Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda açylýan Russiýanyň kino günleriniň çäklerinde rus kinematografiýaçylary tarapyndan dürli ýyllarda döredilen çeper filmleriň dokuzysy görkeziler.Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýan medeni çäresiniň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine ilkinji gezek görkezilişleri soňky iki ýylyň dowamynda geçirilen häzirkizaman filmler hödürleniler.
Olaryň hatarynda Klim Şipenkonyň hakykatda bolup geçen wakalar esasynda düşüren hem-de “Iň gowy film üçin” ugur boýunça “Nika” bäsleşiginde iň gowy operatorçylyk işi üçin “Altyn bürgüt” kino baýragyna mynasyp bolan “Salýut — 7” kinodramasy bar.
Sport baradaky filmler — režissýor Oleg Trofimiň “Buz” (2018 ý.) sazly melodramasy we Danila Kozlowskiniň “Tälimçi” (2018 ý.) filmleri hem tomaşaçylaryň ünsüni çeker.Aleksandr Kasatkiniň Ýeňşiň 72 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Leningrad gabawynyň ilkinji gyşy, Newa derýasynyň kenaryndaky şäheri goranlaryň edermenlikleri hakynda gürrüň berýän “Bahardan ozal üç gün” atly filmi hem görkeziler. Şeýle hem tomaşaçylara Ilýa Sewerowyň “Öz islegiň boýunça aýrylyşmak” (2015 ý.) gülküli filmi, bu ugur boýunça Kseniýa Baskakowanyň düşüren “Guşjagaz” (2017 ý.) sazly filmi gyzykly bolsa gerek. “Mosfilm” Karen Şahnazarowyň eseri boýunça döredilen hem-de şu ýyl 90 ýaşy dolýan belli artist Alekseý Batalowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan “Hat gatnadyjy” (1986 ý.) filmini, Mihail Kolotozowyň 1958-nji ýylda Kann halkara festiwalynyň “Altyn palma şahajygy” baş baýragyna mynasyp bolan “Durnalar uçýar” atly meşhur filmini hödürleýär.
Belli russiýaly aktýorlar tarapyndan janlandyrylan kino gahrymanlarynyň ýatda galyjy keşpleri dürli ýaşdaky kino sungatyny söýüjilere hakyky lezzet paýlar.Kino tomaşa etmegi halaýan körpeler hem ünssüz galmaz, olar üçin mundan ýarym asyr ozal Korneý Çukowskiniň eserleriniň äheňleri boýunça Rolan Bykow tarapyndan döredilen “Aýbolit — 66” sazly çeper filmi görkeziler.
Medeni çäräniň açylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, kino sungaty medeni gymmatlyklary ýaýradyjy täsirli gurallaryň biri, özara düşünişmegiň we ylalaşygyň möhüm serişdesi bolup durýar.Ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrýar.
Russiýanyň Türkmenistandaky kino günleriniň çäklerinde şu gün “Aşgabat” kinoteatrynda režissýor, teatr we kino aktýory Aleksandr Týutin bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.Ol žurnalistleriň hem-de A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumy bilim berýän mekdebiň diwar gazetiniň körpe habarçylarynyň sowallaryna jogap bermek bilen Russiýanyň teatrynyň, kinosynyň ösüşi, öz meýilnamalary hem-de beýleki köpçüligi tolgundyrýan meseleler barada gürrüň berdi.
Russiýanyň kinofilmlerini görkezmek indi däbe öwrüldi.Türkmen kino sungatyny söýüjiler Aşgabatda geçirilen Russiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde meşhur rus kinorežissýory we aktýory Stanislaw Goworuhiniň “Kino: açyk hereketler” atly kinofestiwalyň çäklerinde Aşgabatda görkezilen soňky döreden kinolaryna tomaşa etmäge, meşhur kinoaktýorlar — Russiýanyň halk artistleri Weniamin Smehow, Natalýa Bondarçuk we Aleksandr Goloborodko bilen duşuşmaga mümkinçilik aldylar. Ýurdumyzda “Mosfilmiň” günleri hem uly üstünlik bilen geçirildi.
Russiýanyň iň meşhur kinostudiýalarynyň birinde surata düşürilen kinofilmler bilen “Mosfilm” kinokonserniniň baş direktory, belli kinorežissýor, Russiýanyň halk artisti Karen Şahnazarowyň özi, şeýle hem belli rus kinematografiýaçylary türkmen tomaşaçylaryny tanyşdyrdylar.
Bu çäreleriň ählisi iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamydyr, ol häzirki wagtda iki döwletiň ösüşine hereketlendiriji kuwwatly şert bolup durýar.Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde we “Aşgabat” kinoteatrynda filmlere 4-nji noýabra çenli tomaşa edip bilerler. Şeýle çäreler şu döwürde Türkmenabat we Mary şäherlerinde hem geçiriler.