02.04.2019 | Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, gaýtadan işleýän, şol sanda gaz senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümi çykarmak boýunça strategiýany durmuşa geçirýär.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe möhüm tabşyryklary berdi.Hususan-da, X Halkara gaz kongresini guramagyň we geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmek tabşyryldy.Bu kongres öňdebaryjy tejribäni alyşmak, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülmelidir.

Häzirki wagtda şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýubileý forumy guraýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Halkara gaz kongresine işjeň taýýarlyk görýärler.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iri kompaniýalary geçiriljek möhüm çärelere gatnaşmaga ençeme aý öňünden ykjam taýýarlyk görýärler. Ýöne, Türkmenistanyň gaz senagatynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara kongresiň anyk senesiniň onuň açyljak gününden iki aý öňünden belli bolandygyna garamazdan, ählumumy energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän Exxon Mobil, Shell, Gazprom, Petronas, CNPC, Hyundai, Kawasaki, NAPECO, Vitol, Dragon Oil, ENI, Buried Hill, LG, Gaffney, Cline & Associates ýaly meşhur kompaniýalar we beýlekiler Awaza forumyny özleriniň iş senenamasyna girizdiler.

Gatnaşýan kompaniýalaryň köp bolmagy dünýäniň energetika işewürliginiň Türkmenistanyň artýan gaz bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Munuň özi tötänden däldir, çünki Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gaz gorlary 50 trillion kub metrden gowrak möçberde bahalandyrylýar. Özüniň geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdelerine baý bolmagy ýurdumyzyň häzir bar bolan we geljegi uly ugurlar boýunça gazyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga uly mümkinçiligi bardyr.

Häzirki döwürde türkmen döwleti Merkezi we Günorta — Gündogar Aziýa möçberinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär.Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr.Onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapýar. Ýene-de bir strategik taýdan möhüm taslama Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda turbageçirijiniň uzynlygy 214 kilometre barabar bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanýar, Owganystanyň we Pakistanyň çäginde degişli işler alnyp barylýar.Uzynlygy jemi 1840 kilometrden gowrak boljak TOPH gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen her ýyl 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny ibermek mümkinçiligi dörär.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi uly sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder.Dünýäde iň irileriň hatarynda durýan Galkynyş gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri işjeň dowam edýär.

Gaffney, Cline & Associates (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň garaşsyz barlaglaryna laýyklykda, Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde bu käniň gorlary 27 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýar.Bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini çykarmaga mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanmaga berildi, TOPH gaz geçirijisini mawy ýangyç bilen üpjün etmek üçin niýetlenen şeýle kuwwatlykdaky toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň gury ýer we deňiz çäkleri uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek nukdaýnazarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Ýangyç çykarylýan ýataklarda çuňňur gorlary (7 kilometre çenli) öwrenmäge gönükdirilen geologiýa-gözleg işleri dikeldildi.

Hususan-da, ýurdumyzyň günbatar böleginde, Goturdepe ýatagynda döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly 3D görnüşinde seýsmologiýa gözleg işleri geçirildi.Nobatdaky ýatak Barsagelmez bilen baglanyşyklydyr. Şol ýerde 3D usulynda seýsmiki surata almak işi 345 inedördül kilometri öz içine alar.

Mundan başga-da, Derýanyň çäginde 2D usulynda seýsmologiýa gözleg işleri ýerine ýetirildi.Bu işler 874 pagon kilometr meýdanda amala aşyryldy.Häzirki wagtda alnyp barylýan işe mysal hökmünde 4 müň metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe täze nebit ýatagynyň açylmagyny görkezmek bolar.

Türkmennebit döwlet konserniniň hünärmenleri Hazar deňziniň kenarynda Uzynada böleginde örän çuň — 7 müň 150 metr çuňlukda guýyny burawladylar.Geofiziki barlaglaryň we beýleki degişli işleriň netijeleri boýunça synag mahalynda 6,689-6,695 metr çuňlukda “mawy ýangyjyň” we nebitiň senagat akymy alyndy.

Deslapky maglumatlara görä, guýynyň önümliligi gije-gündiziň dowamynda 120 müň kub metr tebigy gaza we 125 tonna nebite barabardyr.Amyderýanyň kenar ýakasynda, Merkezi Garagumda, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňizýaka zolakda geljegi uly nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.

Häzirki wagtda bilermenler Hazar deňziniň türkmen böleginiň gorlaryny 12,1 milliard tonna nebit we kondensat hem-de 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde baha berýärler.Bu ýerde Magtymguly, Diýarbekir hem-de Garagol Deňiz ýaly ýataklary tejribe-senagat taýdan ulanmaga bermäge taýýar edildi.

Umuman, Türkmenistanyň çäginde iki ýüze golaý ýatak açyldy, nebite we gaza baý bolan düzümleriň ýüzlerçesi çuňňur burawlamaga taýýar edildi. Ýurdumyzyň merkezi we demirgazyk etraplarynyň gadymy gatlaklarynyň nebit we gaz önümliligini öwrenmek işleri başlanýar.

Türkmenistanyň Günorta — Günbatar böleginiň uly çuňlukda ýerleşen serişdelerini gözlemek we barlamak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyz çig maly ibermek bilen çäklenmän, özüniň ýangyç-energetika toplumyny uglewodorod serişdelerini gaýtadan çuňňur işlemäge hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply we ýokary goşmaça bahaly önümleri çykarmaga ugrukdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmäge ugur aldyk. Şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda uly işler amala aşyrylýar.Mysal üçin, Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawod guruldy.Bu iri kärhanany şu ýylyň tomsunda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen zawodda her ýyl tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar.

Owadandepede sintetiki benzin öndürýän ýene-de bir zawody gurmak meýilleşdirilýär.Daşary ýurtly maýadarlar bu taslama gatnaşmaga eýýäm taýýardyklaryny beýan etdiler.Türkmen gazhimiýa pudagynyň beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bu taslamanyň artykmaçlygy arzan we ägirt uly ýerli çig maldan köp önüm öndürmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda nebit koksundan grafiti senagat taýdan öndürmegiň mümkinçiligi öwrenildi.

Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri hem polimerleri öndürýän iri önümçilikleri döretmek bilen baglanyşyklydyr.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekden alynýan ugurdaş gazdan polipropilen öndürýän desganyň gurulmagy bilen bu işiň başy başlandy.

Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag we beýleki düzümiň bolmagy Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň iri gazhimiýa toplumynyň ýerleşjek ýeri hökmünde seçilip alynmagyny şertlendirdi.Bu toplum 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi.

Täze toplumyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge we şunuň hasabyna ýokary dykyzlykly polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny we beýleki gymmatly önümleri öndürmäge hem-de 4,5 milliard kub metr harytlyk gazy almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Gyýanly şäherçesinde ýylda pes dykyzlykly polietileniň 200 müň tonnasyny, polipropileniň 390 müň tonnasyny, poliwinilhloridiň 100 müň tonnasyny, suwuk hloryň 10 müň tonnasyny, kaustiki sodanyň 82 müň tonnasyny hem-de duz kislotasynyň 10 müň tonnasyny öndürmek üçin niýetlenen ýene-de bir gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde tebigy gazyň 1,5 milliard kub metri hem-de 117 müň tonna harytlyk duzy gaýtadan işleniler.

Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we suwuklandyrylan gazy çykarýan desganyň durkuny täzelemek hem-de şonuň binýadynda ýylda butadiýen — stirol kauçugyň 60 müň tonnasyny we polistirolyň 25 müň tonnasyny öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Munuň özi Türkmengaz döwlet konserniniň ýakyn 10 ýylda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän taslamalarynyň diňe bir bölegidir.Bilermenleriň pikirine görä, ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli A-95 benzinine hem-de dizel ýangyjyna isleg iki esse artar. Şonuň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.

Munuň özi önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, polistiron we kauçuk almak üçin zerur bolan benzoly öndürmäge niýetlenen desganyň tehniki-ykdysady taýdan maksada laýyklygy öwrenilýär.Benzoly dikeltmek boýunça zawodlaryň gurulmagy türkmen nebithimiýaçylaryna ýurdumyzy Euro-5 standartlaryna laýyk gelýän öz benzinimiz bilen üpjün etmäge, ýokary hilli sintetiki ýaglaryň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ýakyn wagtda Türkmenistanda ýene-de birnäçe taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Olar nebithimiýa önümleriniň, şol sanda pes dykyzlykly polietileniň, polipropileniň, poliwinilasetatyň, poliwinilhloridiň, metanolyň, suwuk hloryň, natriý sulfatynyň we beýlekileriň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ornaşdyrmagynyň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hil taýdan özgerdýär.

Nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.Munuň özi bolsa ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika meselelerini ählumumy we sebit derejelerinde Durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşdyrýar.Ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmesi hökmünde tebigy gazyň ähmiýeti has artýar.Dünýä howanyň üýtgemegine garşy Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmek üçin kömürturşy gazynyň zyňylmagyny düýpli azaltmalydyr.

Munuň özi ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşlerini ulanmakdan doly el çekmegi aňlatmaýar, çünki dünýäniň ýurtlary energiýanyň uly möçberine mätäçdir.Ekologiýa talaplary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň özgerdilmegini kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn geljekde dünýä möçberinde zyňyndylary azaltmaga uly goşant goşmak tebigy gazyň ähmiýetini ýokarlandyrmagy dowam etmek bilen baglydyr, çünki gaz ýakylanda nebitiň we kömrüň ýakylandakysyndan has az möçberde zyýanly serişdeler atmosfera bölünip çykýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
Halkara nebit-gaz forumyny geçirer
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 (OGT — 2020) Halkara maslahatynyň birinji güni tamamlandy
21.04.2019 | Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý
01.05.2019 | Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý