02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi.Ol Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere gatnaşdy.

Myhman döwlet Baştutanymyza Hazar deňzinde deňiz ulag geçelgeleriniň esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat etjek ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de gutlaglaryny ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň başyny başlan, Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryny işjeň goldap, ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.Iki ýurduň halklaryny ozaldan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň Liderleriniň 2017-nji hem-de 2018-nji ýyllarda bolan özara döwlet saparlarynyň türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze tapgyry açandygy bellenildi.Söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda, işewür toparlaryň ugry boýunça gazanylan ylalaşyklar häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn söwdany artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň yklym derejesinde ulag-logistika düzümini döretmekdäki nobatdaky möhüm ädim hökmünde Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmeginiň ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu taryhy waka, gürrüňsiz, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, asyrlaryň dowamynda halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlykda sebitiň ähli döwletleri üçin möhüm tapgyr bolar.

Duşuşygyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatow iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin, dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

29.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK
28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-Üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy
28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady
Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi