Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler, onda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň iri jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüljek bu gurultaýyň ähmiýeti bellenilýär.
Milli Liderimiz öz Gutlagynda häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde çalt depginler bilen ösýändigini, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly goşant goşýandygyny, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýandygyny belledi.
Gazanylýan üstünliklerde, ýetilen sepgitlerde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik güýçleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarynyň, işjeňleriniň mynasyp goşandy bar. “Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň hemişe bagtyýar hem-de eşretli durmuşda bolelin ýaşamagy, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Döwlet adam üçindir!diýen ýörelge esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýan döwlet syýasatymyz ildeşlerimizde mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgini, beýik buýsanjyny ösdürýär.Hut şu nukdaýnazardan, Demokratik partiýa beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, durmuşyň ähli ugurlarynda demokratiýany ýaýbaňlandyrmaga we şonuň esasynda bolsa, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşmalydyr” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.
Soňra gurultaýa gatnaşyjylar hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler hem-de ýakyn geljek üçin Demokratik partiýanyň işiniň esasy ugruny ara alyp maslahatlaşdylar.Bu meselä bagyşlanan hasabat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Kasymguly Babaýew çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň yglan edilmeginiň yz ýanynda döredilen Demokratik partiýa işjeň jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrüldi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.Bu iri jemgyýetçilik guramasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri möçberli özgertmelere işjeň gatnaşyp, öz partiýa agzalarynyň ýokary düşünjeliligini hem-de täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm maksatlara we wezipelere aýdyň göz ýetirýändigini äşgär edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakynda” Kanuna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz işini amala aşyrýan partiýanyň agzalarynyň sany yzygiderli artýar.Häzirki wagtda ýurdumyzda 57 partiýa komiteti, şol sanda 5 welaýat, 12 şäher hem-de 45 etrap, şeýle hem ilkinji partiýa guramalarynyň 6 müňe golaýy hereket edýär.
Olar raýatlaryň 211 müňden gowragyny özünde birleşdirýär. Şeýlelikde, VII gurultaýynyň geçirilen wagtyndan bäri partiýa agzalarynyň sany 23 müň adamdan gowrak köpeldi.Partiýanyň hatarlarynda köp sanly ýaşlaryň bolmagy aýratyn buýsançlydyr.
Partiýanyň agzalarynyň 100 müňden gowragynyň zenanlar bolmagy örän möhüm hem-de ýörite bellenilmegine mynasyp ýagdaýdyr, munuň özi milli ýörelgeleriň hem-de däp-dessurlaryň wagyz edilmegi boýunça jemgyýetçilik-syýasy işleri has netijeli guramaga, medeniýeti we sungaty ösdürmäge, ýaş nesli maşgala gymmatlyklary esasynda terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly ylmy-pelsepewi eserleri ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitaby türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni gazananlaryna ägirt uly goşandyny beýan edip, olaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.Türkmenleriň durmuş ýörelgeleri, milletimiziň gymmatly taryhy-medeni mirasy — munuň özi jemgyýetiň birleşmegine, agzybirligine we jebisligine ýardam berýän, adamlarda ynsanperwer we watançylyk häsiýetlerini terbiýeleýän ruhy güýçdür.
Türkmen halky tarapyndan geçilen taryhy ýol häzirki zaman türkmen döwletiniň demokratik hem-de hukuk esaslarynyň kämilleşmeginde we berkemeginde kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de baştutanlygy astynda ýaýbaňlandyrylan düýpli demokratik özgertmeleriň okgunly häsiýete eýe bolýandygynyň we üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine ilkinji gezek ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsi hem gatnaşdy.Parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň hatarynda Demokratik partiýanyň wekilleriniň 3257-siniň bolmagy buýsançly ýagdaýdyr, olar syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk şertlerinde saýlawçylaryň ynamyny gazanmagy başardylar.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň abadan, parahatçylykly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, adamlaryň döredijilikli zähmeti üçin mümkinçilikleri döretmekden, raýatlyk hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.
Bu syýasatyň özeni “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapdy.Häzirki wagtda ýurdumyzyň innowasion esasda toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011— 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy”, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Soňra gurultaýyň gün tertibiniň — esasy bölümleri boýunça Demokratik partiýanyň agzalary — guramanyň işjeňleri çykyş etdiler.Olaryň hatarynda professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy N.Suwhanow, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy D.Gurbanow, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ussasy B.Aşyrow, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy G.Ahmedowa, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Burunow, Demokratik partiýanyň Döwletli etrap komitetiniň jogapkär işgäri Ş.Huseýinowa, Mary welaýatynyň Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni A.Hotjyýew we beýlekiler bar.
Maslahata gatnaşyjylar ýakyn geljekde öňde durýan işleriň üstünde durup geçip, ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmelere işjeň türkmenistanlylaryň täze neslini giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ornuny bellediler.
Ilatyň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli güýçlerini, gujur-gaýratlaryny we tejribelerini gönükdirmäge taýýardygy beýan edildi. Çykyşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň çykyşyny goldamak hakyndaky kararyň taslamalary sese goýulýar hem-de biragyzdan kabul edilýär.
Soňra K.G.Babaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine Ata Serdarow saýlanyldy.Gurultaýyň barşynda şeýle hem birnäçe beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.Onda gurultaýa gatnaşyjylar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge ähli tagallalaryny, gujur-gaýratlaryny we tejribelerini gönükdirjekdigini ynandyrdylar.