01.02.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.

Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Wise-premýer 2018-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda ýokary görkezijileriň gazanylandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň jemleri boýunça 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5 göterim artdy.Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabat döwründe gazanan netijeleri barada habar berildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy.Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40,3 milliard manada deň boldy. Şolaryň 63,7 göterimi önümçilik hem-de 36,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň çäklerinde geçen ýylda durmuşa geçirilen taslamalar barada hasabat berip, dürli desgalaryň gurlandygyny aýtdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary bilen baglylykda şolaryň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl eksporta niýetlenen we importuň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň mukdary 10,2 göterim ýokarlandy.

Döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň mukdary 20,4 göterim artdy. Şeýle hem bank hyzmatlaryny amala aşyrmagyň elektron düzümini döretmegiň çäklerinde görlen çäreler barada hasabat berildi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, umuman, geçen ýylyň görkezijileriniň tutuş ýurdumyz boýunça alnanda erbet bolmandygyny nygtady. Ýöne, heniz üstünde işlemeli, şol sanda çözülmedik köp sanly meseleler we ulanylman duran mümkinçilikler hem bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň gözegçilik edýän maliýe we ykdysadyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine hem-de kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem bank ulgamynyň işini işjeňleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.Degişli maksatnamalarda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalaryň örän möhümdigini belläp, şolaryň ýerine ýetirilmegi üçin aýratyn talap ediljekdigini ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamanyň taslamasy Halk Maslahatynda makullanyldy hem-de oňa dürli derejelerde birnäçe gezek seredildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyndan, täze ölçeglerden ugur alnyp, onuň üsti ýetirildi.

Ykdysadyýetimiziň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Hökümet tarapyndan teklip edilýän nusgasy esasy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şolaryň her biri barada jikme-jik durup geçdi.

Birinjiden, senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak göz öňünde tutulýar.Bu bolsa ylmy-tehniki derejesi we goşulan bahasy pes bolan senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge geçmegi aňladýar.

Ikinjiden, hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar. Üçünjiden, kärhanalary üýtgedip guramagy öz içine alýar.Munuň üçin dolandyryş we önümçilik babatda dünýäde gazanylan iň täze ylmy we tehnologik üstünlikleri ulanmak meýilleşdirilýär. Şoňa laýyklykda, dolandyryş ulgamy hem özgerdiler.

Sebäbi sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip guramak ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolup durýar.Dördünjiden, maksatnama marketing strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýar.Umumylaşmak we halkara derejesinde goşulyşmak kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýar.

Olara öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biz önümleri we eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyryp, harytlaryň birnäçe bazara bagly bolmagyny çäklendireris diýip, sözüni dowam etdi. Şol bir wagtda bolsa, içerki bazary, aýratyn-da, oba ýerlerinde ösdürmegi höweslendireris.

Umuman, döwlet çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt firmalarynyň maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.Maýa goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenilýär.

Elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklary ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülmeli esasy ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk we sanly bilim ulgamy biziň ileri tutýan maksatlarymyz bolar.

Döwletimizi sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen şu ugurlar boýunça biz eýýäm işe başladyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, nesip bolsa, ata Watanymyz oba hojalyk ülkesi bolanlygyndan senagat taýdan ösen ýurda öwrüler.

Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy has gowulanar.Bu bolsa biziň esasy maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Myradowy Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär edip belledi.

Soňra milli Liderimiz D.Gulmyradowy Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine G.Nurmuhammedowy belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça görkezijiler, ýetilen sepgitler, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde gazanylan netijeler, mawy ýangyjy eksport etmegiň möçberleri barada habar berildi.

Hususan-da, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim berjaý edildi. 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 100,5 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 102,1 göterime deň bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklar berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebap derejä çykarmaga gönükdirilen taslamalary ýerine ýetirmek boýunça işler dowam etdirilmelidir, şol sanda täze nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmek işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz şunda türkmen energiýa serişdelerini täze turba geçirijiler arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny gazanmak boýunça işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş sebit üçin möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Meredowy Lebap welaýaty boýunça jogapkär edip bellemek baradaky çözgüdini beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän toplumynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin M.Meredowa berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat we kommunikasiýa toplumynyň işine gözegçilik etmegi M.Çakyýewe tabşyrmak barada karara gelendigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna, senagat we kommunikasiýa ulgamy pudaklaýyn dolandyryş edaralary hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnamany 108,7 göterim berjaý etdiler, şunda ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügi öndürmegiň ösüşi 115,9 göterime, nah matalaryň öndürilişi 118,8 göterime, çig ýüpek öndürmekde ösüş 123,1 göterime, tikin we örme önümçiliginde ösüş 138,9 göterime deň boldy.

Haly we haly önümçiligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda tabşyryk 134,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda dokma toplumlarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär.

Hasabat döwründe Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat ulgamynda gurnama demir-beton önümçiliginde ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit önümçiliginde 100,1 göterim üpjün edildi, aýnalaryň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 122,5 göterim berjaý edildi.Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly ýük-ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini degişlilikde 103,5 göterime we 101,7 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 199 müň telefon nokady gurnaldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Konstitusiýamyza laýyklykda, biz ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar gatnaşyklaryna geçirmeli.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu maksat bilen, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirdik diýip nygtady.Biz Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretdik.Bu ministrlik bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag akymlaryny guramak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda döwlet syýasatyny kesgitlär.

Dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder. Şoňa görä-de, bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar hususylaşdyrylýar we paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär.Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz M.Çakyýewe senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine T.Dürhanowy bellemek barada karara gelendigini habar berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa işinde üstünlikler arzuw edip, öz orunbasary wezipelerine mynasyp adamlary saýlap, olary wezipä bellemek üçin ýakyn günlerde teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz R.Rejepowy dokma senagaty ministri wezipesine belläp, ministriň orunbasary O.Işangulyýewany ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak barada degişli resminamalara gol çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk we energetika toplumynda, jemagat hojalygy pudagynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de 2019-njy ýylda binalary we desgalary ulanmaga bermek boýunça maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, 107,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 108,9 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň giňişleýin maksatnamasyna seredilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary depginde ösdürmek üçin täze maksatlaryň we wezipeleriň öňde goýlandygyny belläp, şolary ýerine ýetirmekde häzirki zaman tehnikalarynyň we iň täze tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny, işleriň innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň senagat we durmuş maksatly desgalary, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda gurulmaly desgalary, hususan-da, şolaryň gurluşygynyň hiline degişli meseleleri aýratyn gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine 2019-njy ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 249 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 374 şertnama hasaba alyndy.Umumy girdejiniň möçberi 23,4 göterim artdy.Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,7 göterim ýokarlandy, girdejiler 54,2 göterim, jemi peýda 107,3 göterim artdy. 2018-nji ýylyň dowamynda sergileriň 24-si we maslahatlaryň 26-sy geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi.Telekeçiligi ösdürmekde berilýän goldawyň netijesinde, hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport edýän azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, söwda pudagynyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmegi işjeň alyp barmagyň wajypdygyny belledi.Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we iri dükanlaryň gurluşygyny dowam etmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu ýyl telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak işi, ozalkysy ýaly, ony ösdürmegi höweslendirmegiň giň möçberli çärelerini we usullaryny öz içine alar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biz telekeçilere ýakynda diňe Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak üçin iki milliard üç ýüz million amerikan dollaryny berdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şeýle goldawyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady hem-de telekeçilerimiziň bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine we ýokary tizlikli awtomobil ýoluny ýokary hilli gurjakdyklaryna ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 12 ýyllyk orta bilim okuw meýilnamasyna geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, okuw meýilnamasy kämilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron maglumat goruny döretmek boýunça zerur işler geçirildi we maslahatlar guraldy.

Häzirki döwürde ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi ylym ulgamyna birikdirmek işlerine badalga berildi. 2018-nji ýylda 200 görnüşli okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi.Hasabat döwründe mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 99 medala, şol sanda 25 altyn, 16 kümüş we 58 bürünç medala mynasyp boldular. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders bäsleşiklerinde 49 medala, şol sanda 9 altyn, 18 kümüş, 22 bürünç medala we dürli derejeli diplomlaryň 17-sine mynasyp boldular.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ony önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlarda iş we okuw sapaklarynda boldular. 2018-nji ýylda aspirantura we doktorantura 41 adam kabul edildi.

Ylymlaryň kandidatlary we ylymlaryň doktorlary alymlyk derejelerine dalaşgärlige 24 adam hasaba alyndy. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek dowam edýär.Milli lukmançylyk ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy täzeçil bejeriş-anyklaýyş usullaryny ornaşdyrmak, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, lukmançylyk ulgamyna sanly tehnologiýany, şol sanda elektron resmi dolanyşygyny we telelukmançylygy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler geçirildi.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň mukdarynyň ösüş depgini 140 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we alnan girdejiniň möçberi 119 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 122 göterime deň boldy.

Türkmen sportuny ösdürmek boýunça hem ägirt uly işler alnyp baryldy.Diýarymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Amul — Hazar 2018 halkara awtoralli we Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Türkmen türgenleri 2018-nji ýylda halkara ýaryşlarynyň 111-sine, dünýä çempionatlarynyň 22-sine gatnaşyp, 44 medal, Aziýa çempionatlarynyň hem-de paralimpiýa Aziýa oýunlarynyň 31-sine gatnaşyp, 74 medal, dürli halkara ýaryşlarynyň 58-sine gatnaşyp, 142 medal gazandylar. Şunlukda, jemi 260 medala, şol sanda 85 altyn, 69 kümüş we 106 bürünç medallara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda netijeli maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini hem-de täze lukmançylyk merkezleriniň, institutlaryň, mekdepleriň, sport desgalarynyň ulanylmaga berilmeginiň hasabyna onuň ýyl-ýyldan berkidilýändigini we giňeldilýändigini aýdyp, ylmy edaralaryň hem-de institutlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýakynda geçirilen düzümleýin özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz indi guramaçylyk işlerini çaltrak tamamlap, bu ugurda zerur işlere girişilmelidigini belledi hem-de öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýany ulanmak arkaly bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işleri baradaky hasabatynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan giň gerimli halkara çäreleriň köp sanlysyny mysal getirdi.Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri ähli welaýatlardaky taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işlerini geçirdiler.

Hasabatyň çäklerinde, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geçen ýylda alyp baran işleri, olaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada-da habar berildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi.Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2018-nji ýylyň meýilnamasy 132,1 göterim ýerine ýetirildi.Aşgabatda Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi, onuň çäklerinde birnäçe beýleki çäreler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlar boýunça berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri has içgin we giňden beýan etmek, gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen ajaýyp sepgitleri wagyz etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda Daşary işler ministrliginiň 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işiniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyz seçip alan ugruna berk eýermek bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijeleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyza Daşary işler ministrligi arkaly dürli derejedäki wekiliýetleriň 769-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 608-si ugradyldy.Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ençemesi guraldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.Häzirki güne çenli ýurdumyz dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.Hasabat döwründe Türkmenistan halkara konwensiýalaryň 5-sine goşuldy, şunlukda, şeýle köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşyjy boldy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.Olaryň işi dürli döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary we netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugrunyň ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrandygyny aýdyp, umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberinden beýan edilen oňyn başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin maksadalaýyk işi dowam etmegi tabşyryp, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we suw diplomatiýasy ýaly möhüm ugurlara ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen hem-de Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, geçen ýyl milli parlamentiň maslahatlarynyň bäşisi geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 61-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 66-sy kabul edildi.

Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, türkmen parlamentarileri halkara çärelere hem-de maslahatlara gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin deputatlar daşary ýurt saparlaryna ugradyldy. Ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 58-si, parlamentara duşuşyklaryň 33-si hem-de okuw maslahatlarynyň 83-si geçirildi.

Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleýin edaralary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.Deputatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanyp, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, parlamentiň kabul edýän täze kanunçylyk namalarynyň hem-de durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmäge, halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowa söz berildi.Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi, bu edaranyň 2018-nji ýylda iş meýilnamasyny ýerine ýetirişi barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maliýe-ykdysady işiniň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine, ykdysadyýetiň durnuklylygyny, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet emläginiň we maddy serişdeleriň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi.Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2018-nji ýylda prokuror gözegçiliginiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijesinde düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygy we döwlet gullukçylarynyň arasynda ýaramaz hereketleriň döremeginiň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, edara-kärhanalarda düzgün bozmalaryň we jenaýatçylykly hereketleriň garşysyna iň bir aýgytly derejede çäre görüljekdigini ýene bir gezek duýdurdy.Soňra mejlis ýurdumyzyň sebitleriniň we obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berildi.Häkim welaýatda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaz ekişine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki iş gurallaryny taýýarlamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça beren tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirilýär diýip, häkim sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini artdyrmak boýunça ähli zerur işleriň alnyp barylýandygyny, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, ösdürip ýetişdirilýän gök-bakja we miwe önümleriniň möçberlerini hem-de görnüşlerini köpeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Welaýatyň çäklerinde sebit we halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy.Güýzlük bugdaý ekinlerine ösüş suwuny tutmak, agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleri bilen bir hatarda ýaz ekişine, maldarçylyk toplumlarynda bolsa owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ähli etraplarynda, şäherlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaz ekişine taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, bu işde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini, onda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna aýratyn üns berilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hasabatyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylýandygyny habar berdi.

Häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, ýeralma, gök we bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Şeýle hem oba hojalyk işleri bilen bir hatarda ilatyň durmuş üpjünçiligine gönükdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlis Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi.Häkim geçen ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, bellenilen meýilnamalaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar.

Meýdanlary we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeliligi ýokarlanýar.Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyky meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini we bu işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini tabşyrdy.

Munuň özi ähli ugurlarda bolşy ýaly, welaýatyň oba hojalygynda hem ähmiýet berilmeli wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde pagtanyň bol hasylyny öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Şol bir wagtyň özünde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň öndüriliş mukdaryny artdyrmak meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime deň boldy.Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 109,5 göterim ýerine ýetirildi. Şu günler welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda maýsalara ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar, şunuň bilen birlikde, ekin meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, sürüm we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlamak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi. Şolara laýyklykda, 2019-njy ýylda ýurdumyz boýunça jemi 1 million 372 müň 162 gektar meýdanda oba hojalyk ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Welaýatlarda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmegiň hem-de şolary öndürmegiň möçberleri kesgitlenildi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 550 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna üýtgedip guramak maksady bilen, ýaňy-ýakynda oba hojalyk toplumyny dolandyrmakda özgertmeleriň geçirilendigini belledi.Suw serişdeleri bilen üpjünçiligi we onuň peýdalanylyşyny gowulandyrmak üçin, ýörite Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi.

Bu komitet suw meselesiniň çözülmegi, oba hojalygynyň hem-de ilatyň suw üpjünçiligi bilen meşgullanar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu komitetiň başlygy wezipesine A.Ýazmyradowy bellemek barada karara gelendigini aýdyp, oňa başarnykly we mynasyp adamlary saýlap alyp, özüne orunbasar wezipelerine bellemek üçin, ýakyn wagtda hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine belläp, oňa hem mynasyp adamlary saýlap alyp, özüne orunbasar wezipelerine bellemek üçin, ýakyn günlerde hödürlemegi tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz Welaýatlar boýunça 2019-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky Karara, şonuň ýaly-da 2019-njy ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip we täze bellenen ýolbaşçylara üstünlik arzuw edip, döwlet Baştutanymyz olaryň alyp barjak işleriniň, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyna görä näçe çalt we gyssagly üýtgedip guraýşyna, mümkinçilikleri we goşmaça maýa goýumlaryny gözleýşine, önümçilik çykdajylaryny azaldyşyna, dünýä bazarlarynda öz önümleri üçin täze hyrydarlary tapyşyna bagly boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ünsüni heniz ulanylman duran köp mümkinçilikleriň bardygyna çekdi.

Ilkinji nobatda döwlet serişdelerini mundan beýläk-de hususylaşdyrmagyň, işe bolan garaýyşlary we çemeleşmeleri düýbünden üýtgetmegiň, dolandyryş ulgamyna häzirki zaman halkara standartlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna köp mümkinçilikleriň ýüze çykjakdygyny aýdyp, milli Liderimiz bu boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ähmiýetini belläp, bu resminamanyň kitapça görnüşiniň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we kitaphanalarda goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, onda 2018-nji ýylyň jemlerine baha berdi we şu ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bize geçen ýyl göz öňünde tutan ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly durmuşa geçirmek başartdy. Ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberini artdyryp, täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizdik.

Geçen ýyl jemi içerki önümiň depgini 6,2 göterim ösdi.Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan hem geçdi.Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini köpeltdik.

Bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 704 sany desgany gurup, ulanmaga berdik.Daşary syýasatda beýleki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk maksatlaryna esaslanýan daşary syýasatymyz Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam etdi.Umuman, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylyň biziň üçin üstünlikli ýyllaryň biri bolandygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň üstünliklerimiz merdana halkymyzyň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýandygy, geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýandygy netijesinde gazanyldy.Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, mähriban halkymyza, ähli ýolbaşçylara, halal zähmeti bilen döwletimiziň uly üstünlikleri gazanmagyna mynasyp goşant goşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilendigini belläp, ýolbaşçylaryň öňünde durýan esasy wezipeler barada durup geçdi.Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, milli parlamentiň esasy wezipesiniň ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýän kanunlary kabul etmek, kanunçylyk namalaryna zerur üýtgetmeleri girizmek bolup durýandygyny nygtady.

Möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň, ýerli halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň mart aýyndaky saýlawlaryny hem ýokary derejede geçirmek gerek.Sentýabr aýynda bolsa Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere deputatlar bilen geçirjek duşuşygynda has jikme-jik serediljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleriniň Garaşsyz döwletimiziň bähbitlerini goramak, dürli ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barmalydygyny nygtady. Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara duşuşyklaryň we maslahatlarynyň maksatnamalary taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi hem-de energiýa howpsuzlygy, üstaşyr geçelgeler, suw diplomatiýasy we beýleki ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynda goldanan başlangyçlarymyz bilen bagly çäreleri hem ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de welaýatlarymyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Biz içerki bazaryň eksporta baglylygyny azaltmalydyrys, sanly ykdysadyýete geçmegi hem çaltlandyrmalydyrys, bazar institutlaryny berkidip, maýa goýum syýasatymyzy işjeň alyp barmalydyrys. Şu ýyl Oba milli maksatnamasynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, geljek ýyllar üçin täze maksatnamany taýýarlamagyň üstünde hem işläp başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmegiň esasy ugurlaryň biridigini belledi.Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny emele getirmek ykdysadyýetimizi ösdürmekde örän möhümdir.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny meýilnama boýunça ýokary hilli alyp barmak üçin bellenilen çäreleri hem çalt depginler bilen amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer D.Amangeldiýewiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň we gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeleri anyklaşdyryp, şu ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň örän köp işleri öz içine alýandygyna ünsi çekdi.

Pudaga goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22 milliard manatdan hem köp bolar.Biz döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna şäher ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmelidiris. Şu ýyl täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy dünýä ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we daşary ýurt pulunyň gelip gowuşmagyny artdyrmaga bize mümkinçilik berer. Şoňa görä-de, ähli ýolbaşçylar maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrmaga ýokary jogapkärçilik bilen garamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek, oba hojalygynda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge telekeçileri giňden çekmek, eksport üçin ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamagyň zerurdygyny aýtdy. Öň hem aýdyp geçişim ýaly, ekin meýdanlaryny ekiljek ekinlere görä täzeden paýlamaly. Şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna hem pagta öndürmeli.

Geljek ýyl bolsa, bugdaýyň öndürilişini 1 million 400 müň tonna, täze guruljak dokma fabriklerini üpjün etmek we eksporta iberilýän möçberleri artdyrmak üçin pagtanyň öndürilişini hem 1 million 250 müň tonna ýetirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Maldarçylyk we gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini hem köpeltmeli.Zyýan çekýän daýhan birleşiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kärendeçilere, fermerlere, şeýle hem daýhanlara uzak möhletleýin kärendesine bermeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Suw bilen üpjünçiligi gowulandyrmak üçin, suw desgalarynda, akabalarda, howdanlarda abatlaýyş we gurluşyk işlerini geçirmeli, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde topluma degişli pudaklaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamak barada wezipeleri goýup, olaryň ählisiniň işiniň pudaklary innowasiýa esasynda durnukly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň ýokary bäsleşige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmelidigini nygtady.

Elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, bilelikdäki kärhanalary has köpeltmek zerurdyr.Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden oýlanyşykly peýdalanmak, ulgamy halkara logistika we söwda ulgamyna goşmak hem örän möhümdir.Demirgazyk — Günorta, Türkmenistan — Owganystan demir ýollaryny özleşdirmegi-de dowam etmeli.

Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglaryny täzelemeli.Täze demir ýol we howa menzillerini gurup, hereket edýänleriniň durkuny täzelemeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Söwda deňiz flotuny hem ösdürmek wajypdyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly ulanar ýaly, ýük we ýolagçy gämileri bilen flotumyzy doly üpjün etmek möhümdir.Milli Liderimiz şeýle hem sanly tehnologiýalar ulgamy üçin işgärleri taýýarlamagy ýola goýmagyň, öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmegiň, kompýuter tehnologiýalaryny, emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, interneti ornaşdyrmagy dowam etmegiň, ýene-de bir emeli hemrany älem giňişligine çykarmagyň üstünde işlemegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer P.Agamyradowa, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin, telekeçileri işjeň çekmek wajypdyr.Täze institutlar, mekdepler, mekdebe çenli edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy güýçlendirmelidir. Ýaşlarymyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde gowy bilim almagyny gazanmak biziň maksadymyzdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak, umuman, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

Ylmy ösdürmäge hem aýratyn üns bermeli.Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, ylmy barlaghanalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Milli Liderimiz ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sport ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewanyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, şu ýyl medeniýet we sungat işgärleri üçin döredijilik we hünär taýdan ösmäge giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.

Teatrlarda goýulýan oýunlaryň gerimini giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalaryny köpeltmek, oba we şäher kitaphanalaryny internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça uly işleri geçirmek zerurdyr.Oba ýerlerinde medeniýet öýlerini gurmagy dowam etmeli.

Dürli halkara medeni çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli.Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň maglumat üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmaly.Jemgyýetde bolup geçýän oňyn özgertmeleri aýdyň görkezmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu maksat bilen, Awazada ýokary derejeli myhmanhanalary, ýaşaýyş toplumlaryny gurmagy dowam etmegi, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlap, zerur hyzmat ediş ulgamy bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem ýylyň şygaryna laýyklykda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, toplumyň üpjünçilik ulgamyny döretmegi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezlerini we iri dükanlary gurmagy dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini hem gowulandyrmaly.Telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegi, ony ösdürmäge we höweslendirmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Görşüňiz ýaly, şu ýylyň maksatnamasyna laýyklykda, etmeli işlerimiz örän köp.Bu işlerde döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Şoňa görä-de, ýolbaşçylar halkymyz bilen agzybir we el-ele berip işläp, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, 2018-nji ýylyň başynda durmuş-ykdysady we medeni görkezijiler babatynda ýylyň jemleri boýunça iň gowy etraby ýa-da welaýatdaky etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp, degişli hasabaty bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.Hasabatyň dowamynda milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda bäsleşigi geçirmekde durnukly ösüşiň ähli görkezijileri esasy ugur bolup durýar.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen maglumatlary seljermek esasynda, şeýle hem bilermenleriň beren bahalary nazara alnyp, ilkibaşda her bir welaýatda iň gowy netijeleri gazanan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenildi, soňra welaýat derejesinde bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryndan 2018-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby saýlanyldy.

Ol Balkan welaýatynyň Esenguly etrabydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak bilen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekip, G.Ataýewa etraba baryp, ýeňijileri bu üstünligi bilen dabaraly ýagdaýda gutlamagy tabşyrdy .

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2019-njy ýylda şeýle bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi. Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu ýyly biz Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýip yglan etmek bilen, biziň ählimize rowana ak ýollar garaşýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, özygtyýarly Watanymyzyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi