02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.Milli Liderimiziň bu sapary dostlugyň berk binýadyna hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazar. Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistanyň doly möçberli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu hyzmatdaşlyk özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.Bir ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Täjigistanyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy.

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawuly nyzama düzüldi.Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Olar döwlet Baştutanymyzy täjik topragynda mähirli mübäreklediler.Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, milli Liderimize gül desseleri gowşuryldy.Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne gelýär.Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon doganlarça mähirli garşylaýar.Iki ýurduň Lideri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Täjigistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar hem-de Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar.Soňra täjik Lideri ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýar.Belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy hormat garawulynyň esgerleriniň ýörişi bilen tamamlanýar, olar meýdançadan dabaraly ýöräp geçýärler.

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Kasri Millat” köşgüne çagyrýar, şol ýerde ýokary derejede ikiçäk türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Duşenbede ýene-de kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady.Täjik Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň şu resmi saparyna Täjigistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Şunda Täjigistan Respublikasynyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygy tassyklanyldy, öňden gelýän taryhy gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Täjigistana gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraply görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň hem-de onuň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine, özara bähbitli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berjekdigine, onuň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz täjik liderini ýetip gelýän milli baýram Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýa güni bilen gutlady we berk jan saglyk hem-de onuň jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, doganlyk täjik halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda we beýleki birnäçe pudaklarda özara gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde Türkmen-täjik hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluň gurluşygy boýunça bilelikdäki iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwletara hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetiniň hem-de tagallalary netijeli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon şeýle hem ynsanperwer ulgamda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, ylym-bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň hem-de iki döwletiň we halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparynyň ähmiýetini belledi.

Täjik lideri Täjigistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, gol çekmäge taýýarlanylan iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň wajyplygyny belledi.Ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Prezident Emomali Rahmonyň belleýşi ýaly, Täjigistan we Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde sebit we halkara häsiýetli meseleleriň köpüsi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.Munuň özi sebitde durnuklylygy we ösüşi saklamak işine hyzmat edýär.

Biziň döwletlerimiziň arasynda oňyn syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy we ösdürilýär, hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça çäreler görülýär. Şu gün taraplaryň garamagyna hödürlenen resminamalaryň uly toplumy hem muňa şaýatlyk edýär.

Hyzmatdaşlygyň zerur bolan döwletara gurallary döredildi we hereket edýär.Bilelikdäki hökümetara topary bu hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmekde möhüm orun eýeleýär diýip, täjik Lideri aýtdy.Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ilerletmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, düýn Duşenbede geçirilen bilelikdäki giňişleýin işewürler maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Prezident Emomali Rahmon bular barada aýtmak bilen, energetika, ulag, ýeňil senagaty, gurluşyk, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.Täjik Lideri ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, öz ýurdunyň ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň getirilmegine hem-de azyk we gaýtadan işleýän senagatyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hususan-da, oba hojalyk önümlerini bilelikde gaýtadan işlemek özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugry bolup biler.Prezident Emomali Rahmon Bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek hem-de iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmak ýaly möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini aýdyp, Täjigistanyň we Türkmenistanyň iri düzümleýin taslamalary,şol sanda ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini nygtady.

Durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan şeýle taslamalara, ikinji nobatda, Türkmenistan Owganystan Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy degişlidir.Ulag-aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmaga hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Täjik Lideriniň nygtaýşy ýaly, Täjigistan Türkmenistanyň bu ulgamdaky ähli başlangyçlaryny mübärekleýär hem-de işjeň goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döredilýän ulag-üstaşyr düzüminiň döwrebap toplumynyň, şol sanda Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň uly kuwwaty bellenildi.

Prezident Emomali Rahmon medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, häzirki wagtda bu netijeli gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.Iki ýurduň ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Täjigistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagy däbe öwrüldi.

Bilim ulgamyndaky gatnaşyklar giňeldilýär.Täjik türgenleri sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar.Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmenistanlylaryň ählisini bu ägirt uly we giň möçberli sport baýramçylygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Bu oýunlar diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam etdi.Dostlukly döwletiň Baştutany halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Täjigistanyň bu ugurda Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak we goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goldaw bermek boýunça tagallalary birleşdirmäge degişlidir.

Prezident Emomali Rahmon uly geljege eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilik başlangyçlarynyň ählisini hemişe goldandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona täjik topragynda mähirli garşylanandygy hem-de netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, täze ugurlara çykmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde bu duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz emele gelen ynam we özara düşünişmek derejesiniň bize öz gatnaşyklarymyzy uzak geljege nazarlap ynamly guramaga, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni- ynsanperwerlik ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz dünýä giňişliginde özara gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, taraplaryň mundan beýläk-de iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, sebit birleşikleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hereketlerini utgaşdyrmagy ugur edinýändigini belledi.

Türkmenistan bilen Täjigistan bu guramalara gatnaşyjylar bolup durýarlar.BMG-de özara goldaw bermek hereketi dowam etdiriler.Munuň özi asylly däbe öwrüldi hem-de iki ýurduň häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika, ulag, ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezýär.

Türkmenistan Täjigistan bilen häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksadynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam eder. Ýüze çykýan dürli ýagdaýlara görä, häzirki wagtda daşary syýasat ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynda sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak meseleleri ilkinji orna çykýar. Özara düşünişmesine hem-de sebit meseleleri babatynda garaýyşlaryň birmeňzeşligi esasynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu wezipäniň durmuşa geçirilmeginiň möhüm düzüm bölegi bolup çykyş edýändigi äşgärdir. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň eýeleýän ornunyň üýtgewsizligi we yzygiderli häsiýeti möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýanyň parahatçylykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam berýän ygtybarly hem-de netijeli gurallaryny döretmek, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, bar bolan ähli meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, özara bähbitleriň berjaý edilmegi we hasaba alynmagy ugrunda çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýy gepleşikleriň aýratyn meselesi hökmünde görkezip, goňşy ýurtdaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler, bu ýurduň ähli jogapkär hem-de oňyn güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikler esasynda kadalaşdyrylmalydygyny wagtyň görkezendigini belledi.

Biz Owganystanyň hökümetine işjeň halkara goldawynyň berilmeginiň, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagyna, hususan-da, energetika we ulag ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda ýardam berilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda ynsanperwerlik ugry, Owganystanyň halkyna kömek bermegiň möhüm meselesi bolup durýar.Bu ugurda Türkmenistan degişli halkara düzümleri bilen has ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.Ulag ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň gürrüňsiz ileri tutulýan ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara laýyklykda biz Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň gurluşygyna girişdik.Onuň Atamyrat—Ymamnazar—Akina ilkinji nobatdakysy 2016-njy ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi.

Häzirki wagtda bu geçelgäniň Owganystanyň çäklerinde ösdürmegiň bilelikdäki mümkinçilikleri öwrenilýär. Ählumumy ulag strategiýasy boýunça hyzmatdaşlygymyz bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň garamagyna “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulgamyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” kararnamasynyň taslamasyny hödürländigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň bu başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi.

Energetika ulgamynda taslamalary amala aşyrmak döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biridir.Bu ugurda bar bolan mümkinçiliklere içgin garamaga taýýardyrys.Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berlen täze energiýa kuwwatlyklary häzirki wagtda owgan ugry boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berýär, geljekde bolsa täjik tarapynyň gyzyklanma bildiren ýagdaýynda güýz-gyş möwsümlerinde Owganystanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny ibermegi amala aşyrmaga şert emele geler diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, şu ýylyň 28—29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň wekilçilikli toparyny onuň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda hem, sebit hyzmatdaşlygynda hem häzirki wagtda suw-energetika meselesi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar.Bu meselelere garalmagynyň hem-de olaryň çözgüdini tapmagyň halkara hukugynyň kadalary, özara hormat hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak esasynda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ekologiýa meseleleri boýunça ikitaraplaýyn derejede we halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde tebigaty goramak ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlyk meselelerini alyp barýan hemişelik esasda ýöriteleşdirilen düzümlerini döretmek ugrunda işleri anyklaşdyrmagy teklip edýär.

Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda hem-de işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek barada gürrüň barýar.Türkmenistan Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Bu Gazna örän möhüm sebit düzümi bolup, onuň işi Aral sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.Türkmenistan Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynda başlyklyk ediji ýurduň borçlaryny öz üstüne almak bilen Gazna agza ýurtlar bilen bilelikde degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady, onda agza döwletleriň bilelikdäki işleriniň ileri tutulýan meýilnamalary beýan edildi.

Gaznanyň işiniň has netijeli we anyk häsiýete eýe bolmagy maksadynda Täjigistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga garaşýarys.Türkmenistanyň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine taýýarlanýandygyny aýratyn nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň we mümkinçilikleriniň giňdigini aýdyp, häzirki wagtda ondan doly peýdalanylmaýandygyny belledi we bilelikdäki özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze geljegi uly ugurlary tapmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň işiniň harytlary özara ibermegiň sanawyny giňeltmegiň hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmagyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilmelidigini maksada laýyk hasap edýärin, toparyň soňky mejlisi şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirildi. Şunuň bilen birlikde, 2018-nji ýylda türkmen we täjik önümleriniň özara sergilerini geçirmegiň, şeýle hem Aşgabatda we Duşenbede iki ýurduň Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek derwaýys hasaplanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagyň zerurlygy babatda hem özara düşünişmek emele geldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň raýat awiasiýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Aşgabadyň we Duşenbäniň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagy bilen baglanyşykly ykdysady, tehniki we beýleki ugurlar boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak barada tabşyryk bermegi maksada laýyk hasaplaýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda, bilelikdäki kärhanalary döretmekde, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän pudakda, hyzmatlar ulgamynda ýygjam hyzmatdaşlyk etmekde has işjeň orny eýelemeklerine garaşýarys. 1-nji noýabrda türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-täjik işewürlik geňeşini döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Ol söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berer, hyzmatdaşlygy has anyk häsiýete ýetirer.Medeni-ynsanperwerlik ulgamy hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bu ugurda gatnaşyklarymyz ýokary derejä ýetirildi.Iki ýurduň ylym, medeniýet we sungat işgärleri Türkmenistanda we Täjigistanda guralýan halkara çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar.Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi barada durup geçip, ýakynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň Täjigistan bilen iri halkara sport çärelerini taýýarlamak we guramak babatynda tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, şu günki duşuşygyň hem-de onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki döwletiň mundan beýläk hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklandygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gol çekilmegine taýýarlanylan resminamalar hem munuň mysalydyr.Milli Liderimiz çykşynyň ahyrynda, Prezident Emomali Rahmona döwletara gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga oňyn çemeleşýändigi we taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler. Şeýle hem harytlar eksport we import edilende, işler we hyzmatlar ýerine ýetirilende goşmaça salgytlary salmagyň ýörelgeleri hakynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda Ylalaşyga; Uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Maksatnamasyna; Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Jilikul raýonynyň “Ergaş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny (binalar toplumyny) gurmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakynda Teswirnama; Aşgabat we Duşenbe şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Duşenbe şäheriniň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda Ylalaşyga; Lebap welaýatynyň (Türkmenistan) häkimligi bilen Hatlon oblastynyň (Täjigistan Respublikasy) Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Maýa goýumlary we döwlet emlägini dolandyrmak baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky “Täjikinwest” Döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Gepleşikleriň jemini jemläp, Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiziň Täjigistana resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny nygtady.

Onuň netijeleri iki döwletiň ýolbaşçylarynyň köpugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryna täze itergi bermäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.Täjik Lideriniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleriň çäklerinde tutuş hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Taraplar häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarynda strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly syýasy binýadyň döredilendigi barada bir pikiri beýan etdiler.Gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň Baştutany strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň ähmiýetini nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmegiň täze usullaryny gözlemegiň wajyplygy bellenildi.Bilelikdäki işewürler forumynyň saparyň maksatnamasynyň esasy bölekleriniň birine öwrülendigi tötänden däldir diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy.

Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda, ulag, senagat, energetika we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly şertler bar.Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de degişli pudaklaryň arasyndaky işewür gatnaşyklary höweslendirmek boýunça işleri dowam etdirmek, iki ýurduň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm orny bellenildi.

Bu topar ýylyň başynda Aşgabatda özüniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwdany ösdürmekde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini ilerletmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagyň zerurdygy barada pikir aýdyldy diýip, täjik Lideri sözüni dowam etdirdi.

Gepleşiklerde şeýle hem suw-energetika resurslaryny rejeli ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.Prezident Emomali Rahmonyň belleýşi ýaly, taraplar iki döwletiň halklarynyň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar.

Ylym, medeniýet, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Gepleşikleriň netijeleri boýunça örän möhüm resminama bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Täjigistanyň Baştutany şeýle hem medeni-ynsanperwer meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen dostlaryny möhüm ähmiýetli sport forumynyň V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlandygyny aýtdy. Ýokary derejede guralan Aziada halklaryň dostlugynyň ägirt uly baýramçylygyna, ýaşlarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň möhüm şertine öwrüldi diýip, täjik Lideri nygtady.

Oýunlara gabatlanyp gurlan sport desgalarynyň täsin toplumy Aşgabadyň keşbini has-da özgertdi we ony iri sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwürdi.Gepleşikleriň barşynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şu meseleler boýunça, şol sanda Täjigistanyň we Türkmenistanyň agza bolup duran halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara syýasy gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy.

Taraplar goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedigi barada bir pikir aýdyp, bu ýurduň durnukly ösüşine ýardam edýän halkara ykdysady taslamalara bilelikde gatnaşmagyň wajypdygyny bellediler diýip, Täjigistan Respublikasynyň Baştutany nygtady.

Prezident Emomali Rahmon şeýle hem terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly ugurlarda bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak babatda ylalaşylandygyny habar berdi.

Sözüniň ahyrynda täjik Lideri şu günki gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, olaryň taraplaryň döwletara gatnaşyklary hil taýdan has ýokary derejä çykarmak üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmaga meýillidigini tassyklaýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy.

Möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzy kesgitleýän resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şu günki ýokary derejedäki duşuşyk dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli giňeltmäge özara gyzyklanmany hem-de munuň üçin Türkmenistanyň we Täjigistanyň uly mümkinçiliklere eýedigini tassyklady.

Gepleşikleriň dowamynda parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berildi.Biz ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdyk.

Bular ilki bilen, haklara terrorçylygyna, ideologiýa we dini ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine gatnaşmaga degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy meselelerine üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk häzirki wagtda bu meseleleriň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Şunda biziň garaýyşlarymyz üýtgewsizdir: biz Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, bu sebitiň oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň giňişligine öwrülmegine ýardam berýän ygtybarly we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris.

Diňe şeýle ýagdaýda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny tizleşdirmek, sebitimizi yklymda strategiki durnuklylygyň möhüm bölegine öwürmek, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek mümkindir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ýurtlarymyz sebit howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigine esaslanmak bilen Owganystana işjeň halkara goldawynyň berilmeginiň, bu ýurduň energetika we ulag ýaly möhüm durmuş ähmiýetli ulgamlarda sebit we halkara ykdysady gatnaşyklara netijeli goşulyşmagyna ýardam etmegiň tarapdary bolup çykyş edýärler diýip, milli Liderimiz nygtady.

Häzirki wagtda ynsanperwerlik ugry, ykdysadyýetiň dürli pudaklary we durmuş ulgamy üçin ýokary derejeli milli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna kömek bermek owgan halkyny goldamagyň zerur ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biz 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek???

Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji Konferensiýasynyň (REССA VII) ähmiýetini belledik.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, Türkmenistan bilen Täjigistan durnukly ösüş we onuň düzüm bölegi bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlarynda tagallalary utgaşdyrmagy dowam eder.

Ulag ulgamynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol geçelgesiniň gurluşygyna girişdi.Gepleşikleriň dowamynda iki ýurdyň bu taslamany amala aşyrmaga berk ygrarlydygy tassyklanyldy.Elektrik energetikasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berlen täze energiýa kuwwatlyklaryny hasaba almak bilen, biz täjik tarapynyň gyzyklanma bildiren ýagdaýynda güýz-gyş möwsümlerinde Owganystanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny ibermegi amala aşyrmaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine baha bermek bilen, taraplar şu ýylyň 28—29-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynyň halkara ähmiýetini bellediler, şu ýyl Türkmenistan bu gurama başlyklyk edýär.

Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Biz iki döwletiň hem eýe bolan kuwwatly mümkinçiliklerine laýyklykda bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, täze ugurlara çykmagyň zerurdygy baradaky umumy pikire geldik. Şunda iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda biz medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşendigini kanagatlanmak bilen belledik.Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, iki ýurduň raýatlarynyň ýakyn gatnaşyklary üçin şertleri döretmek barada ylalaşyga geldik diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Täjigistanyň Türkmenistanyň örän möhüm hyzmatdaşydygyny belledi.Bu dostlukly ýurt bilen biz gatnaşyklarymyzy uzak geljege nazarlaýarys.Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär we okgunly häsiýete eýedir.

Deňhukuklylyk, özara hormat, açyklyk we ynam, iki doganlyk halkyň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine özara düşünişmek biziň gatnaşyklarymyzyň tapawutly aýratynlyklarydyr.Türkmenistan bilen Täjigistan öz gatnaşyklarynda baý taryhy tejribä, halklarymyzyň arasynda kemala gelen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem häzirki döwrüň ýagdaýlaryna aň ýetirmek, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine daýanýarlar.

Biz ol mümkinçilikleri doly peýdalanmagy ugur edinýäris, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit we halkara meseleleriniň barşyna oňyn täsir ýetirýändigine düşünýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz Täjigistanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. “Kasri Millat” köşgünden hormatly Prezidentimiz sapar mahalynda özi üçin niýetlenen Hökümet kabulhanasyna ugraýar.

Günüň ikinji ýarymynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hökümet kabulhanasynyň meýdançasynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi hem-de milli tagamlary bilen tanyşdylar.Sergide miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynyň baş meýdançasyna “Dusti” meýdançasyna ugrady, şol ýerde uly ýadygärlikler toplumy guruldy. Ýadygärlige barýan ýoluň iki tarapynda hem Hormat garawulunyň esgerleri nyzama düzüldiler.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, ajaýyp döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samanidler Döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi.Bu ýerde, esasy girelgäniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy muzeýiň direktory we muzeýiň işgärleri mähirli garşyladylar.Hormatly Prezidentimizi muzeýe çagyrýarlar. Ýolugrunda onuň ýolbaşçysy belent mertebeli türkmen myhmanyna dört ýyl mundan ozal açylan muzeýiň döwrebap binasy barada gürrüň berýär.

Binanyň umumy meýdany 24 müň inedördül metrden gowrakdyr.Gymmatlyklar 22 uly we kiçi sergi zallarynda ýerleşýär.Olaryň meýdany 13 müň inedördül metrden gowrakdyr.Olaryň hatarynda tebigat, gadymy hem-de orta asyrlar, täze we iň täze taryh, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungaty bölümleri bar.

Muzeýiň gymmatlyklary üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar niýetlenendir.Olaryň hatarynda gymmatlyklar dikeldilýän barlaghanalaryň onusy bar. Şeýle hem ykjam sergi diwarlyklaryny ulanmak arkaly wagtlaýyn sergileri geçirmek üçin meýdançalar göz öňünde tutulandyr.

Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen multimediýa we maslahatlar zallary muzeýiň esasy wezipeleriniň birini aň-bilim wezipesini çözmäge niýetlenendir.Muzeýiň gaznasy esasy iki bölekden taryhy-ülkäni öwreniş hem-de şekillendiriş amaly-haşam sungaty bölümlerinden ybaratdyr.

Binanyň aşaky gatynda ýerleşen zallarda Täjigistanyň tebigaty bölüminiň gymmatlyklary bar.Bu ýerde ýurduň çäginde tapylan hem-de çykarylýan peýdaly gazylyp alynýan zatlaryň nusgalarynyň uly toplumy goýuldy.Agramy 800 kilograma barabar bolan, daş ýaprajyklaryň 12 müňüsinden ybarat bolan “daş agajy” muzeýe gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Ösümlik dünýäsi Täjigistan Respublikasynyň howa zolaklaryna baglylykda, ösümlikleriň dürli görnüşleriniň gerbarileri arkaly görkezilýär.

Geografiki, relýef, howa we beýleki kartalar çeperçilik taýdan bezelipdir. “Pamir”, “Çiliçorduhtoron”, “Daştijum”, “Gaplaň jary” we beýleki reňkli slaýdlar hem-de dioramalar ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. “Haýwanat dünýäsi” zalynda dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan zatlar ýerleşdirilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Ahemenidler Imperiýasyna, Grek Baktriýa döwletine, Kuşan patyşalygyna, Sasanidler we Eftalitler döwletlerine degişli arheologiki tapyndylar ýerleşdirilen zallara baryp gördi.Hususan-da, bu ýerde altyndan we kümüşden ýasalan gymmatlyklaryň nusgalary, Amyderýa gorunyň zatlary, dünýä meşhur Oks Ybadathanasynyň ýadygärliginiň maketi we tapyndylary, diwara çekilen bezegleriň bölekleri, agaçdan ýasalan gymmatlyklar, küýze önümleri hem-de şol döwürlere degişli lybaslaryň nusgalary görkezilýär.

Täjigistanyň taryhynyň dürli döwürlerine, şol sanda iň täze eýýama bagyşlanan mowzuklaýyn gymmatlyklar bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz görkezilýän gymmatlyklar, olaryň saklanyş şertleri we tehnologiýalary bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, Türkmenistanyň çäginde ýerleşen täsin ýadygärlikleri aýawly saklamaga we öwrenmäge, şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde muzeý işini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bu ulgamda möhüm wezipeleri çözmäge ýardam edýär.Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda maksada laýyk işler geçirilýär, şol sanda muzeýleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar we degişli düzüm kämilleşdirilýär, iň täze ýörite enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap muzeý binalary gurulýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda, milli Liderimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, bu däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady we tejribe alyşmak babatda bu ugurdaky işiň örän netijelidigini belledi.

Täjigistanyň Milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.Döwlet Baştutanymyz gyzykly gürrüňi üçin muzeýiň direktoryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirip, olar bilen mähirli hoşlaşdy.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti agşamlyk naharyny berdi.Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. * * * Şol gün Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti raýonynyň Medeniýet öýünde milli Liderimiziň dostlukly ýurda resmi saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Oňa ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary, ýerli häkimiýet edaralarynyň, iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen täze kitaby türkmenistanlylara ajaýyp sowgat bolmak bilen, ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak pikirini özünde jemleýär.

Onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasy hökmünde garalýar.Neşiriň girişinde bellenilişi ýaly, “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna gosulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de isjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degislidir”.

Kitap özüne “Jeýhunyň ýakasy”,“Gadymy Merw”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Dasogzuň gadymy topragynda” atly baplary we köpsanly suratlary jemleýär.Olar dürli döwürlere hem-de giňişliklere özboluşly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Gündogardan Günbatara çenli Türkmenistanyň çäginiň bu özboluşly syny ýurdumyzyň gadymdan bäri söwda we medeni ýollaryň çatrygynda ýerleşen şäherleri hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen baglanyşykly Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” açyp görkezýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenen “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ylmy we tejribe babatdaky ähmiýetini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip,çykyş edenler bellediler.

Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň nusgalary gowşuryldy.Munuň özi hemmeler üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Täjigistanyň Prezidenti motosikl öndürýän kärhana açdy
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň bilim we ylym ministri bilen duşuşdy
Täjigistanda mekdepler gurmak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ilçihanasyny Duşenbe salgytlar tölemekden boşadýar