01.11.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi, ol garalýan döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işler, işgärler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, häzirki zamanyň ählumumy wehimleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak meselelerini MHM-niň işiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimiz geljekde hem goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berer diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

IIM-ne durnuklylygy üpjün etmekde, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda uly orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylyk edýän edaralaryndaky işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Paýtagtymyzda hem, sebitlerde hem ulag hereketini kadalaşdyrmak boýunça talabalaýyk çäreler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew goşun bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işler, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Harby gulluga raýatlaryň güýzki çagyrylyşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda alnyp barylýan çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň harby hem-de ýörite tehnikanyň döwrebap görnüşleri bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagynyň milli goranyş ulgamynda möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ugurdaş okuw mekdeplerinde syýasy-terbiýeçilik, bilim, ylmy-tehniki işiň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän edarasy tarapyndan şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we raýat işlerine hem-de kazyýet talapnamalaryna garalanda, kanunyň rüstemligini üpjün etmek boýunça geçirilen anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy bu ulgamyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, her bir işe garalanda türkmenistanlylaryň hukugynyň we azatlygynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Kazyýet işleri häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp hem-de halkara hukugyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýet mejlisleriniň ýokary hiliniň, açyklygynyň we aýanlygynyň üpjün edilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Permana gol çekdi.Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýanwar — oktýabr aýlarynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerine, ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk düzgüniniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimizde kanunlaryň berk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmakda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda hem-de jemgyýetde adalatlylygyň üpjün edilmeginde bu hukuk goraýjy düzüme uly ähmiýetli ornuň degişlidigini belledi.

Düzümiň işgärlerine kanunylygyň goragynda durmak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak hem-de hukuk gözýetimini giňeltmek we sowatlylygyny ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipe ynanyldy diýip, milli Liderimiz Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Watanymyzyň çäklerini goramak boýunça geçirilen işler, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda serhet galalarynyň binalaryny we desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmen serhetçileri Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmekde nusgalyk görelde, döwletimizde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň ygtybarly galkany bolmalydyrlar, ýurdumyzyň serhetleri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk serhedidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz serhetçileriň gulluk etmegi hem-de ýaşaýşy üçin, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda şertleriň mundan beýläk-de döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow bu edaranyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça şu ýylyň on aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere laýyklykda, bu düzümiň işiniň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nygtap, edaranyň üstüne ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň we ykdysadyýetiniň ösdürilmegine ýardam etmek, Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ulgamda kanunylygyň berjaý edilmegini gazanmak ýaly wezipeler ýüklendi diýip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhamedow täze taryhy döwrüň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de belent maksatlara ýetmek üçin ygtybarly binýat bolan kanunçylygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadynyň döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze kadalaşdyryjy namalar bilen berkidilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi, şunda kadalaşdyryjy namalary işläp düzmek işleri Mejlis we beýleki degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hukukçy-hukuk öwreniji işgärleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, hukuk ylmyny ösdürmek we geçirilýän özgertmeleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary bermegiň hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, adalat ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe düzümiň netijeli işini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa meselelerini kadalaşdyrmak boýunça döwlet edaralarynyň hem-de beýleki hukuk taraplarynyň işlerini utgaşdyrmak, bu ulgamda Türkmenistanyň milli bähbitleriniň goragyny üpjün etmek meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi.

Häzirki döwürde bu edaranyň öňünde öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak arkaly iş usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew 2018-nji ýylyň on aýynda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça degişli maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy raýatlara we döwlete maliýe taýdan zyýan ýetirýän bikanun işleriň öňüni almak boýunça bellenilen ähli çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, häzirki wagtda jenaýatçylykly işleri ýüze çykarmak we derňemek boýunça işleriň beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen hemişelik esasda hyzmatdaşlykda alnyp barylmagyny talap edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu hukuk goraýjy edaranyň işgärleriniň hünär derejesi baradaky meseläniň çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiz geljekde hem harby gullukçylaryň gulluk etmegi we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin hemişe alada eder diýip, bu meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlara berk jan saglyk we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.10.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi