02.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar.

Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar.Döwlet Baştutanymyz işiniň örän köpdügine garamazdan, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny içgin öwrenmek meselelerine yzygiderli üns berýär.

Aşgabady uzakmöhletli ösdürmegiň strategiki garaýşyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir.

Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, täze möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny gözden geçirdi. Ýakyn wagtda şol desgalar türkmen paýtagtyny bezäp, işewür, syýasy, maliýe we maýa goýum işjeňliginiň merkezi hökmünde onuň derejesini has-da berkider.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça milli Liderimiz ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan Buig Batiman Internasional fransuz kompaniýasynyň şäheriň günorta böleginde bina edýän desgalaryny gözden geçirdi.Täze gurulýan desgalaryň hatarynda Halkara kongres merkezi we kaşaň myhmanhana, Döwlet münberi, Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň we Senagat paýdarlar-täjirçilik bankynyň binalary bar.

Taslama laýyklykda, olaryň ählisi paýtagtymyzyň umumy binagärlik toplumyna sazlaşykly goşular. Şol desgalar binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň şu böleginde binalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr — tebigatyň dag görnüşleri we binagärlik toplumlary biri-biri bilen sazlaşmalydyr.

Bu talap binagärligiň we taslamalary düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar.Munuň özi şäheriň has-da gözelleşmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň diňe bir estetiki tarapyna däl, eýsem, okgunly ösýän uly şäheriň durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine hem üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baran ilkinji desgasy Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş binasynyň gurulýan meýdançasy boldy.Bu ýerde Buig Batiman Internasional fransuz potratçysynyň wekili Alekseý Reşow milli Liderimize işleriň barşy, bankyň otaglarynyň möçber-meýilleşdiriş we netijeli çözgütleri barada hasabat berdi.

Bankyň 15 gatly binasynyň gurulmagyna bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 67 müň inedördül metrden gowrakdyr. Şu çäkde gurluşyk meýdançasy 16 müň 800 inedördül metr ýeri tutýar.Bina 76,5 metr beýiklige galýar, onuň ini bolsa 35,5 metre deňdir.

Birinji gatda eýwan, mejlisler zaly hem-de beýleki otaglar ýerleşer, 2 — 11-nji gatlar aralygynda işgärleriň iş otaglary, binanyň ýokarky gatlarynda bankyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary bolar. 14-nji gat tehniki gat bolup, birinji gatdan aşakda ammar, naharhana, awtoduralga ýerleşer.

Bankyň müşderileri üçin hem awtoulag goýmaga ýer göz öňünde tutulypdyr.Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň binasynyň hem hut şunuň ýaly gurluşy bar.Milli Liderimiz desga bilen tanyşlygynda gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdelere aýratyn üns berdi. Şol serişdeler uzak döwre niýetlenip, berk bolmalydyr.

Mundan başga-da, binanyň daş ýüzüniň bezeg işlerinde milli öwüşginler beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Iň täze sanly tehnologiýalaryň ulanylmaly ýeri bolan kassa-amallar zalynda bankyň müşderileri üçin oňaýly şertleri düýpli oýlanyşmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň çäklerinde gurluşyk işleri heniz meýilleşdirilen wagtynda ýaşyl zolaklaryň we seýilgähleriň döredilmegini taslama goşmalydygyny aýdýar. Çünki paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagy baş talaplaryň biri bolmagynda galýar.

Mundan başga-da, bagy-bossanlyga büremek işleri hem-de Aşgabadyň güller bilen bezelmegi şäheriň estetiki keşbine nurana we özüne çekiji häsiýet berýär, şoňa görä-de, bu babatda täsin dizaýnerçilik maksatlary hem-de pikirleri giňden ulanmak gerek.

Döredilýän bagy-bossanlykly toplumlar we seýilgähler häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Milli Liderimiziň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek baradaky başlangyçlary halkara derejesinde ykrarnama eýe bolýar.Munuň özi, ozaly bilen, howanyň üýtgemegi, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak ýaly meselelerdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan Halkara kabul edişlikler merkezine baryp gördi.Bu merkez Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň kabul edişlikler merkezi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Halkara kongresler merkeziniň binalar toplumyna girýär.

Halkara kabul edişlikler merkeziniň üç gatly binasynyň gurluşyk meýdançasy 22 müň 836 inedördül metre barabardyr.Desga 66 müň 429 inedördül metr ýerde ýerleşýär.Binanyň ölçegleri: beýikligine 31,36 metr we ini 112 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barlan işler bilen tanşyp, käbir otaglaryň häsiýetli aýratynlygy boýunça birnäçe tankydy belliklerini aýtdy.Milli Liderimiz bu babatda birnäçe üýtgeşmeleri girizmegi talap edip, degişli tekliplerini berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň kabul edişlikler merkezine baryp gördi.Bu merkez Halkara kongresler merkeziniň beýleki tarapynda ýerleşýär.Bu desganyň gurluşyk meýdançasy 24 müň 140 inedördül metrdir.

Onuň 63 müň 991 inedördül metr töwerekdäki meýdany abadanlaşdyrylar.Halkara kabul edişlikler merkezi ýaly, ol hem üç gatdan ybarat bolup, beýikligi 31,36 metre hem-de ini 112 metre deňdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgany gözden geçirip, potratça iň ýokary gurluşyk ülňülerini üpjün etmek hem-de ähli işleriň hilini, şu we toplumyň beýleki binalarynyň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halkara kongresler merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilen gurluşyk işlerine baha berdi.Bu uly göwrümli bina bäş gatdan ybarat bolup, 47 müň 464 inedördül meýdany tutýar.

Ol 93,7 inedördül metr ýerde ýerleşýär.Desganyň beýikligi 38,65 metre, ini bolsa 190 metre deňdir.Türkmenistanyň Halkara kongresler merkeziniň toplumynyň hemme üç binasy umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy emele getirýär.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalar ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlamakdan amala aşyrmaga çenli hemme tapgyrlary hemişe üns merkezinde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge innowasion, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär. Şähergurluşygy Aşgabady ösdürmegiň baş ugry bolmak bilen, köp babatda şäheriň ykdysady ugurlaryny hem, maýa goýum we işewürlik ýagdaýyny hem kesgitleýär.

Paýtagtymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekde goşýan goşandy, halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki eýeleýän orny we ähmiýeti artýar.Bu ýerde, Türkmenistanyň baş şäherinde, ykbal çözüji çözgütler kabul edilýär hem-de jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň bilen birlikde, kuwwatly ösüşleriň we özgertmeleriň depgini peselmeýär, her günki yhlasly zähmet gowşamaýar, bular tutuş ýurdumyzy joşgunly zähmet çekmäge atarýar.

Milli Liderimiz işleriň, şol sanda hil, dizaýn, estetika we ekologiýa babatda, desgalaryň ýanyşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur durmuş, inžnerçilik-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretmek babatdaky işleriň döwrüň talabyna kybap gelmelidigine uly üns berýär.

Bularyň ählisi adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, amatly durmuşy we dynç almagy üçin hemme şertleri üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara kongresler merkezini gözden geçirmegiň barşynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurmak meýilleşdirilýän täze iri möçberli toplumyň — Aşgabat-sitiniň gurluşyk taslamalary bilen hem tanyşdy.

Milli Liderimize geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik desgalaryň — ýaşaýyş jaýlarynyň, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň taslamalary görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň aýdan teklipleri we bellikleri nazarda tutulyp, üstünde täzeden işlenilen desgalaryň taslamalary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hemme binalaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzy mundan beýläk ösdürmegiň baş ýörelgesiniň şäher gurşawynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini guramakda öz üpjünçiliginiň bolmagyny gazanmakdan ybaratdygyny belledi.Täze ýaşaýyş toplumy ak mermerli Aşgabadyň keşbi bilen hem sazlaşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de geljekki hemme desgalaryň dizaýn babatda bolşy ýaly, gurluşygyň hili, şeýle hem energiýa sarp etmegiň, galyndylary gaýtadan işlemek hem-de tebigy gurşawy gorap saklamak nukdaýnazaryndan ekologiýa talaplary babatda hem häzirki zamanyň ölçeglerine kybap gelmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow inženerçilik-tehniki serişdeleri — energiýa we suw üpjünçilik, aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlary çekmek meselelerine ilkinji nobatda üns berilmelidigini aýtdy.Bu ýaşaýyş toplumynyň taslamasy ösüş mümkinçiliklerini döretmäge, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ugur alýar.

Ol paýtagtymyzyň demirgazyk bölegini ýaşaýjylar hem-de maýadarlar üçin işe ýerleşmegiň we işewürligiň mümkinçilikleri bolan täze ykdysady merkeze öwürmäge, telekeçiligi hem-de innowasiýalary ösdürmek üçin utgaşykly oňat gurşawy üpjün etmäge, Aşgabadyň ilatynyň köpelýändiginiň çaklamalaryny nazarda tutmak bilen bolsa, şäheriň çäklerini has-da giňeltmäge esas bolmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza iri möçberli şähergurluşygyna örän uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berýär.Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr.

Ol her ýylda täze binagärlik toplumlary, ugurlarynda abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlary peýda bolýan köçeler bilen baýlaşýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşen Döwlet münberiniň gurluşyk meýdançasyna bardy. 2020-nji ýylyň awgust aýynda doly taýýar etmek bilen ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň buýrujysy Aşgabat şäher häkimligidir.

Bu desganyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr.Onuň töwereginde 47 müň 324 inedördül metr meýdan abadanlaşdyrylar.Gündogarda köşk gurmak usulynda gurulýan Hökümet münberiniň binasy Prezident münberini hem-de 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi özünde jemleýär.

Desganyň öň ýüzündäki böleginiň beýikligi 30 metre deňdir, mundan başga-da, onuň iň ýokarky gatynyň beýikligi 2,55 metre barabardyr.Münberiň ini 160 metrdir, şeýle hem bu ýerde dikuçar meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.

Milli Liderimiz şäher häkimine hem-de Buig Batiman Internasional fransuz kompaniýasynyň wekiline döwlet münberini bezemek babatda görkezmeleri berdi.Münberiň ýanynda giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler.

Mundan başga-da, bu ýerde myhmanlar üçin hem iň oňaýly şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Umuman, bina edilýän desgalary gözden geçirmegiň netijelerini jemläp, milli Liderimiz olaryň ählisiniň Watanymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini, şoňa görä-de, olaryň gurluşyklarynyň barşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Ýaşyl zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berilmelidir, munuň özi howanyň ýagdaýyna, şäheriň ekologiýasyna oňyn täsir eder, adamlaryň ýaşamagy, mynasyp dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün eder. Şeýle hem şäheriň awtomobil ýollarynyň halkara ölçeglerine kybap gelmegi, bu ýollaryň awtoulag sürüjileri we pyýadalar üçin amatlylygy, şäher hem-de tebigy gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy ýaly ugurlary hem göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýanyndaky ýolbaşçylara halkymyzyň bähbidi ugrundaky jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Ozalky Döwlet münberi “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler
Türkmenistanyň ozalky Döwlet münberi Oguzhan köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler
Kaşaň desgalaryň ýalkymy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taslamalar we birnäçe desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Berdimuhamedow täze gurluşyklar bilen tanyşýan mahalynda, paýtagtlylar nobatdaky jaý ýykyşlygyna taýýarlanýar