniň gatnaşmagy bolsa diňe bir bu gezekki wakanyň ýokary derejesini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň ähmiýetini aýan edip, milletimiziň beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda ähli ýerde ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli welosipedçileri görmek bolýar.Oglanjyklardan we gyzjagazlardan başga-da, uly ýaşdaky adamlaryň köpüsi welosiped sürüp, çagalyk duýgularyny ýatlaýarlar, olaryň hatarynda welosipede ilkinji gezek atlananlar hem bar.
Ulagyň bu görnüşinden peýdalanýanlaryň sany gün-günden artýar.Bu başlangyç jemgyýetde diňe bir orun alman, öz hataryna eýerýänleriň barha köp sanlysyny ýygnaýar.Munuň özi sportuň bu görnüşiniň möhümdigini we uly islege eýe bolýandygyny görkezýär. ...Şu gün ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde — Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýlaw çatrygynyň golaýynda ýygnandylar, bu ýerden Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar, paýtagtymyz dogup gelýän Gün nurunyň astynda ak mermerli binalary bilen göwher gaşlaryny ýatladýar. Ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, ýaşlar bar.
Olaryň hatarlarynda şadyýanlyk, keýpiçaglyk, ruhubelentlik we ir säheriň sagdynlygy höküm sürýär.Bu ýere, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alýan künjegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär.Sport baýramyna gatnaşyjylar milli Liderimizi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.Döwlet Baştutanymyz abraýly daşary ýurt guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de welosport boýunça dünýä çempionlary bilen gürrüňdeşlikde şu günki çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik üçin bilelikde surata düşdi.
Welosipedli ýörişiň başlanmagyna hemme zat taýýar edilýär.Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Rezolýusiýany kabul edendigini aýdyp, dünýäniň 56 döwletiniň Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolandygyny belledi. 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Bu taryhy waka biziň döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.Bu bolsa ýurdumyzyň amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny bütin adamzadyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýandygyny aňladýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de biziň başlangyjymyzy goldan we Rezolýusiýanyň awtordaşy bolan ähli döwletleriň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz welosipedçileriň Halkara birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartiente Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge berýän goldawy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir.Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirilen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde welosiped sporty diňe bir sport ulgamynda bolup geçýän özgerişleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik maksatlarynyň, dostlugyň we raýdaşlygyň dabaralanýandygyny hem alamatlandyrýar diýip belläp, ýurdumyzda halklary ýakynlaşdyrmagyň, Ýer ýüzünde parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary we oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda sport babatda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
Milli Liderimiz häzirki döwürde welosipediň ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýandygyny, ony adamzadyň eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýändigini belläp, welosipediň daşky gurşawa aýawly garamaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam berýändigini aýtdy.
Welosiped sporty dünýäde sportuň iň giň ýaýran görnüşleriniň biridir.Türkmenistanda hem onuň uzak taryhy bar.Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi.
Bu bolsa ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady.Häzirki wagtda bir asyrdan gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde durmuşa ornaşdyrylýar. Şu gün köpçülikleýin welosipedli ýörişe dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli myhmanlar gatnaşýarlar.
Olaryň arasynda Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, üç gezek Olimpiýa çempiony Wýaçeslaw Ýekimow, dünýäniň çempiony Sergeý Nikitenko we beýleki belli türgenler hem-de welosiped sportuny söýüjiler bar.Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, olara şu çärä gatnaşýandyklary üçin, şeýle hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak güwänamasyny gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz ýygnananlary Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.Soňra “Guinness World Reсords” kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi çykyş etdi.
Myhman öňi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady hem-de ýurdumyza nobatdaky gezek gelmäge we bu şanly sene mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra hanym Subaşi 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda “Aşgabat” köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordynyň goýlandygyny habar berdi.Welosiped sürmek boýunça okuw sapagy bilen bir hatarda, şäheriň ýol gurşawynda ulagyň bu görnüşiniň ähmiýetini açyp görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygy we ekologiýa gatnaşyklary boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilen bu çäresine 3246 adam gatnaşdy.
Häzirki güne çenli bu sanaw welosport boýunça türgenleşik sapaklaryna gatnaşanlaryň iň köp sanlysydyr.Bu maglumat “Guinness World Reсords” kompaniýasy tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy we degişli güwänama bilen tassyklanyldy hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, türkmen paýtagty nobatdaky gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, öz üstünliklerini, şol sanda sport bilen baglanyşykly derejelerini dowam etdi.
Bu hatarda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bardygyny bellemeli.Olimpiýa stadionynda oturdylan ahalteke bedewiniň çeper keşbi we dünýäde iň uly ýapyk ýüzüş howzy bolan Suw sport toplumy hem şol desgalaryň hatarynda orun aldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berýär we agzybirlik bilen herekete başlan welosipedçiler hatarynyň öňüni çekýär.Döwlet Baştutanymyzdan soňra ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň hatary herekete gelýär.Milli Liderimiziň çykyşynda bellenilişi ýaly, düýn paýtagtymyza gelen Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary — “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti I.Makarow, Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti W.Ýekimow baýramçylygyň hormatly myhmanlary boldy, olar bilen bilelikde, dünýäniň çempiony Sergeý Nikitenko we beýleki belli türgenler ýurdumyza geldi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra I.Makarow bilen gürrüňdeş boldy.Myhman Türkmenistanyň howa şertleriniň tutuş ýylyň dowamynda welosiped ýaryşlaryny we türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredýändigini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda welosiped sportunyň işjeň häsiýete eýe bolmagy, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşine tutuş ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň çekilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belläp, myhmana bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de ösdürmek boýunça birnäçe degerli maslahatlary berdi. Özara tejribe alşylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin zerur mümkinçilikleri üpjün eder.
Welosipedçileriň halkara birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartient ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda Türkmenistanyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmakda eýelän aýratyn ornuny belläp, bu ugurda alnyp barlan diplomatik işleriň gerimine ýokary baha berýändigini beýan etdi.
Ilkinji gezek bellenilýän bu senäniň baýram edilmegi welosipediň durmuş we ekologiýa taýdan artykmaçlyklaryny ýene bir gezek äşgär eder diýip, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy belleýär hem-de birleşigiň Türkmenistana bu ugurda hemişe goldaw berjekdigine türkmen Liderini ynandyrdy.
Bütindünýä welosiped gününiň baýram edilmegine 190 milli federasiýanyň we welosiped sporty boýunça bäş yklym konfederasiýalarynyň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň goşulandygyny bellemek gerek.Olaryň ählisi türkmen Lideriniň ähli ýaşdaky we beden taýdan mümkinçilikleri bolan raýatlaryň bu çärelere gatnaşmagy hem-de welosipedde gezelenç edip, lezzet almagy üçin welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek baradaky taglymatynyň daşynda birleşendir.
Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň we medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de sportuň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şol sanda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda halkara ölçeglerine kybap gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, şypahanalar guruldy.
Aşgabat şäherinde bolsa Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kyrka golaý desgalar, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi bina edildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede, aýratyn guramaçylyk ýagdaýynda geçirip, Türkmenistan döwletimizi giň möçberli halkara derejesindäki sport bäsleşiklerini guramaga ukyply sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmagymyz bolsa biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir.
Bu oýunlaryň maksatnamasyna welotrek ýaryşlary hem girizildi.Sportuň bu ajaýyp görnüşi boýunça guralan ýaryşlar Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk welotrek toplumynda geçirildi.Onuň welosiped ýodalary halkara ölçeglerine we şeýle desgalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Bu ýerde döredilen şertler halkara ýaryşlaryny we bäsleşiklerini, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 6 müň tomaşaça niýetlenen welotrekde ähli zerur düzümler göz öňünde tutuldy.Bu bolsa türgenler hem-de tälimçiler, tehniki we hyzmat edýän işgärler, şeýle hem welosportuň muşdaklary bolan tomaşaçylar üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň ulanmaga berilmegi milli welosiped sporty hereketiniň taryhynda täze sahypany açdy. Şeýle görnüşli desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy.Bu desganyň hiline diňe bir ýaryşlara gatnaşyjylar däl-de, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berip, bu ýerde dünýä çempionatlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatyndan badalga berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşy üstünlikli dowam edýär.Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda hem-de Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň wekilleri-de üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de belende götererler.
Welosipedli ýörişler uly ähmiýetli jemgyýetçilik çäreleriniň iň ýaýran görnüşleriniň biridir, şeýle çäreler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak üçin geçirilýär, emma dünýäniň dürli döwletlerinden Aşgabada gelen hormatly myhmanlaryň aýtmaklaryna görä, olar heniz hiç ýerde şeýle çäreleriň şunuň ýaly giň gerimde, ýokary guramaçylyk derejesinde we ruhubelentlik ýagdaýynda guralyşyny görmändirler, türkmenistanlylaryň köp sanlysy bu ýörişlere höwes bilen gatnaşýarlar.
Säheriň tämiz howasy we paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi ägirt uly welosipedli ýörişe aýratyn öwüşgin çaýýar, oňa gatnaşyjylar özlerini amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň şaýady hökmünde duýýarlar.Olaryň her biri durmuşymyzy has gowulandyrmak, gyzykly we many-mazmunly etmek maksady birleşdirýän umumy işe öz şahsy goşandyny goşýandygyna düşünýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdag şaýoly boýunça 8 müň 500 metr ýoly geçip, Saglyk ýolunyň gutarýan ýerinde pellehana geldi.Bu ýerde milli Liderimiz Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş bolup, şu ýyl Türkmenistanda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle giň möçberli sport çärelerini geçirmekde oňyn netije toplanandygyny belläp, öňde boljak halkara ýaryşlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga bermäge görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmagyň zerurdygyny belläp, bu ýaryşlary guramaga gatnaşýan dürli edaralaryň hem-de düzümleriň işini utgaşdyrmak üçin degişli ýolbaşçylara zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Hormatly Prezidentimiz dynç gününde sport maşklaryny ýerine ýetirmek adatyna eýerip, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine tarap ugrady.
Beýleki welosipedçiler bolsa Aşgabadyň köçeleri boýunça hereketi dowam etdiler, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň umumy uzynlygy 30 kilometre deň boldy.Paýtagtymyzyň örän gözel şaýollary boýunça welosipedçileriň hatarlary ajaýyp we täsirli görnüşi emele getirdi, şaýollaryň ugrunda ak mermerli binalaryň hatarlary ýerleşýär, olar öz binagärlik görnüşi bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini aýratyn bezeýär. Şaýollaryň bezeg çyralary, täsin suw çüwdürimleri, ýaşyl zolaklar we güller bilen bezelen görnüşi arassalygy hem-de amatlylygy bilen ruhuňy göterýär.
Aşgabatlylaryň öz paýtagtyna nähili alada we söýgi bilen garaýandyklaryna şaýatlyk edýär.Bularyň ählisi ýörişe gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi.Welosipedçileriň hatarynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri bar, olaryň her biri degişli lybaslar bilen üpjün edilen öz toparyny döredipdir. Şu gün paýtagtymyzyň köçelerinde agşama çenli ulagyň görnüşiniň — welosipedden we jemgyýetçilik ulaglaryndan başgasynyň hereketi çäklendirilendir.
Welosiped gözel künjeklerden gatnamak we syýahat etmek üçin aýratyn amatly ulag serişdesidir.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, abadan ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň ýaşyl zolaklarynyň çäkleri barha giňeýär, her ýyl ýaş agaç nahallarynyň üç milliony öňküleriň üstüni ýetirýär.
Paýtagtymyzyň etegindäki ýollarda hem iri welosiped ýaryşlaryny, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleri guramak mümkindir.Welosiped sürmek diňe bir syýahatçylygyň giňden ýaýran görnüşi däl-de, beden kämilligini hem-de özüňi oňat duýmagy saklamak üçin türgenleşikleriň iň ýaýran görnüşidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek meýilleri işjeň häsiýete eýe bolýar.Welosiped sporty bolsa hemmeler üçin bähbitli hem-de fiziki işjeňligi artdyrýan köpçülikleýin görnüşde ösdürilýär.Bir söz bilen aýdylanda, welosipedli gezelenç örän täsin duýgulary döredýär, şeýle hem daşymyzy gurşap alýan dünýäni öwrenmäge, ekologiýa ýagdaýyna zyýan ýetirmezden tebigatyň täsin künjeklerinde bolmaga mümkinçilik berýär.Şeýlelikde, adamzadyň oýlap tapan iň meşhur zady barada geçirilen halkara pikir soralyşygyň jemleri boýunça welosipediň ýeňiji bolandygyny geňläp bolmaz, welosiped sesleriň köplügini alyp, ynsanyň oýlap tapan telefon we Internet serişdelerini bilelikde alanyňda hem olardan öňe geçdi.
Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasyna dünýäniň ähli sebitlerinden diýen ýaly ýurtlaryň 56-synyň awtordaş bolup çykyş etmegi bolsa bu başlangyjyň örän möhümdigine hem-de häzirki zaman dünýäsinde uly islege eýedigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy berkitmäge we ruhubelentlige ýardam bermän, erkiňi taplamaga, işe ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär.Bu babatda döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesine, sporta ygrarly bolmak bilen hem, Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri bilen hem aýdyň görelde görkezýär. ...Şu gün gujurlylygyň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy diňe bir ak mermerli gözel paýtagtymyzda däl-de, ähli welaýatlarda geçirildi.
Okgunly ösüşiň, beden we ruhy taýdan kämilligiň çäksiz hyjuwy şäherleriň we obalaryň köçelerine hem-de awtoulag ýollaryna tutuş Watanymyz boýunça sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesini çykardy.Raýatlaryň durmuş işjeňligi daşky gurşawyň we jemgyýetiň sagdynlygyny şertlendirýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejä eýedigini bellemeli.Bu meseleleriň oňyn çözgüdine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, howanyň arassalygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowarlary geçirilýär.
Ak mermerli paýtagtymyzda seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine üns berilýär.Beýleki şäherlerde bolşy ýaly, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, şäher ilatynyň sanynyň artmagy Aşgabadyň köçelerinde awtoulaglaryň köpelmegi bilen howanyň arassa saklanmagyna özüniň täsirini ýetirýär.
Awtoulagsyz gün diýlip yglan edilen 3-nji iýunda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginiň howa edýän täsirini seljermek maksady bilen, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýedi ýerinde gurnalan göçme hem-de hemişelik nokatlardan howa nusgalyklary alyndy we barlag işleri geçirildi.
Geçirilen barlag işleriniň netijesinde atmosferadaky tozanyň mukdarynyň şu ýylyň 2-nji iýunyndaky görkezijiden 2,06 mg/m3, formaldegidiň 0,17 mg/m3, senonyň mukdarynyň 0,2 mg/m3 hem-de azodyň dioksidiniň mukdarynyň 0,16 mg/m3 peselendigi ýüze çykaryldy.
Howa gurşawyna zyýanly täsiriň esasy bolup durýan awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmeginiň şäherde howanyň has arassa bolmagyna anyk we netijeli täsiriniň bardygy hakykatdyr.Hut şonuň üçin hem awtoulagsyz günleriň geçirilmegi Aşgabadyň ýokary ekologiýa derejeli bolan şähere öwrülmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem degişli gulluklaryň köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ýaryşlar geçirilýän mahalynda hereketiň doly howpsuzlygyny üpjün edendiklerini bellemek gerek, olaryň sazlaşykly, utgaşykly işleri bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini şertlendirdi.
Paýtagtymyzyň köçelerinde ir sagat 7.00-dan 19.00-a çenli diňe welosiped hereketine rugsat edildi. Şol wagtda diňe jemgyýetçilik ýolagçy ulaglary we gaýragoýulmasyz kömek gulluklary hereketde boldular. Şu günki baýramçylyk çäresiniň diňe bir welosiped we awtomobil sportuny söýýänleriň däl-de, ähli türkmenistanlylaryň ýadynda uzak wagtlap galjakdygy şübhesizdir. Çünki bu iri möçberli çäreler ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykmagyny alamatlandyrdy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň baş maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegidir. Çünki bagtyýar we many-mazmunly durmuş şatlykdan doly, ruhubelent, üstünliklere beslenen, beden we ruhy taýdan güýçli şahsyýetleri, ajaýyp açyşlary, iň oňat umyt-arzuwlaryň hasyl bolmagyny sagdynlygyň hem-de döredijiligiň çäksiz kuwwatyny alamatlandyrýar. *** Halkara welosiped güni dünýäniň köp ýurtlarynda bellenildi, ol ýerlerde 3-nji iýunda sport we dynç alyş çäreleri guraldy.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary welosiped ýörişlerini guradylar. Şeýle köpçülikleýin ýörişler türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýurdumyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Tailandyň we beýleki döwletleriň paýtagtlarynda geçirildi.