01.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň nobatdan daşary göçme mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamasynyň hem-de Balkan welaýatyny ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa söz berdi.Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda şeýle hem welaýatyň çägindäki önümçilik desgalaryndaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz täze deňiz portunda hem-de gaz-himiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtady.

Munuň özi senagat kärhanalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmelidir.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda häzir ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini nazara almak bilen, amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini belledi.

Munuň özi sebitde durnukly ösüşi — halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmegi, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy berkitmegi, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy üpjün edýär.Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe, peýdaly innowasion işleri alyşmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň amala aşyrylmagy biziň ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň täze sepgidine çykaryp, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna giňden goşulmaga, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip belledi.

Dürli ugurlaryň ulanylmagy awtoulagyň sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlamaga, haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berip, ýolagçy gatnawlaryny deňiz ýoly arkaly artdyrmaga ýardam eder, Awaza milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge oňaýly täsirini ýetirer.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda DIM tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2 — 3-nji maýda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek iri möçberli çäreler barada hasabat berildi. Şol çäreleriň hatarynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze üstünliklere tarap ýol” atly halkara forum, iň döwrebap halkara deňiz portunyň açylyşy bar. Şular bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX mejlisini geçirmek meýilleşdirildi.

Milli Liderimiz häzir täze hilde gaýtadan dikeldilýän, ençeme asyrlar mundan ozal çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag we logistika halkasy hökmünde öz tutýan ornuny yzygiderli berkidýändigini belläp, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew häzirki döwürde Balkan welaýatynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň gurluşyk ulgamynda we energetika pudagynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.Esasy awtomobil ýollarynyň we köprüleriň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden Awaza milli syýahatçylyk zolagyna barýan umumy uzynlygy 20,4 kilometr bolan ýoluň, 3 müň orunlyk awtoduralgadan Balykçy heýkeline çenli hem-de bu heýkelden Halkara deňiz portuna çenli köçeleriň durkuny täzelemek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde täze ýollaryň gurulmagy hem-de bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Ýol gurluşygynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen bir hatarda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek meseleleri oýlanyşykly amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenbaşy şäheri halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezine, halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda onuň eýeleýän orny artýar, aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi bolsa täze, giň gerimli wezipeleri şertlendirýär.

Olaryň netijeli çözülmegi köp babatda özgertmeleriň we umumymilli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Balkan welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berip, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek hem-de ýakynlaşyp gelýän galla oragyna däne ýygyjy kombaýnlary, awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary, elewatorlary we ammarlary taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli ýolbaşçylardan welaýatyň oba hojalygynda pudakda bellenilen önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi talap etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaýyň, miwe we gök önümleriň bereketli hasylyny almak maksady bilen, ýazky oba hojalyk işlerini hem-de degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, pudaga degişli ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de täze netijeli tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini maksadalaýyk artdyrmak üçin hemme şertleri döretmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de daýhanlaryň halal zähmet çekmegi bilen, olaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam berjek höweslendirmelere degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Balkan welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilen taryhy ähmiýetli wakalaryň, guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasy we welaýatyň medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de häzirki zaman ýagdaýlary nazara alyp, milli medeniýeti hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çeper döredijiligi ösdürmegiň, onuň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda mundan beýläk maksada gönükdirilen çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Ählihalk baýramçylyk we şanly wakalar mynasybetli Balkan welaýatynda geçirilýän çäreleriň ählisi döredijilik ruhuny, täze taryhy eýýamyň gazananlaryny we üstünliklerini beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere degişli anyk tabşyryklary berdi. Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow Balkan welaýatynyň senagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler, welaýatda gurulýan himiýa pudagynyň desgalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça giň möçberli wezipeleri belläp, bu ugurda ýerli çig mal serişdeleriniň has giňden peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtady.Degişli pudaklaryň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen bir hatarda milli ykdysadyýetimiziň bu strategik taýdan möhüm böleginiň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy onuň girdejililigini we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen şertlendirilendir we tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanandyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berildi.Ol Balkan welaýatynyň çäginde hereket edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler hem-de bu ulgamda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän täze taslamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň energetika strategiýasynyň ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin ägirt uly tebigy serişdeleriň, nebitgaz pudagynyň ylmy-tehniki kuwwatynyň has netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işleýji pudaklarda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly depgin bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän nebit we gazhimiýa önümlerini daşary ýurtly sarp edijilere ibermek üçin Halkara deňiz portunyň ýöriteleşdirilen täze terminallarynyň hem-de ammarlarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak maksady bilen, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Balkan welaýatynda gurulýan desgalaryň maliýeleşdirilişi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Balkan welaýatynda Prezident maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän tagallalar, olary berjaý etmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetini has-da pugtalandyrmak, ýakyn geljekde halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi.

Dürli pudaklaryň maliýe ýagdaýy esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu babatda edilen hyzmatlar üçin buýrujylar bilen potratçylaryň arasyndaky özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmek baradaky meseleler baş talaplaryň biri bolmagynda galýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky we Balkan welaýatynyň beýleki ýerlerindäki çagalar sagaldyş merkezleriniň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hazaryň kenarynda şypahana ulgamynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygy, olarda ýola goýulýan hyzmatlaryň derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň durmuş ulgamynyň üpjünçilik meseleleriniň ýokary derejede bolmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň ähli düzümleriniň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Awazadaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz olardaky hyzmatlaryň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
19.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelere we öňde durýan çärelere taýýarlyk işlerine seredildi
28.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
20.11.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady taýdan ösmegiň strategiýasyny amala aşyrmak meselesine seredildi