02.10.2017 | Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň döwletara resminamalar toplumyna gol çekildi

Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň gatnaşmagynda:Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2013-nji ýylyň 17-nji sentýabryndaky Deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek barada Teswirnama; Oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Migrasiýa ulgamynda ygtyýarly edaralaryň wekilhanalaryny özara açmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Dron Bilen Hüjüm Gurandygyny Habar Berdi
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
22.11.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Aşgabatda türkmen-russiýa ykdysady maslahaty geçirildi
Russiýa Türkmenistan bilen sebitler derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanýar