Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Mejlisde Ýaragly Güýçleriň dürli bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ý.Berdiýew garalýan döwürde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga we Milli goşunyň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde durmuşa geçirilýän anyk çäreler, şeýle hem Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ýurdumyzyň parahat we asuda durmuşynyň doly kepili bolup hyzmat edýändigini, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, halkara derejede öňdebaryjy orunlara çykarmak üçin hemme şertleri döredýändigini nygtady.
Milli Liderimiz Ýaragly Güýçleri iň täze ýörite tehnikalar bilen enjamlaşdyrmagy hem-de serkerdeleriň we esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmegi esasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtap, goranmak ministrine birnäçe görkezmeleri berdi.Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda taryhyň giňden, düýpli we köptaraply öwrenilmegine uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň baý geçmişli taryhynda ýitmejek yz goýan türkmen serkerdeleri, meşhur şahsyýetleri örän köp.Olaryň bitiren işleri taryhyň gatlaryna ýazyldy, goýan öwüt-ündewleri bolsa bahasyz gymmatlykdyr.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýaş esgerlere terbiýeçilik çärelerini guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar-fewral aýlarynda düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hereketini düzgünleşdirmek boýunça alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde IIM-niň işgärleriniň öňünde kanunylygy we düzgün-tertibi berkitmek, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny goramak boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, içeri işler edaralarynyň dürli bölümleriniň işgärleriniň her biriniň hemmeler üçin halallygyň, watançylygyň, işine ussatlygynyň hem-de belent abraýyň nusgasy bolmalydygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz geçirilýän işleriň netijeli bolmagy üçin ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.Soňra çykyş eden Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goramak boýunça iki aýda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, döwlet serhediniň goralmagyny üpjün etmek, gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany däp bolan dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan ähli goňşy ýurtlar bilen ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny saklamak boýunça serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenen aýratyn jogapkärçilige ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna şu ugurlar boýunça işleri dowam etmek, merdana Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns bermek tabşyryldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow polkownik B.Gündogdyýewe general-maýor harby ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.Mejlisiň dowamynda Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew şu ýylyň iki aýynda milli kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň Türkmenistanyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň belent maksatlaryna hem-de wezipelere tutuşlygyna laýyk gelmelidigini belledi. Şol syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri her bir raýatyň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi talap edip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.Soňra Baş prokuror B.Atdaýew 2018-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýurdumyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň takyk berjaý edilmegi babatda geçirilen barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz özbaşdak döwletimiziň bähbitlerini ileri tutup hem-de raýatlaryň hukuklaryny gorap, konstitusion gurluşyň goragynda durmagyň, halkymyzyň asuda durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi, mähriban Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin hemme şertleriň döredilmegine ýardam bermegiň bu edaranyň işgärleriniň esasy wezipeleridigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalaty üpjün etmegiň hem-de demokratiýany dabaralandyrmagyň bähbidine hukuk düzgün bozulmalaryň we jenaýatçylygyň garşysyna aýgytly hem-de barlyşyksyz göreş alnyp barylmalydyr diýip aýtdy hem-de Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ministrligiň işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz esasy ugurlaryň hatarynda MHM-iň düzüm bölümleriniň işlerini kämilleşdirmek, şahsy düzümiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak wezipeleriniň durýandygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ykdysady aragatnaşyklarynyň giňeldilmegi hem-de Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi gümrük serhedinden geçýän harytlaryň möçberleriniň artmagyna ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýerlerdäki barlag-geçiriş bölümleriniň mümkinçiligini has doly derejede peýdalanylmagyna, edaranyň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna ilkinji derejede üns berilmelidigini belläp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy podpolkownik A.Osmanowa polkownik harby ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçysy M.Çakyýew korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň başyndan bäri alnyp barlan anyk işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda işleriň halkara hukugynyň hem-de milli kanunçylygyň kadalaryna pugta laýyklykda alnyp barylmalydygyny aýdyp, bu ýaramaz ýagdaýlaryň döremeginiň sebäplerini we şertlerini düýpgöter aradan aýyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Milli Liderimiz bu ulgam üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplumlaýyn we yzygiderlilik esasda täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek boýunça teklipleri taýýarlamagyň çäklerinde hereket edýän kanunçylyga gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz öz hukuklaryny we borçlaryny takyk bilmegi üçin ilata güýje girýän kanunlary düşündirmek işinde täze usullaryň peýdalanylmagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow geçen iki aýda edaranyň düzüm bölümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda okgunly ösýän Türkmenistana, onuň baý taryhyna we medeni mirasyna ýokary gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlularyň sanynyň barha artýandygyny aýdyp, gullugyň gönüden-göni borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň netijelerini jemläp, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň dünýäniň döwletleri bilen, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýup, saýlap alan ýoluna ynamly eýermegini dowam edýändigini nygtady.
Häzirki döwürde türkmen halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine, milli howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de goşunyň goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnama yzygiderli durmuşa geçirilýär.Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap üstünlikli öňe ilerlemegiň aýrylmaz şerti bolan parahatçylygy, asudalygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisde şeýle hem birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ählisine olaryň möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.