Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Size we tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ibermäge rugsat ediň.
Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýan hoşniýetli goňşuçylygyň we özara peýdaly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde pugtalandyrylýandygy şatlykly wakadyr.Siziň ýakynda Daşkende bolan iş saparyňyzyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň işjeň duşuşyklarynyň çäklerindäki gürrüňdeşligiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny çuňňur kanagatlanma bilen nygtaýaryn. Ýokary derejede guralýan özara işjeň saparlaryň we dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly strategik hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekde hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn. Şu ajaýyp günlerde, hormatly doganym, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Täze, 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de oňyn häsiýete eýe bolup, birek-birege ynanyşmak we dostluk gatnaşyklarynyň ruhunda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size Täze ýylda berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.Hormatlamak bilen, Sooronbaý Žeenbekow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýyl mynasybetli iň gowy gutlaglarymy kabul ediň!
Harald V, Norwegiýanyň Patyşasy Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýyl mynasybetli bagt we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.Margrete II, Daniýanyň Şa zenany Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli Size we Siziň ýakynlaryňyza bagtly pursatlary arzuw edýärin. Žýuli Peýett, Kanadanyň General-gubernatory Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň.
Petsi Reddi, Täze Zelandiýanyň General-gubernatory